Nov 23, 2017 13:44 Asia/Ashgabat

bölüm,698,süre kasas,aýat 14-17

 

برنامه راهی بسوی نور(698)       

Kasas süresi, 14-nji aýat:

وَلَمَّا بَلَغَ أَشُدَّهُ وَاسْتَوَى آتَيْنَاهُ حُكْماً وَعِلْماً وَكَذَلِكَ نَجْزِي الْمُحْسِنِينَ (14)

<<(Musa) kemala ýetmeginden soň oňa ylum we hekmet bagyş etdik we biz salyhylary  şu hili sylaýandyrys (we olara serpaý berýändiris )>>

Gurhany kerim bu aýatda hezreti Musa (a.s)-yň ýaşaýyşynyň ýene bir bölümine yşarat edip aýdýar : Musanyň ýigitlik döwrine kadam goýup akyl we jisim taýdan kemala ýetmeginden soň Alla tagala hak bilen nahaky we batyly saýgaryp biler ýaly oňa bilim we hekmet bagyş etdi we aklyna akyl goşdy .

Ýigitlik döwüri  her bir ynsanyň jisiminiň berkäp kuwwatynyň has ardýan döwridir .

Hezreti Musa şeýle bir döwürde özüniň päkligini saklap  dogruçylyk bilen Allanyň nazarynyň siňip oňa ynaýat etmekligine sebäp boldy .gurhany kerimiň  bu aýatyndan belli bolşuna görä her kim ysan ähli bolsa Alla hem oňa lutf we ynaýat etjekdir . elbetde Allanyň Musanyň ýaşlygyndan oňa eden lutf we merhemeti oňa soňralar bagyş eden pygamberlik nygmatyndan başga zatdyr .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1 – Ýaşlyk döwri ynsanyň iň gözel döwridir, sebäbi bu döwürde bir ynsanyň akly we jisimi kuwwatlanyp onyň kemal  derejelerine ýetmekligine şert döreýär .

2-özgelere ýagşylyk edip salyhlaryň hataryna girmeklik  ynsanyň Allanyň lotf we ynaýatyna gabat gelmekligine şert döredýändir .

Kasas süresi, 15-nji aýat:

 وَدَخَلَ الْمَدِينَةَ عَلَى حِينِ غَفْلَةٍ مِّنْ أَهْلِهَا فَوَجَدَ فِيهَا رَجُلَيْنِ يَقْتَتِلَانِ هَذَا مِن شِيعَتِهِ وَهَذَا مِنْ عَدُوِّهِ فَاسْتَغَاثَهُ الَّذِي مِن شِيعَتِهِ عَلَى الَّذِي مِنْ عَدُوِّهِ فَوَكَزَهُ مُوسَى فَقَضَى عَلَيْهِ قَالَ هَذَا مِنْ عَمَلِ الشَّيْطَانِ إِنَّهُ عَدُوٌّ مُّضِلٌّ مُّبِينٌ (15)

<< we (Musa) şäher ilatynyň  ählileri habarsyzkalar şähere girdi. şonda urşyp duran iki adamyny  gördi.  olaryň birisi (Musa) eýerýänlerden-di  we  ýene birisi  bolsa onuň duşmanlaryndan-dy . şonda ol (Musa) eýerýän adam duşmanyň  garşysynda ondan kömek  sorady. şonda Musa oňa ýumruk urup ony heläkledi . (şonda Musa içini  gepledip) “bu (uruş -dawada) Şeýtanyň işidir, dogrudan-da ol gümra  ediji äşgär duşmandyr” diýip aýtdy . >>

Hezreti Musa (a.s) çagalyk we ýetginjeklik döwürlerini  Fyrownyň  köşgünde  geçirdi we şol ýerde köşgüň adamlarynyň birisi hökmünde gowy ýagdaýda ýaşaýardy we harby taglymlary aldy .

