Nov 24, 2017 10:59 Asia/Ashgabat

bölüm,704,süre kasas,aýat 38-42

 

راهی بسوی نور، برنامه (704)

Kasas süresi, 38-nji aýat:

وَقَالَ فِرْعَوْنُ يَا أَيُّهَا الْمَلَأُ مَا عَلِمْتُ لَكُم مِّنْ إِلَهٍ غَيْرِي فَأَوْقِدْ لِي يَا هَامَانُ عَلَى الطِّينِ فَاجْعَل لِّي صَرْحاً لَّعَلِّي أَطَّلِعُ إِلَى إِلَهِ مُوسَى وَإِنِّي لَأَظُنُّهُ مِنَ الْكَاذِبِينَ (38)

<< we Fyrown aýtdy : eý meniň törelerim ! men siz üçin özümden gaýry Taňry tanamaýaryn ( ýöne şondan gelende ) eý Haman ! palçygy otla we ( kerpiç bejer) soň maňa bir beýik diň galdyr , ( belki men ol diňiň üstüne münüp) Musanyň aýdýan hudaýyndan habar getirdim we dogurdanda men ony (Musany ) ýalançylardandyr öýdýärin.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Fyrown we onuň ýaranlary , hezreti Musanyň pygamberdigini inkär edip onuň görkezen mugjyzalaryny bolsa göz bagçylyk we jadygöýlik bildiler. Şeýlede olar “biziň ata-babalarymyz musanyň aýdýan hudaýny tanamaýardylar we oňa çokunmaýardylar” diýip aýtdylar . Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar : Fyrownyň hezreti Musanyň öňünde durup onuň kelamynyň il arasynda ýaýramagynyň oňuny almakda eden işleriniň birisi-de Musanyň asmanlarda diýip aýdýan Taňrysy asmanlarda barmy ýada ýokmy?Onuň anygyny bilmek üçin bir beýik diňiň we minaranyň dikeldilmegine buýruk bermegidi. Aslynda Fyrown halkyň ünsüni özüne tarap çekmek üçin şeýle bir buýrugy berdi we bu iş bilen hem “Musanyň asmanlarda”  diýip aýdýan Taňrysyny “biz asmanlarda hem tapmadyk oňa görä ol bir kezzap adam” diýip aýtjak boly.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary : 

1- menliklenip özüňe magtanmaklyk ynsany haky kabul etmekden alyp galýandyr.

2- ezijiler halkyň ünsüni özlerine tarap çekmek niýet bilen özlerini hakyň tarapdary edip görkezýändirler.

3- ezijiler özlerini hemme zadyň oky bilýändirler olar özlerini ýeriň häkimi we eýesi bilýändirler we özgelere zerreçe hak berýän däldirler häzirki ýagdaýda hem özlerini hemme zadyň eýesi bilip duran Fyrown ýaly eziji ynsanlar bardyr.

Kasas süresi, 39 we 40-nji aýatlar:

وَاسْتَكْبَرَ هُوَ وَجُنُودُهُ فِي الْأَرْضِ بِغَيْرِ الْحَقِّ وَظَنُّوا أَنَّهُمْ إِلَيْنَا لَا يُرْجَعُونَ (39) فَأَخَذْنَاهُ وَجُنُودَهُ فَنَبَذْنَاهُمْ فِي الْيَمِّ فَانظُرْ كَيْفَ كَانَ عَاقِبَةُ الظَّالِمِينَ (40)

<<(Fyrown) we onuň goşunlary haksyz ýere ýeriň ýüzünde (adamlary) ezdiler we olar (hergiz) biziň ýanymyza dolanmazlar öýtdiler.// bes biz hem ony we onuň leşgerni giriftar edip derýa taşladyk , onda , sütemkärleriň soňnuň nähili digini bir synlap görmeýärsiňizmi?>>

Gurhany kerim bu aýatlarda Fyrownyň we onuň ýaranlarynyň başyna düşen ýagdaýa yşarat edip aýdýar :olar hakyň garşysynda durup Allany we kyýamaty inkär etdiler şeýlede olar halka sütem etdiler şonuň üçin hem biz olary şu dünýäde jezalandyryp Nil derýasynda gark etdik . hawa, bir wagtlar Fyrownyň baýlygynyň we Müsürlileriň ýaşaýşynyň çeşmesi bolan Nil derýasy indi olary özünde gark edip janlaryna bela bolupdy.

