bölüm, 798,süre, fater, aýat 39-41
bölüm, 798,süre, fater, aýat 39-41
برنامه راهی بسوی نور( (798
Fater süresi, 39-njy aýat:
هُوَ الَّذِي جَعَلَكُمْ خَلَائِفَ فِي الْأَرْضِ فَمَن كَفَرَ فَعَلَيْهِ كُفْرُهُ وَلَا يَزِيدُ الْكَافِرِينَ كُفْرُهُمْ عِندَ رَبِّهِمْ إِلَّا مَقْتاً وَلَا يَزِيدُ الْكَافِرِينَ كُفْرُهُمْ إِلَّا خَسَاراً (39)
<< sizi ýer ýüzünde halypa edip goýan ol (Alla)dyr onda her kim kapyr bolsa onuň kapyrlygy öz zyýanyna bolar we kapyrlaryň edýän kapyrçylygy Allanyň gahar-gazabyny artdyrmakdan aýry netijesi bolmaz we kapyrlaryň edýän kapyrçylygy olaryň zyýankärçiligini artdyrmakdan aýry netijesi bolmaz.>>
Gurhan kerim bu aýatyň başynda ynsanyň ýer ýüzünde Allanyň oruntutary bolmagy barada gürrüň edýändir . müfässerler bu meseläni iki hili täfsir edendirler. olaryň bir topary bu meseläni ynsanyň ýer ýüzünde Allanyň oruntutary bolmagy manasynda täfsir edendirler emma müfässerleriň ýene bir topary bu meseläni , ýer ýüzünde bir kowumyň ýok olup olaryň ýerini ýene bir kowumuň almagy manasynda bilendirler . indi bu aýat her hili mana edileni bilen hem ol , Allanyň ynsanlara ýörite ähmiýet berendigini we olary özüniň lutfy kereminden paýly edendigini mälim edýär. Allanyň ynsanlara bolan ýörite lutfy keremi sebäpli hem ynsanlar tebigaty öz eýeçiligine geçirip ondan peýdalanmagy başarandyrlar. tebigatyň baýlyklaryndan şu hili haýyrlanýan ynsan Allanyň şükrüni kylmalydyr ýöne gynanç bilen ol köplenç Allanyň beren nygmatlarynyň şükrüni kylýan däldir eýsem kapyrçylyk edýändir .
Elbetde ynsanyň edýän kapyrçylygynyň Alla hiç hili zyýany ýokdur we onuň zyýany ahyrda ynsanyň öz ýakasyndan ýapyşýandyr . dogrusy Alla ynsanyň şükür kylmagyna hem mätäç däldir hata Alla ynsanyň barlygyna hem mätäç däldir ynsan ýok mahalyda Alla bolandyr bar mahalyda bolandyr, oňa görä ynsanyň kylýan şükürniň , barlygynyň , imanynyň ýada kapyrçylyk etmeginiň Allaga zyýany ýada peýdasy ýokdur bu zatlaryň netijesi we täsiri ahyrda ynsanyň özüne dolanjakdyr elbetde mömin we şükür kylýan ynsanlar ahyretde Allanyň lutfy keremine gabat gelip bagtly boljakdyrlar ýöne kapyrçylyk edýän ynsanlar Allanyň gahar gazabyna giriftar bolup betbagt boljakdyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- biz geçen kowumlaryň ýerini alan bolsak ahyrda biz hem gidip biziň ýerimizi ýene bir kowum aljakdyr. onda , öz elimizdäki zatlara magtanyp kapyrçylyk etmäli .
2-kapyrçylygyň ynsanda we köpçülikde galdyrýan täsirleri gaty kändir .
3-kapyrçylyk köp günälere ýerlik taýýarlaýandyr we ynsanyň heläkçilige we betbagtçylyga uçramagyna sebäp bolýandyr.