Hezreti Musa  ýigitlik  döwrüne gadam basany soň bir gün köşkden çykyp şäheriň köçelerinde aýlanyp ýörşine urşyp  duran iki adamyny gördi, olar  bir birlerini urup gezil ýumruk bolupdylar . olaryň birisi  Beni ysraýyl kowumundan bolsa ol birisi müsüriň Gybtylaryndan-dy. şonda ýaňky Beni ysraýyl kowumundan bolan adam Musany tanap ondan kömek sorady. Hezreti Musa bu uruşda ýaňky Beni ysraýyl adama zulum bolupdyr diýen pikir bilen oň kömegine bardy we ol Gybty adama bir ýumruk  urdy weli şol bada ol başaşak gaýdyp öldi . Musa öz  ýumrugynyň şeýle bir güýjüniň bardygyny we bir ýumruk bilen ol Gybty adamyň öljekdigini guman etmeýärdi . dogrusy hezreti Musanyň ol Gybty adamy öldürmek niýeti ýokdy eýsem mazluma hemaýat bereýin diýip ara düşip ýumruk urupdy emmä ol Gybty adam Musanyň ýumrugyna tap getirmedi we bir ýumruk bilen heläk boldy . şonda hezreti Musa (a.s) bir urşuň nireden gözbaş alýandygyna göz ýetirip “hemme urşlaryň köki Şeýtan we onuň adamzat oglunyň arasynda döredýän kinesine dolanýar, aslynda ynsanyň ganym duşmany Şeýtandyr we ol  ynsanlary gümra etmek bilen olary uruşdyrýandyr” diýip aýtdy .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1 – hezreti Musa Fyrownyň  köşgünde ulalyp  kemala ýetenem bolsa, ol zalymlardan  dälde eýsem mazlumlardan arka çykandyr, şeýlede  Fyrownyň başdaşy onuň köşgünde ýaşaýanem bolsa ol hezreti Musa iman getirip onuň ýolynda janyny gurban etdi .

2 – pygamberler jomart adamlardyrlar, we hemişe zalymyň  garşysynda duryp  mazlumdan arka çykandyrlar .

3 – ynsanlaryň  arasynda uruş turuzmaklyk Şeýtanyň işidir, oňa görä öz gaharymyzy ýuwdup Şeýtana ýol bermeli däldiris 

Kasas süresi, 16 we 17-nji aýatlar:

 قَالَ رَبِّ إِنِّي ظَلَمْتُ نَفْسِي فَاغْفِرْ لِي فَغَفَرَ لَهُ إِنَّهُ هُوَ الْغَفُورُ الرَّحِيمُ (16) قَالَ رَبِّ بِمَا أَنْعَمْتَ عَلَيَّ فَلَنْ أَكُونَ ظَهِيراً لِّلْمُجْرِمِينَ (17)

<< (Musa): bar hudaýa men özüme sütem etdim, onda meni ýalka diýip aýtdy . bes Alla ony ýalkady, dogrudanda Alla ýalkawjy we mähribandir.//(musa) “bar hudaýa maňa beren nygmatlaryň üçin men hergiz günäkärlerden arka çykmaryn diýip” aýtdy .>>

Gybty adamyň ölümi bilen beýleki Gybtylar ony  öldüren adamy gola salmak üçin onuň izine düşdiler. hezreti Musa bolsa ol Gybty adamy öldürmek  bilen  bir hili özüne sütem edipdi, sebäbi bu iş bilen tutulup kasas bolmak howpy  bilen ýüz  be ýüz di . elbetde hezreti Musa bu wakada ýazykly däldi ýöne ol Gybtyny öldürmek bilen işini kynaldypdy şonuň üçin hem ol Alladan goýberen bu ýalňyşlygy üçin ýalka sorady we Fyrownyň hopyny başyndan sowmagy Alladan isledi. Alla hem oň goýberen hatasyny geçdi we ony Gybtylaryň elinden halas etdi . onsoň hezreti Musa (a.a) Allanyň bu lutf we keremi üçin oň şükrüni ýerine ýetirip ömrüniň soňuna çenli günälerden arka çykmajakdygy barada Alla söz berdi . şonuň üçin hem ol bu hadysadan soň Fyrownyň köşgüne dolanmady we özüniň, köşk bilen bolan baglanşygyny uzdy . 

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1 – möminleri zalymlaryň elinden halas etmekde esewan bolmalydyrys, bir wagt bolmaz iş bolmaz ýaly hop-hatarlara üns bermelidiris .

2 – ýalňyşlyk ýa-da hatadan daş durmalydyrys sebäbi tötänlikde  ýüze  çykýan ýalňyşlygyň hem özüne görä ynsanyň ruhunda ýaramaz täsiri bolýandyr.

3 – ynsan , Allanyň beren güýç kuwwatynyň şükrüni berjaý  kylmak üçin ol güýç-kuwwat bilen zalymlara kömek bermekden saklanyp mazlumlardan arka çykmalydyr.