Gurhany kerimiň bu aýatlary Fyrownyň hökümetiniň synmagyna sebäp bolan iki sebäpkäre yşarat edip aýdýar :Fyrown özüni hemmelerden üssem bilýärdi, aýry bir tarapdan bolsa ol halka sütem edip olary özleriniň tebigy hakyndan hem mahrum edýärdi bu zatlar bolsa onuň ezijilikli häkimiýetiniň synmagyna sebäp boldylar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- hak we hakykatyň öňünde durýan adamlar ahyr soňda dargap ýok oljakdyrlar .

2- kyýamata we ahyrzamana imansyz bolmaklyk ynsanda ezijilikli gylyk-häsiýetiň döremegine sebäp bolýandyr, bu zat bolsa bütin zolu -sütemiň köki hasaplanýandyr.

3- ylahy azap diňe kyýamata mahsus däldir isem Alla islese şu dünýäde hem zalymlara azap berip bilýändir .

4- Taryhyň boýunda sütemkärleriň ykballary meňzeş bolandyr.

Kasas süresi, 41 we 42-nji aýatlar:

وَجَعَلْنَاهُمْ أَئِمَّةً يَدْعُونَ إِلَى النَّارِ وَيَوْمَ الْقِيَامَةِ لَا يُنصَرُونَ (41) وَأَتْبَعْنَاهُمْ فِي هَذِهِ الدُّنْيَا لَعْنَةً وَيَوْمَ الْقِيَامَةِ هُم مِّنَ الْمَقْبُوحِينَ (42)

 << we olara oda çagyrýan başlyklary goýduk we olara kyýamat gününde haraý bolmaz // we bu dünýäde, lagnaty olary ýoldaş etdik we kyýamat gününde olar ýigrenilenlerden bolarlar.>>

Gurhany kerim geçen aýatlarda Fyrownyň we onuň ýaranlarynyň şum ykballaryna yşarat etmekden soň bu aýatlarda aýdýar :kyýamat gününde günäkärler Dowzaha tarap ýola düşerler şonda Fyrown we onuň ýaranlary şu ,dünýäde günäkärleriň başlyklary bolşy ýaly olaryň öňünden dowzaha tarap hereket ederler .olar dünýäde elmydam mazlumlar tarapyndan lagnatlanyp gelendirler we taryh boýunda hem möminler tarapyndan hemişe olara lagnat iberlendir .olaryň dünýädäki ýaramaz häsiýetleri kyýamatda olaryň keşplerinde hem ,görner we olar kyýamatda ýaramaz we elhenç keşpde mähşur bolarlar.

 

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- dünýäde özleriniň baýlyklarna we gudratlaryna magtanýan zalymlaryň kyýamatda hiç bir ýaranlary boljak däldir we olar ýeke galjakdyrlar .

2- zalymlara lagnat aýdyp olaryň tersine şygar bermeklik Allanyň rugsat beren zadydyr, Alla möminleri we salyhylary bu işden alyp galan däldir.

3- dünýäde kapyrlara eýerip gümralyk ýoluny saýlan ynsanlar kyýamatda hem olaryň yzyna düşüp dowzaha girjekdirler.

4- ynsanlaryň dünýädä edýän telek we  ýaramaz işleri kyýamatda olaryň keşpleriniň ýaramaz we gelşiksiz bolmagyna sebäp boljakdyr.