Nov 23, 2017 13:38 Asia/Ashgabat

bölüm,697,süre kasas,aýat 9-13

 

/////////////

 

برنامه راهی بسوی نور(697)       

Kasas süresi, 9-njy aýat:

وَقَالَتِ امْرَأَتُ فِرْعَوْنَ قُرَّتُ عَيْنٍ لِّي وَلَكَ لَا تَقْتُلُوهُ عَسَى أَن يَنفَعَنَا أَوْ نَتَّخِذَهُ وَلَداً وَهُمْ لَا يَشْعُرُونَ (9)

<< Fyrownyň başdaşy aýtdy : ( eý Fyrown! bu çaga ) men bilen seň gözümiziň göreji bolar, ony öldürmeli belkide bize peýdaly bolar, ýa-da ony özümize ogul edeli ( ogulluk alaly ) ýöne olar ( kimi eklejek bolýandyklaryny ) bilmeýärdiler.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Fyrown bilen onuň başdaşy Nil derýasynyň ýakasynda aýlanyp durkalar olaryň gözleri suwuň ýüzünde gaýyp gelýän bir sandyga düşdi , Fyrown ol sandygyň sudan alynmagyna buýruk berdi. sandygy suwdan çykaryp agyzyny açyp görseler oň içinde bir çagajyk ýatan eken. Fyrownyň permany boýunça çaga Beni Ysraýyl kowumundan bolsa ol hökman öldürilmelidi , çagany suwdan alan Fyrownyň adamlary “ol çaga Beni Ysraýylyň çagalaryndan bolmaly” diýip ony öldürjek boldular, ýöne Fyrownyň başdaşy Asiýe oňa ýüzlenip “bu çagany näme üçin öldürmeli? ol biziň içeri maşgalamyzyň ojagyny ýagtylandyryp biziň maşgalamyza bereket getirip biler, biziň hem çagamyz ýok oňa görä bu çagany ogulluk alyp ony öz çagamyz ýaly ekläp bileris we ol gelejekde seň täji – tagtyň eýesi bolar” diýip aýtdy.

Asiýanyň bu mähirli sözleri Fyrownyň pälinden gaýdypda çagany öldürmekden saklanmagyna sebäp boldy . şunlukda Musa, Fyrownyň emri bilen köşkde saklanmaly boldy. aslynda , jany howp astynda bolan Musaň ölümden halas bolup köşkde ýaşamagy Allanyň islegi we yradasy bilen bolandyr . Alla islemesedi Fyrown öz duşmanyny köşgünde saklap ony eklemezdi.

Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary:

1- bir zenan bir ymmatyň ykbalny düýpgöter üýtgedip bilýändir Fyrownyň başdaşy Asiýe hem hezreti Musany ölümden halas edip taryhyň ugruny üýtgedendir.

2- ynsanlaryň ýürekleri Allanyň elindedir we Alla islese gaty ýürek adamlaryň ýüreklerini hem muhabbet nury bilen ýagtylandyryp boşadyp biler . Fyrownyň ýüregi gatydy we Beni Ysraýylyň kowumynyň erkek çagalarynyň öldürilmegine buýruk beripdi ýöne öldürmeli çagasy bolan hezreti Musa gezek gelende ony öldürmäni eýsem öz eli bilen ony köşgünde ekläp kemala ýeterdi .

Kasas süresi, 10 we 11-nji aýatlar:

وَأَصْبَحَ فُؤَادُ أُمِّ مُوسَى فَارِغاً إِن كَادَتْ لَتُبْدِي بِهِ لَوْلَا أَن رَّبَطْنَا عَلَى قَلْبِهَا لِتَكُونَ مِنَ الْمُؤْمِنِينَ (10) وَقَالَتْ لِأُخْتِهِ قُصِّيهِ فَبَصُرَتْ بِهِ عَن جُنُبٍ وَهُمْ لَا يَشْعُرُونَ (11)

<< Musanyň enesiniň ýüregi boşap galdy, ol (biziň wadalarymyza) ynananlar-dan bolar ýaly onuň ýüregine suwuklyk bagyş etmeýärdik (syrny) paş etmegi mümkindi.// We (Musanyň enesi ) onuň aýal doganyna aýtdy : (sandygy ) yzarla , ol bolsa (sandygy ) daşdan gözläp dürdi emma ( Fyrownyň adamlary ) ondan bihabardylar.>>

