bölüm,702,süre kasas,aýat 29-32
bölüm,702,süre kasas,aýat 29-32
برنامه راهی بسوی نور (702)
kasas süresi, 29-njy aýat:
فَلَمَّا قَضَى مُوسَىالْأَجَلَ وَسَارَ بِأَهْلِهِ آنَسَ مِن جَانِبِ الطُّورِ نَاراً قَالَ لِأَهْلِهِ امْكُثُوا إِنِّي آنَسْتُ نَاراً لَّعَلِّي آتِيكُم مِّنْهَا بِخَبَرٍ أَوْ جَذْوَةٍ مِنَ النَّارِ لَعَلَّكُمْ تَصْطَلُونَ (29)
<<
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly hezreti Musa Şuaýbyň gyzyna öýlendi we onuň üçin hem azyndan Sekiz ýyllap hezreti Şuaýbyň goýunlaryny bakmaly boldy we islesem ýene iki ýyl gulluk ederin diýip Şuaýba söz berdi .
Gurhany kerim bu aýatda şol gürrüňiň dowamynda aýdýar : Musa beren sözünde tapylyp 10 ýyllap Şuaýbyň gullygynda bolan soň oglan- uşagynyň elini tutup özüniň dogdyk ýurdy boldn Müsüre tarap ýola düşdi ýöne ýol uzakdy we dürli hatarlar ýollady , olar şol baryşlaryna Şam ülkesine baryp ýetdiler ýöne gijesine ýol ýitirip azaşdylar .
Olar ýol belet adamyň gözleginde boldylar şonda hezreti Musa daşdan gözi oda düşdi şonda ol “megerde ol ody ýakan adam ýoly bilýändir ondan ýoluň salgysyny alaryn has bolmanda oglan-uşagym gyzynar ýaly ol ýerden ot alyp getirerin” diýip oda tarap gitmegi makul bildi .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1 - erkek adam özüniň oglan uşaklarynyň mätäçliklerini üpjün etmäge borçludyr we bir adamyň oglan uşagy hem ýaşaýyşyň kynçylyklaryna çäre görmekde erkek adama ýardam bermelidirler .
2 - her kim özüniň dogduk ýurduny söýýändir oňa görä her kim özüniň dogduk ýurduna dolanyp ol ýerde ýaşamaga haklydyr indi onuň öz watanyndan çykyp gitmeginiň üstünden uzak ýyllar geçýän bolsada ol özüniň bu hakyndan haýyrlanyp öz watanyna dolanjak diýse dolanyp bilýändir .
3 -Musa uzak ýyllar boýy köşkde ýaşapdy oňa görä ol özüni agyr ýagdaýlara taýýarlamak üçin köşkden arasyny açmalydy şonuň üçin hem Musa 10 ýyllap çöllerde goýun bakyp çopançylyk etdi .
Kasas süresi, 30-njy aýat:
فَلَمَّا أَتَاهَا نُودِي مِن شَاطِئِ الْوَادِي الْأَيْمَنِ فِي الْبُقْعَةِ الْمُبَارَكَةِ مِنَ الشَّجَرَةِ أَن يَا مُوسَى إِنِّي أَنَا اللَّهُ رَبُّ الْعَالَمِينَ (30)
<<(Musa) haçanda oduň golaýyna gelende şol mübärek mekanda, deräň sag tarapyndan bir agajyň (arasyndan) ses geldi we “eý Musa dogry danda men älem jahanyň perwerdigäridirin” diýip aýtdy .>>
Rowaýatlarda gelişine görä hezret Musa özüniň daşdan gören odunyň ýanyna baranda ol oduň başga otlardan park edýändigine göz ýetirdi. ol ot gök ýaşyl öwsüp duran bir agajyň içinden çykýardy . şeýlede ol oduň gyzgynlygy ýokdy eýsem diňe töweregine nur seçýärdi . bu bolsa Musa üçin bir geň zatdy . ol bu ýagdaýa haýran bolup durdy , şonda birden ses geldi we “eý Musa! seni bu ýere getiren mendirin we men bolsa älem jahanyň eýesidirin” diýip aýtdy .