Fater süresi 40-njy aýat :
قُلْ أَرَأَيْتُمْ شُرَكَاءكُمُ الَّذِينَ تَدْعُونَ مِن دُونِ اللَّهِ أَرُونِي مَاذَا خَلَقُوا مِنَ الْأَرْضِ أَمْ لَهُمْ شِرْكٌ فِي السَّمَاوَاتِ أَمْ آتَيْنَاهُمْ كِتَاباً فَهُمْ عَلَى بَيِّنَةٍ مِّنْهُ بَلْ إِن يَعِدُ الظَّالِمُونَ بَعْضُهُم بَعْضاً إِلَّا غُرُوراً (40)
<< olara : Allanyň ýerine çagyrýan şärikleriňizi gördiňizmi? Ýerden nämäni ýaradandyklaryny? maňa görkeziň gökleriň ýaradylyşynda olaryň huzury bardymy ? ýada olara öz şirkleri üçin hütjet we delil bolar ýaly olara kitap berdikmi? Diýip aýt . dogrusy sütemkärler käleriniň kälerine berýän wadalary bilen, olar bir-birlerini aldaýandyrlar.>>
Gurhan kerim bu aýatda bir näçe soragy ileri sürüp müşrikleriň bildirýän şirkini sorag astyna alandyr we yslam pygamberinden, müşrikleriň Alla tutunýan şärikleriniň işlerinden we olaryň ýaradylyşda nähili dahylly boluşlaryndan sorag etmegini isleýär. dogrusy kapyrlaryň we müşrikleriň Alla şärik tutunmaklaryna hiç hili delilleri ýokdur, Taňry tagala hem özüniň inderen asmanlyk kitaplarynyň hiç bir ýerinde butlara sygynmaklykda ýada olara çokunmaklyk barada rugsat beren däldir. aslynda bu işiň dogrulygyna hiç hili delil ýokdur diňe käleriň aňyndaky ( aňyýetindäki) nädogry pikiri , olary bu işe tarap iterendir we olar şol nädogry düşünjäň täsirinde hem Butlary öz ykballarynda täsirli bilip öz kynçylyklaryna çäre görmek üçin olardan kömek soraýandyrlar. butlaryň ynsanlara kömek berip bilmekleri bolsa ýöne bir boş hyýaldyr we bu hyýalyň bolsa ynsany Allanyň bendeliginden daşlaşdyrmakdan aýry netijesi boljak däldir .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- özgeleri Allanyň bendeligine çagyrmagyň ýollarynyň biriside dürli soraglar bilen ynsanyň weždanyny oýarmaklykdyr .
2-şirkiň we kapyrçylygyň yzynda akla jebis gelýän mantyk ýokdur, eýsem şirk we kapyrçylyk nädogry pikirden we düşünjeden göz baş alýandyr.
3-şirk we kapyrçylyk , ynsanyň özi hakynda zulum etmegidir we onuň ýaramaz täsiri bolsa ynsanyň özüne dolanjakdyr.
Fater süresi, 41-nji aýat:
إِنَّ اللَّهَ يُمْسِكُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ أَن تَزُولَا وَلَئِن زَالَتَا إِنْ أَمْسَكَهُمَا مِنْ أَحَدٍ مِّن بَعْدِهِ إِنَّهُ كَانَ حَلِيماً غَفُوراً (41)
<< takyk Alla , gökler we ýer öz jaýlaryndan süýşmezler ýaly olary öz ýerinde saklaýandyr. egerde olar öz jaýlaryndan süýşseler hiç kim ony saklap bilmez elbetde Alla sabyrly we ýalkowjydyr.>>
Gurhan kerim geçen aýatda gögüň we ýeriň we ýer ýüzündäki närseleriň ýaradylşy barada gürrüň etmekden soň bu aýatda ýer- gögüň tertip düzgün bilen aýlanyp durmaklary diňe allanyň gudraty bilen bolýandyr we hiç kim bu işe kadyr däldir” diýip beýan edýär . müşrikler , Allany ýaradylşyň eýesi bilýärdiler ýöne şol wagtda olar ýaradylşyň işlerine çäre görmekde Butlary Allanyň şärigi bilýärdiler. Gurhan kerim bu aýatda olaryň bu pikrini ret etmek bilen : ýaradylyşda Allanyň şäriginiň bolmaýşy ýaly ýaradylşyň işlerine çäre görmekde hem onuň şärigi ýokdur we ýaradylyş we barlygyň tertip düzgünini goramaklyk bolsa diňe Allanyň elindedir” diýip nygtaýar .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ýer- gögüň ýagdaýny we günüň, aýyň , ýeriň we beýleki asmanlyk şarlaryň terti-düzgün bilen belli ugurlardan hereket etmekleri Allanyň yradasy bilen bolýandyr we bu tertip- düzgüni her salymda gorap duran gudrat Alladyr.
2- barlykdaky tertip- düzgüni alla tagala ber karar edip goýandyr we bu tertip düzgün tötänlikde ýüze çykan däldir.
3- Taňry tagala hem barlygy ýokdan bara getirendir hemde onuň işlerine çäre görýändir .
4- Allanyň geçirimliligi we ýalkawjylygy bolmasady barlyk düzgüni dargap zalymlaryň üstüne ýykylardy, egerde Alla zalymlara pursat berýän bolsa bu mesele Allanyň ejizligi üçin däldirde eýsem onuň sabyrlylygy üçindir.
////////////