Hezreti Musa (a.s)-yň enesi öz çagasyny Nil derýasyna taşlan soň ýüregi howsala döşdi, aram kararyny elden berdi şeýle ýagdaýda  onuň özi sandygyň yzna düşüp ony suwdan almak bilen syryny paş etmegi mümkindi, emma “çagany derýa taşla” diýip hezreti Musaň enesine emir eden Allanyň özi hem onuň ýüregine suwuklyk bagyş etdi we çagasyny gaýdyp berjekdigi barada beren wadasynyň dogrulygy barada oň ýüregine ynam bagyş etdi . şeýlelik bilen Musanyň enesi ynjalyk tapdy. Şonuň üçin Musanyň enesi özi çagasynyň yzyna düşüp syrny paş etmegiň dereginä gyzyny çagaň yzyndan iberdi we sandyga esewan bolmagy ondan isledi . Musaň oýasy hem Fyrownyň garawullaryndan gizlinlikde sandyga esewandy , Fyrownyň esgerleri ýaňky sandygy suwudan alanlarynda hem ýagdaýy synlap duran Musanyň oýasyndan gapyl galdylar . egerde olar Musanyň oýasyny görseler-di ol gyz-oglan bilen bu çaganyň arasynda bir baglanşygyň barlygyna göz ýetirip hemme zadyň jyk-me jygyny göz ýetirjekdiler . ýöne Allanyň islegi bilen beýle zat bolmady.

 gurhany kerimiň bu aýatlarnyň öwredýän sapaklary:

1- syryňy paş etmezlik möminleriň häsiýetlerindendir. We syryňy paş etmeklik bolsa imanyň ejizliginden bir nyşandyr.

2- ýüregiň ynjalyk tapmany we hatyr jemlik imanyň nyşanalaryndandyr .

3- Alla töwekgel etmeklik, işlerde parhsyz bolup zähmet çekmezlik manasynda däldir . Musanyň enesi Alla töwekgel etse gyzyny sandygyň yzyndan iberip ýagdaýa doly esewan bolmagyny isledi.biziň ata-babalarymyz “Alla töwekgel etseň et ýöne eşegiňi bek guşa” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar.

Kasas süresi, 12 we 13-nji aýatlar:

وَحَرَّمْنَا عَلَيْهِ الْمَرَاضِعَ مِن قَبْلُ فَقَالَتْ هَلْ أَدُلُّكُمْ عَلَى أَهْلِ بَيْتٍ يَكْفُلُونَهُ لَكُمْ وَهُمْ لَهُ نَاصِحُونَ (12) فَرَدَدْنَاهُ إِلَى أُمِّهِ كَيْ تَقَرَّ عَيْنُهَا وَلَا تَحْزَنَ وَلِتَعْلَمَ أَنَّ وَعْدَ اللَّهِ حَقٌّ وَلَكِنَّ أَكْثَرَهُمْ لَا يَعْلَمُونَ (13)

<< we biz süýt berýän zenanlaryň ( süýdüni ) oňa haram etdik . bes ( Musaň uýasy ) siz üçin ony eklejek we onuň ýagşylygyny islejek bir maşgalanyň salgysyny size bermäýinmi? diýip aýtdy.// Şeýlelikde ony (Musany) enesine gaýtaryp berdik tä oň didaryna gözi röwşen bolup gam bolmaz ýaly, we Allanyň beren wadalarynyň hakdygyny biler ýaly, ýöne olaryň köpsi oýlanmaýarlar.>>

Süýt emýän bir näçe sagatlap enesinden jyda düşse açlykdan suwsuzlykdan ynjalyksyzlanyp aglaýar. şeýle bir ýagdaýyň ýüze çykmagy bir tebigy zatdyr. Süýtden alynan çaganyň aglap durmagy bilen Fyrown oňa süýt berer ýaly bir mynasyp enekäň getirilmegine buýruk berdi. süýt emdirmek üçin köp enekä getirilse-de hezreti Musa Allanyň emri bilen olaryň hiç birisinden süýt emmedi . şeýle bir ýagdaýa gabat gelen Fyrown we onuň ýanyndaky adamlar bu dynman aglap duran çaga bilen nätjekdiklerini bilmediler. Şonda hezreti Musaň uýasy , Fyrownyň adamlary oňa şek etmez ýaly hezreti Musa eneke bolup biljek zenan hökmünde, olara öz enesiniň salgysyny berdi.

Fyrownyň adamlary çärelerini gutaryp bu gyz-oglanyň teklibini kabul etdiler şollukda hezreti Musa öz enesiniň gujagyna dolanyp ol ýerde aram – karar tapdy we Fyrownyň adamlary we garawullary hem bu ýagdaýdan hoşal boldular .

Gurhany kerimiň bu aýatlarnyň öwredýän sapaklary :

1-  duşmanyň garşysynda parasatlylyk bilen hereket edip duşmana bildirmän öz işiňi etmelidir . hezreti Musaň uýasy hem enesinden at çekmezden hezreti Musany saklamak üçin oň salgysyny berdi .

2- dünýä we ahyret barada Allanyň beren wadalaryna imanmyz bolmalydyr we Allanyň işlerini öz erkimizdäki çäkli maddy ölçegler bilen ölçemeli däldiris .

3- çaga enäň köňül hoşlugydyr oňa görä öz rahatlygy üçin çaga dogurmakdan ýüz öwürýän zenanlar aslynda gaty ýalňyşýandyrlar, dogrusy zenan çaga dogurmak bilen ynjalyk tapýandyr we ýaşaýşyna bir köňül hoşluk artýandyr.