bölüm,705,süre kasas,aýat 43-46
bölüm,705,süre kasas,aýat 43-46
راهی بسوی نور، برنامه (705)
Kasas süresi, 43-nji aýat:
وَلَقَدْ آتَيْنَا مُوسَى الْكِتَابَ مِن بَعْدِ مَا أَهْلَكْنَا الْقُرُونَ الْأُولَى بَصَائِرَ لِلنَّاسِ وَهُدًى وَرَحْمَةً لَّعَلَّهُمْ يَتَذَكَّرُونَ (43)
<<
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Fyrown bilen onuň goşuny Nil derýasynda gark boldular. Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda aýdýar : beni Ysraýyl kowumuny Fyrownyň elinden halas etmekden soň olaryň pähm düşünjesini ýokary galdyrmak maksady bilen rahmet we hedaýat çeşmesi bolan Turat kitabyny hezreti Musa bagyş etdik we Beni Ysraýyl kowumy bu kitapdan sapak alyp Allanyň lutfy keremine gabat gelip, belkide aň –pähimlerini ýokary galdyrarlar diýip ony musa inderdik . elbetde olar hem geçen halyklar ýaly hakyň öňünde durup Turarty inkär etseler olar hem geçen kowumlar ýaly ylahy azaba giriftar bolup heläk boljakdyrlar .
Gurhany kerimyň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1-ylahy pygamberleriň gelip olara asmanlyk kitabyň berilmegi ylahy nygmatyň bir görnüşidir we bu ylahy nygmatyň netijesinde ynsan aýdyň ýoly saýlap hedaýat boljakdyr we bagtyýarlyga ýetjekdir .
2- ylahy kada taryh boýunda elmydam bir hili bolandyr we üýtgän däldir we bu ylahy kada esasynda her bir kowum we millet hak ýolundan çyksa ol ahyrsoň heläk boljakdyr.
Kasas süresi, 44 we 45-nji aýatlar:
وَمَا كُنتَ بِجَانِبِ الْغَرْبِيِّ إِذْ قَضَيْنَا إِلَى مُوسَى الْأَمْرَ وَمَا كُنتَ مِنَ الشَّاهِدِينَ (44) وَلَكِنَّا أَنشَأْنَا قُرُوناً فَتَطَاوَلَ عَلَيْهِمُ الْعُمُرُ وَمَا كُنتَ ثَاوِياً فِي أَهْلِ مَدْيَنَ تَتْلُو عَلَيْهِمْ آيَاتِنَا وَلَكِنَّا كُنَّا مُرْسِلِينَ (45)
<< haçanda biz (pygamberlik )permanyny Musa ýetiremizde sen (eý pygamber! Tur dagyň ) günbatar tarapynda däldiň we ondan habarsyzdyň // ýöne (geçen asyrlarda ýaşap geçen ) kowumlary biz ýaratdyk we uzak döwürler olaryň üstünden geçdi (we olaryň ykballary ýatlaryndan çykdy)
Sen Mädýän halkynyň arasynda ýaşamadyň (olaryň ykbalyny biler ýaly ) we (Mädýän halky baradaky ) biziň aýatlarymyzy (olara okap berer ýaly) ýöne (pygamberi) iberen bizdik we ( biz hem seni pygamber edip iberdik weMädýän halkynyň ykbalyny saňa wahyý etdik )>>
Gurhany kerimiň bu aýatlary bir hakykaty beýan edýär, olda geçen kowumlaryň we halklaryň ykbalynyň Gurhany kerimde gelmegi we bu meseläň bolsa Gurhanyň we yslam pygamberniň ber haklygyny subut etmegidir. Sebäbi yslam pygamberi, ol halklaryň hiç birsiniň arasynda ýaşamandyr ýada olaryň ýaşaýşyny hiç-bir kitapda okamandyr şondan gelende yslam pygamberi ol halklaryň ykbalyny jik-me-jik beýan edendir.Tur dagynda hezreti Musa pygamberligiň sataşmagynyň üstünden uzak asyrlar geçen soň yslam pygamberi dünýä gelendir, şondan gelende Gurhany kerim hezreti Musaň Tur dagynda nähili pygamber bolandygyny açaçan beýan edendir . Gurhan şeýlede hezreti Musaň Müsürden Mädýän ülkesine gaçyp atandygyny we onuň Şuäýb pygamberine gabat gelip soňda onuň gyzy bilen durmuş gurandygyny, 10 ýyl Mädýände galyp soň müsür ýurduna tarap ýola düşendigini aýdyp berýär. Şeýlede Gurhany kerim müňLerçe ýyl ozal geçen halklaryň we kowumlaryň ykballaryny beýan edip berendir .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1-Gurhany kerimde getirilen taryhy wakalar gaýypdan berilen habarlardyr sebäbi ol wakalar ýüze çykan hem bolsalar olardan Mekgäň ýaşaýjylarynyň habarlary bolmandyr.
2- gurhanyň mugjyzadygyny we yslam pygamberniň ber haklygyny subut edýän zatlaryň biride gurhanda gaýypdan getirilen habarlardyr.
Kasas süresi, 46-njy aýat:
وَمَا كُنتَ بِجَانِبِ الطُّورِ إِذْ نَادَيْنَا وَلَكِن رَّحْمَةً مِّن رَّبِّكَ لِتُنذِرَ قَوْماً مَّا أَتَاهُم مِّن نَّذِيرٍ مِّن قَبْلِكَ لَعَلَّهُمْ يَتَذَكَّرُونَ (46)
<<
Taňry tagala geçen aýatlarda gurhanyň berýän habarlarynyň gaýypdandygyny nygtamakdan soň bu aýatda yslam pygamberine ýüzlenip “saňa iberen zadymyz bir ylahy merhemetdir ta sen onuň üsti bilen Beni Ysraýyl kowumunyň başyna gelen zatlary halka aýdyp olara işleriniň soňy barada duýduryş ber” diýip aýdýar.
Elbetde yslam pygamberiň zamanynda Mekgede ýaşaýan kapyrlar we müşrikler ondan ozal hiç bir pygamberi görmändirler, olaryň ata-babalary hem hatda ondan Iki-Üç asyr ozal hem pygamber görmändiler we olar bu hili wakalardan bi habardylar elbetde gaty gadym zamanlarda Arap ýarym adasynda we onuň golaýynda Hud, Salyh we Şoäýb ýaly pygamberler gelip geçipdiler, ýöne olaryň üstünden näçe müň ýyl geçipdi we olaryň eserleri bütinleý ýok bolupdy we Mekge ilaty olardan habarsyzdylar.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1-pygamberleriň pygamberlige bellenmeklerinden bolan maksatlaryň birsi gaflat ukusynda ýatan ynsanlary oýarmak bolandyr.
2-ynsan özüniň akly we gaýnamy bilen köp hakykatlara göz ýetirip bilýändir ýöne ynsanyň gözniň öňüne çekilen gaflat perdesi ynsany bu hakykatlary duýmakdan alyp galýandyr oňa görä pygamberler ynsanlara duýduryş berip olary hak ýoluna getirmek ugurda hüşgärlik berýändirler.
/////////////