Nov 23, 2017 18:49 Asia/Ashgabat

bölüm,701,süre kasas,aýat 26-28

برنامه راهی بسوی نور (701)  

Kasas süresi, 26-njy aýat:

قَالَتْ إِحْدَاهُمَا يَا أَبَتِ اسْتَأْجِرْهُ إِنَّ خَيْرَ مَنِ اسْتَأْجَرْتَ الْقَوِيُّ الْأَمِينُ (26)  

<<(Şuaýbyň gyzlarynyň biri ) aýtdy . eý atam ! ony işe al ,(ony işe alsaň ) şübhesiz iň güýçli we dogruçy adamy işe aldygyň bolar.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly hezreti Musa goýun – guza suw bermekde hezreti Şuaýbyň gyzlaryny kömek etdi we hezreti Şuaýb hem onuň bu kömeginiň garşysynda hezreti Musany öz öýne çagyryp oňa aklyk bermekçi boldy , Gurhany kerim bu aýatda şol gürrüňiň dowamyndy aýdýar : hezreti Musaň yzyndan giden Şuaýbyň gyzy Musany öýe getiren soň öz atasyna ýüzlenip “gyzlar düzlerde çopançylyk etmäge mejbur bolmaz ýaly gowusy sen bu ýigidi goýunlara çopan et” diýip maslahat berdi.  

Ol , özüniň näme üçin Musany maslahat beren digini açyklap hem özüniň Musada gören iki ýöriteligine yşarat edip , birinjiden Musaň çopançylyk işiň hötdäsinden gelip biler ýaly güýç – gudratynyň bardygyny, ikinjiden hem onuň dogruçyl we emin adamdygyny aýtdy . hezreti Musa Şuaýb pygamberiň sürüsine suw bermekde goýdan suw çeken mahaly özüniň güçli- kuwwatly adamdygyny görkezipdi we emma ol şeýlede haçanda Şuaýbyň gyzy atasynyň çakylygyny Musa ýetiren soň Musa ol gyz bilen Şuaýbyň öýne gelmeli bolanda “bir wagt bu gyzyň gady kamatyna gözüm düşmesin” diýip özi öňe düşüp Şuaýbyň gyzyndan yzda galyp şol yzdan gelşine ýol görkezmegini isledi. şeýlelik bilen hezreti Musa bu iş bilen hem özüniň dogry we emin ynsandygyny subut etdi.

Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary:

1- bir maşgalada ýaşaýan perzentler hä ogul bolsunlar hä gyz , gerek ýerinde öz pikirlerini aýdyp bilmelidir we delil we mantyk bilen öz pikirlerinden arka çykmalydyrlar

2- bir iş üçin birini işe almaly bolanda hökman şol işe iň mynasyp adamy saýlamalydyr.

3- ynsanlara hasydyr bir jogapkärçiligi ynanmakdan ozal onuň başarnygyny we dogrulygyny saýgarmalydyr. bir jogapkärçiligi kabul etjek adamda dogruluk bilen başarnyk häsiýetleri bolmalydyr.

Kasas süresi, 27 we 28-nji aýatlar:

قَالَ إِنِّي أُرِيدُ أَنْ أُنكِحَكَ إِحْدَى ابْنَتَيَّ هَاتَيْنِ عَلَى أَن تَأْجُرَنِي ثَمَانِيَ حِجَجٍ فَإِنْ أَتْمَمْتَ عَشْراً فَمِنْ عِندِكَ وَمَا أُرِيدُ أَنْ أَشُقَّ عَلَيْكَ سَتَجِدُنِي إِن شَاء اللَّهُ مِنَ الصَّالِحِينَ (27) قَالَ ذَلِكَ بَيْنِي وَبَيْنَكَ أَيَّمَا الْأَجَلَيْنِ قَضَيْتُ فَلَا عُدْوَانَ عَلَيَّ وَاللَّهُ عَلَى مَا نَقُولُ وَكِيلٌ (28)‏