Aslynda Taňry tagala öz gudraty bilen bu sesi döretdi we onuň üsti bilen hem öz bendesi Musa bilen gepleşdi , şonuň üçin hem hezreti Musa (a.s) Kälimulla lakamyny aldy .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1 – dini medeniýetde we ynanjada Taňry tagala degişli mekanlar mukaddes mekanlar hasaplanýandyr indi bu mekanlar mümkin dag bolsun, mümkin-de düz bolsun .
2-hezreti Musa içeri-maşgalasyna ot getirmek üçin Tur dagyna tarap gitdi ýöne Alla ol ýerde oň üstüne ol jogapkärçiligi oklady . diýmek Musa Allanyň beren bu jogapkärçiligi bilen halky dogry ýola hedaýat etmeklige borçly boldy . ynsan ýagşy niýetde bolup hereket etse Alla hem ony goldajakdyr we oňa uly jogapkärçiligi we orny bagyş etjekdir .
Kasas süresi, 31-32-nji aýatlar :
وَأَنْ أَلْقِ عَصَاكَ فَلَمَّا رَآهَا تَهْتَزُّ كَأَنَّهَا جَانٌّ وَلَّى مُدْبِراً وَلَمْ يُعَقِّبْ يَا مُوسَى أَقْبِلْ وَلَا تَخَفْ إِنَّكَ مِنَ الْآمِنِينَ (31) اسْلُكْ يَدَكَ فِي جَيْبِكَ تَخْرُجْ بَيْضَاء مِنْ غَيْرِ سُوءٍ وَاضْمُمْ إِلَيْكَ جَنَاحَكَ مِنَ الرَّهْبِ فَذَانِكَ بُرْهَانَانِ مِن رَّبِّكَ إِلَى فِرْعَوْنَ وَمَلَئِهِ إِنَّهُمْ كَانُوا قَوْماً فَاسِقِينَ (32)
<<( eý Musa! ) hasaňy okla (diýip Alla oňa emir etdi ) .bes (Musa) hasasynyň kiçi ýylan ýaly iki tarapa towlanyp durşuny gördi (ol) yzyna dolanyp gaçmaga durdy. yzyny hem gözlemedi . ( ses geldi) eý Musa ! gel bäri we gorkma, we sen amansyň diýip// eliňi goltuguňa sal tä hiç bir aýypsyz we nogsansyz ýalpyldap çym ak bolup çyksyn we gorkydan gutulmak üçin hem gollaryňy (gursagyň üstünde) gowşurup goý we rebbiň tarapyndan bolan bu iki ( mugjyza) we iki delil bilen Fyrownyň we onuň ýaranlarynyň üstüne bar çünki olar ( ýoldan çykyp) pasyk bolupdyrlar .>>
Hezreti Musa (a.s) ýaňky sesi eşidip ol ody gören soň “bar hudaýa bu zat näme?” diýip haýran galdy .
Bes Alla hezreti Musa üçin hüjjeti kämil etmek üçin iki mugjyzany oňa görkezdi . mugjyzalaryň birisi hasaň ýylana öwrülmegidi we ikinji mugjyza bolsa onuň eliniň ýalpyldamagydy . hezreti Musa bu iki mugjyzany görmek bilen ol gören odunyň we eşiden sesiniň Alla tarapyndandygyna göz ýetirdi, soň bu iki mugjyza bilen müsür ýurduna girmek barada hezreti Musa emir boldy . şeýlelik bilen hezreti Musa özüniň çagalyk we ýetginjeklik ýyllarynda ýaşan köşgi Fyrownyň köşgine baryp Fyrowny we onuň ýanyndaky adamlary Allanyň birligine çagyryp olary Beni Ysraýyl kowumuna zulum we sütem etmekden alyp galmalydy .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1 - ynsanlary dogry ýola hedaýat etjek adam deslap özüniň barýan ýolunyň dogrulygyna imany bolmalydyr .
2 - köpçüligi düzeltmek üçin deslap pysadyň we zulum we sütemiň köklerini tanap ony guratmalydyr .
3 – hop hatardan gorkup gaçmaklyk bir ynsany häsiýetdir we bu ýerlikde pygamber bilen başgalaryň arasynda hiç parh ýokdur .
/////////////