bölüm,706,süre kasas,aýat 47-50
bölüm,706,süre kasas,aýat 47-50
راهی بسوی نور، برنامه (706)
Kasas süresi/ 47 we 48-nji aýatlar:
وَلَوْلَا أَن تُصِيبَهُم مُّصِيبَةٌ بِمَا قَدَّمَتْ أَيْدِيهِمْ فَيَقُولُوا رَبَّنَا لَوْلَا أَرْسَلْتَ إِلَيْنَا رَسُولاً فَنَتَّبِعَ آيَاتِكَ وَنَكُونَ مِنَ الْمُؤْمِنِينَ (47) فَلَمَّا جَاءهُمُ الْحَقُّ مِنْ عِندِنَا قَالُوا لَوْلَا أُوتِيَ مِثْلَ مَا أُوتِيَ مُوسَى أَوَلَمْ يَكْفُرُوا بِمَا أُوتِيَ مُوسَى مِن قَبْلُ قَالُوا سِحْرَانِ تَظَاهَرَا وَقَالُوا إِنَّا بِكُلٍّ كَافِرُونَ (48)
<<
Gurhany kerimiň bu aýatlary taryh boýunda bolup geçen ylahy kadalaryň birisine yşarat edip aýdýar: Taňry tagala ynsanlara akyl berendir we olar özleriniň akyllary bilen köp işleriň ýagşy ýa-da telekdigini we köp pikirleriň dogry ýada nädogrudygyny bilýändirler . şondan gelende ylahy kada esasynda ynsanlara jeza berilmeli bolsa deslap olara pygamber iberilmelidir. üstlerine pygamber iberlen soň ynsanlar özleriniň eden etmişleri üçin bahana getirip “biz pygamber görmedik” diýip biljek däldirler.
Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar: elbetde pygamberler iberlen soň hem bahananyň gözleginde bolan kä ynsanlar “näm üçin Muhammet pygamberiň mugjyzasy Musa pygamberiň mugjyzasy ýaly däl, näme üçin onuň hasasy ýylan bolmaýar? we duşmanlary derýada gark bolup ýok olar ýaly ol derýany böwsüp bilmeýär diýip” aýtdylar. aslynda haky kabul etmejek bolup bahananyň yzynda bolan ynsanlar ylahy mugjyzalary görenlerinde ony kabul etmejek bolup ony jady bilendirler. hezreti Musaň zamanynda oň görkezen mugjyzalaryny şol sanda hasany ýylana öwürmegini müşrikler we kapyrlar jady bilendirler we yslam pygamberniň zamannda bu adamlar Gurhany kerimiň aýatlaryny jady diýip ony kabul etmekden boýun gaçyrandyrlar.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary .
1- Taňry tagala kapyrlara we müşriklere her hili bahananyň ýoluny baglamak üçin we olar üçin hütjeti kämil etmek üçin pygamberleri iberendir.
2- kynçylyklaryň we musybatlaryň köpüsi ynsanlaryň öz eden etmişlerine dolanýandyr we kynçylyklaryň üze çykmagynda biziň şu dünýäde edýän ýagşy we ýaman işlerimiziň täsiri bardyr.
3-kapyrlaryň pygamberleri ilatyň gözünden düşürmek üçin bilen- bitiren zatlary olary jadygöýlikde aýyplamak bolandyr.şonuň üçin hem müşrikler bir-birlerine dalda bolan Turat we gurhan kitaplaryny jady diýip aýdandyrlar.
Kasas süresi, 49 we 50-nji aýatlar:
قُلْ فَأْتُوا بِكِتَابٍ مِّنْ عِندِ اللَّهِ هُوَ أَهْدَى مِنْهُمَا أَتَّبِعْهُ إِن كُنتُمْ صَادِقِينَ (49) فَإِن لَّمْ يَسْتَجِيبُوا لَكَ فَاعْلَمْ أَنَّمَا يَتَّبِعُونَ أَهْوَاءهُمْ وَمَنْ أَضَلُّ مِمَّنِ اتَّبَعَ هَوَاهُ بِغَيْرِ هُدًى مِّنَ اللَّهِ إِنَّ اللَّهَ لَا يَهْدِي الْقَوْمَ الظَّالِمِينَ (50)
<<(eý pygamber! Olara): (Turat we Gurhan Alla tarapyndan däl diýip) aýdýanyňyz dogry bolsa hedaýat etmekde bu ikisinden gowyrak bolan bir kitaby Alla tarapyndan getiriň we men hem oňa eýereýin diýip aýt.// (eý pygamber!) eger olar seniň bu islegňi kanagatlandyrmasalar takyk bil, olar öz höweslerine eýerýändirler we ylahy hedýata eýermän öz höwesine eýerýän adamdan gümrarak kim bolup biler? dogrudanda Alla zalymlary hedýat etmez.>>
Gurhany kerim geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar: müşriklere we kapyrlara “siz Turaty we Gurhany inkär edip bu kitaplar ylahy kitaplar däl” diýip aýdýarsyňyz egerde dogry aýdýan bolsaňyz onda ynsanlary hedýat etmekde bu kitaplardan ýagşyrak bolan kitaby getriň şeýtseňiz men hem siziň kitabyňyza eýererin diýip aýt.Hawa yslam pygamberi müşriklere “pygamberlikden bolan maksat ynsanlaryň hedýatdan paýly bolmaklarydyr indi siz hem Alla tarapyndan gelip kitap getiren bolsaňyz men ony kabul edip oňa eýererin” diýip aýdýar .elbetde müşrikler ne Alla tarapyndan gepleýärdiler nede olaryň Gurhan ýaly kämil kitaplary bardy, olar diňe bahananyň yzyndadylar olar öz höweslerine ýetmek üçin ylahy kitaplary we pygamberleri inkär edýärdiler sebäbi olar bu zatlary özleriniň haý- höwesleriniň garşysynda böwet bilýärdiler.
Gurhany kerimň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary.
1-haky subut etmek üçin kä wagtlarda garşy tarapy göreşe çagyrmaly bolýar.yslam pygamberi we Gurhany kerim hem öz ber haklygyny subut etmek üçin kapyrlary we müşrikleri göreşe çagyrandyr.
2-ynsan haka eýermelidir, hatda duşmanyň agzyndan hem hak sözi eşitse ony kabul etmelidir.
3- hakyky hedaýat ynsanyň çäkli ylmyndan we ýada haý-höwesinden gözbaş alýan hedaýat dälde eýsem Allanyň tükeniksiz ylmyndan we hekmetinden gözbaş alýan hedaýatdyr.
//////////////