<< ( Şuaýp Musa ) aýtdy “gyzlarmyň birini saňa bereýin diýýän ýöne onuň üçin sen Sekiz ýyl meň işimi etmeli we egerde On ýyla ýetirseň onuň erki seň bilendir we men saňa işi kynaldyp bilmerin eger Hudaý islese meni salyhylardan taparsyň”.// ( Musa ) aýtdy “bu şert biziň ikimiziň arasynda bolsun bu (bellän) wagtlaryňyzyň her gaýsyna ýetsem meň hakymda sütem bolmaly däl we Alla meň aýdýanlaryma güwädir.>>

Hezreti Şuaýb hezreti Musany çopançylyga almak barada gyzynyň beren maslahatny kabul edip Musany öz sürüsine çopan etmegi maslahat bildi.  ýöne Şuaýb gyzlarynyň ýanynda öýlenmedik bir ýaş ýigidiň bolmagyny kabul edip bilmeýärdi, şonuň üçin hem ol, Musany öýünde saklap biler ýaly gyzlarynyň birsini özüne aýal edinmek barada Musa maslahat berdi, elbetde hezreti Şuaýbyň , Musaň öýlenip öz başyna durmuş gurmagyny hem islemeýärdi, sebäbi Musaň öz baş bolmagy bilen onuň goýunlary çopansyz galjakdy şonuň üçin ol hezreti Musa bilen şert etdi “egerde sen Sekiz ýyl meň goýunlarymy baksaň meň gyzym bilen öýlenip bilersiň” diýdi . şeýlelik bilen Şuaýb hem Musaň öýli illi bolmagyna şert döredýärdi hemde özüniň goýunlaryny çopanly edýärdi hemde gyzynyň düzlerde goýun bakyp howpa düşmeginiň öňüni alýardy.

Şu sebäpler üçin hem hezreti Şuaýb, Musa “Sekiz ýyllap meň goýunlarymy bakan ýagdaýyňda meň gyzyma öýlenip bilersiň” diýip şert etdi. Bu şert mümkin gyzyň mehriýesi (galyňy) bolsun, mümkinde käleriň gyzlaryny bir ýigide bermek üçin şol başda belleýän şerti bolsun . her halda hezreti Şuaýb gyzynyň islegi boýunça bu şerti ileri sürüpdi. sebäbi , atasynyň garrylygy üçin düzlerde çopançylyk edýän gyzyň bir arzuwy-da bu agyr jogapkärçiligi bir päk we salyhy ýigidiň üstüne oklap ol ýigit bilen durmuş gurmak bolup bilýändir.aýry bir tarapdan hezreti Şuaýp hem bu maslahaty ileri sürmek bilen “biz saňa işi kynaltmak maksadymyz ýok , sen hem öz pikriňi aýdyp dor” diýdi. Hezreti Musa hem hezreti Şuaýbyň ileri süren maslahatyny kabul edip hezreti Şuaýbyň çopany we körekeni boldy . hezreti Musa bu barada “men Sekiz ýyl seň çopanyň bolaryn islesem ýene iki ýyl ýanyňda galyp çopançylyk ederin şeýdipde öz güzeranymy geçirerin hemde syzyň kömekçiňiz bolaryn” diýdi.

 Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- eger bir ýigit päk we dogry adam bolsa ýetişen gyzy bolan adamlaryň ýada gyzyň dogan-garyndaşlarynyň şu hili ýigitlere “biziň gyzymyzy al” diýip aýtmaklarynda aýyp ýokdur.

2- nämährem erkek bilen zenanlaryň, işiň bahanasy bilen gatyşyp gezmekleri gowy däldir isem olaryň öýlenmekleri gereklidir .

3- bir gyzy bir ýigide berjek bolaňda Mähriýe kesmekde we galyň bellemekde, öýlenýän ýigidi kynçylyga düşürip agyr galyň kesmeli däldir.

 

////////////