bölüm,707,süre kasas,aýat 51-55
bölüm,707,süre kasas,aýat 51-55
راهی بسوی نور، برنامه (707)
Kasas süresi/ 51 we 52-nji aýatlar:
وَلَقَدْ وَصَّلْنَا لَهُمُ الْقَوْلَ لَعَلَّهُمْ يَتَذَكَّرُونَ (51) الَّذِينَ آتَيْنَاهُمُ الْكِتَابَ مِن قَبْلِهِ هُم بِهِ يُؤْمِنُونَ (52)
<<
Gurhany kerim bu aýatlaryň başynda kapyrlaryň we müşrikleriň edýän jedellerine yşarat edip aýdýar: biz Gurhany ýuwaş ýuwaşdan ýöne yzyny kesmäni inderdik belki müşrikleriň ýüreklerine ornasyn diýip, ýöne olar pent alyp haky kabul etmekden saklandylar emma şol bir wagtyň özünde kitap ählinden käleri yslam pygamberiniň berhaklygyna iman getirip oňa ymmat boldylar. Mysal hökmünde taryhy rowaýatlarda gelşine görä Häbeşe ýurdunyň sultany Nejaşyň maslahat bermegi bilen bu ýurduň hristiýan ulamalarynyň bir topary yslam pygamberini we yslam dinini tanamak üçin Mekgä geldiler. Olar yslam pygamberiniň gürrüňlerini eşidenleri soň oňa iman getirip musulman boldular we yslam dininiň wagyzçylary boldular.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1-taglym-terbiýe meselesi wagt talap edýändir we birden bolýan zat däldir, ýuwaş-ýuwaşdan bolýandyr. Oňa görä taglym-terbiýe meselesinde zähmet çekýän adamlar sabyrly bolmalydyrlar.
2-din ýolbaşçylary we asmanlyk kitaplaryň hemmesiniň bir maksady bardyr we olaryň hemmesi bir zady aýdýandyrlar.
3-ylahy kitaplara eýerýän ynsanlar, yslam pygamberi we yslam dini bilen ýakyndan tanyş bolanlary soň oňa iman getirip musulman bolýanlar eken.
Kasas süresi , 53 we 54-nji aýatlar:
وَإِذَا يُتْلَى عَلَيْهِمْ قَالُوا آمَنَّا بِهِ إِنَّهُ الْحَقُّ مِن رَّبِّنَا إِنَّا كُنَّا مِن قَبْلِهِ مُسْلِمِينَ (53) أُوْلَئِكَ يُؤْتَوْنَ أَجْرَهُم مَّرَّتَيْنِ بِمَا صَبَرُوا وَيَدْرَؤُونَ بِالْحَسَنَةِ السَّيِّئَةَ وَمِمَّا رَزَقْنَاهُمْ يُنفِقُونَ (54)
<<
Gurhany kerim geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda aýdýar: kitap ählinden bolup yslam pygamberine iman getiren adamlaryň ýürekleri päkdir we olar haka boýun egýändirler, şonuň üçin hem pygamber olara Gurhanyň aýatlaryny okap berende olara “bu aýatlar Alla tarapyndandyr we oňa iman getirýäris we mundan ozal hem pygambermize boýun bolup oňa iman getirendiris” diýip aýdýarlar.
Bularyň bu sözleri üçin hem Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda “olara iki gaýtar serpaý berler, birisi ozalky pygambere we kitaba imanlarynyň bolanlygy üçin ikinji serpaý bolsa yslam pygamberine we onuň kitaby Gurhana bolan imanlary üçindir” diýip aýdýar.
Soň Taňry tagala bu möminleriň artykmaç taraplaryny açyklap “olar erbetliklere ýagşylyk bilen jogap berýändirler we telek sözleri eşiden mahallary sabyrly bolýandyrlar we mährsizligi görenlerinde mähri- muhabbet etmegi unudýan däldirler, olar garyp-gasarlara sadaka berýändirler we olaryň kynçylyklaryna çäre görmek ugurda tagala edýändirler” diýip aýdýar.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1-haksöýer adamlar hakyň gözlegindedirler, olaryň ýanynda hakdan gürrüň berýän adamyň haýsy milletden ýada haýsy ülkedendigi möhüm däldir eýsem olaryň ýanynda möhüm bolup durýan esasy zat hakyň hut özidir, indi hak her kimiň tarapyndan aýdylsa, olar haky kabul edýändirler.
2-haky kabul etmekde arada bar bolan kynçylyklardan gorkmaly däldir eýsem bu ýolda sabyrly bolmalydyr.
3-özgeler bilen gatnaşyk saklamakda adamlaryň ýazyklaryny geçip bilmelidir, her kim hata goýberip eden-etmişinden gaýtsa ony bagyşlamalydyrys, elbetde mundan ýokarda durýan ýagşylyk bolsa bir adamdan ýamanlyk görsek oňa ýagşylyk bilen jogap bermelidiris.
Kasas süresi, 55-nji aýat:
وَإِذَا سَمِعُوا اللَّغْوَ أَعْرَضُوا عَنْهُ وَقَالُوا لَنَا أَعْمَالُنَا وَلَكُمْ أَعْمَالُكُمْ سَلَامٌ عَلَيْكُمْ لَا نَبْتَغِي الْجَاهِلِينَ (55)
<
Gurhany kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatda özgeleriň telek işleriniň öňünde sabyrly bolmagyň mysaly hökmünde yşarat edip aýdýar: hakyky möminler özgelerden boş gürrüňleri eşidenlerinde olara jogap bereýin diýip alada düşýän däldirler eýsem olaryň aýdanlaryny eşitmeýän ýaly bolup dillerini ýarmany geçip gidýändirler, ýada olara hormat bilen jogap berip :egerde biziň ýolumyz we işimiz ýalňyş bolsa onuň netijesi size dälde bize dolanjakdyr we siziň işiňiz we ýoluňyz ýalňyş bolsa onuň netijesi hem bize dälde size dolanjakdyr, onda siz öz ýoluňyz bilen biz hem öz ýolumyz bilen, biz siziň edýän nadanlykly işleriňizi etmeýäris, indi siz bize ýaramaz çemeleşseňiz biz hem siziň edýärsiňiz ýaly etjek bolup size ýaramaz çemeleşmeris” diýip aýdýarlar.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1-mömin adamyň dilinden bihuda we boş gürrüňler çykmaly däldir, boş we bihuda gürrüňlerden daş durmaklyk imanyň nyşanalaryndandyr. Mömin adam ne bihuda sözlär we nede özgeleriň bihuda gürrüňlerine jogap berer.
2-özgeler bilen didarlaşyp gürrüň etmeklik şol bir wagtyň özünde hem özgeleriň boş gürrüňlerinden ýüz öwürmeklik bötin ylahy dinlerde nygtalan zatdyr.
3-adamlary teleden saklamaklyk täsirli bolmasa olardan ýüz öwrüp gatnaşygymyzy kesmelidiris şidipde olaryň telek işlerini halamaýandygymyzy olara duýdurmalyfyrys.
////////////