Oct 08, 2018 20:32 Asia/Ashgabat

bölüm 800,süre fater,Aýat 45

راهی بسوی نور (800)

Fater süresi, 45-nji aýat:

وَلَوْ يُؤَاخِذُ اللَّهُ النَّاسَ بِمَا كَسَبُوا مَا تَرَكَ عَلَى ظَهْرِهَا مِن دَابَّةٍ وَلَكِن يُؤَخِّرُهُمْ إِلَى أَجَلٍ مُّسَمًّى فَإِذَا جَاء أَجَلُهُمْ فَإِنَّ اللَّهَ كَانَ بِعِبَادِهِ بَصِيراً (45)

<<>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda ezijileriň we sütemkärleriň hilelerine şeýlede olaryň gabat geljek şum ykballaryna yşarat etmekden soň bu aýatda ýadýar : elbetde Alla gaty sabyrlydyr we Alla bir kişiden bir telek işi gören badyna ony jezalandyrýan däldir eýsem özüni düzelder ýaly oňa pursat berýändir we Alla , toba eder ýaly hemmelere bu pursaty berýändir ýöne ölümden soň ýada ölümiň nyşanalary görünmekden soň Alla hiç kime pursat bermez we ondan soň edilen toba hem kabul edilmez.

Bu aýat , Fater süresiniň iň soňky aýatydyr we bu aýatda Allanyň öz bendelerine bolan lotufy kereminden gürrüň bolýandyr we Alla , günäkär adamlara öz eden – etmişlerinden dolanyp toba eder ýaly olara pursat berýändir . Allanyň toba etmek üçin ynsanlara pursat bermegi aslynda , ynsandaky erk- ygtyýar esasyndadyr. egerde ynsan günä eden badyna Alla , şol günäniň jezasyny ýaňky günäkär adamyň gözüne görkezsedi, hamana ýalançy adamy lal etsedi ýada nämähremi gözleýän adamy kör etsedi ynsanlar ygtyýar ýüzünden dälde eýsem gorkylaryndan günä işleri etjek däldirler, ýalan sözlejek däldirler ýada nämähremi gözlejek däldirler netijede bu ýalandan ýüz öwürmeklik bir hili mejburlyk ýüzünden boljakdyr . mejburlykda edilen ýagşy işler bolsa, gadyr gymmatsyz işler bolýandyr .

Ynsanlaryň eden etmişleriniň ýada ýagşy işleriniň jezasynyň we ser paýnyň ahyretde berilmegi sebäpli ýagşy adamlar öz erk - ygtyýarlary bilen ýagşy işleri etjekdirler we telek ynsanlar hem öz erk - ygtyýarlary bilen telek işleri edip ahyretde hem onuň jezasyny görjekdirler . ýene bir ybaratda Allanyň ber karar edip goýan şu kadasy esasynda , ýagşy , ýaman işleriň barysy ynsanlaryň erk - ygtyýarlary esasynda boljakdyr we Allanyň bu adamlaryň amallaryna berjek jezasy ýada serpaýy adalat ýüzünden boljakdyr we hiç kimiň haky aýak aşakda goýuljak däldir .

Guran kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- Allanyň günäkär ynsanlara şu dünýäde jeza bermekden saklanyp olara ahyretde jeza bermegi ynsan nesliniň dowamatyny goramak üçindir. egerde Alla ynsanlara şu dünýäde jyza bersedi ýer ýüzünde ynsan nesli galmazdy .

2- Alla gaty sabyrlydyr we günäkär adamlara pursat berip olar hakynda geçirimlilik edýändir şonuň üçin hem ynsanlaryň eden etmişlerini gören badyna olary jezalandyrýan däldir eýsem olara toba etmek üçin pursat berýändir .

3- Allanyň günäkär adamlaryň gözüne gudrat görkezmän olara pursat bermegini, Allanyň bihabarlygy üçin bilmeli däldir eýsem Alla öz bendeleriniň halyndan doly habarlydyr. Alla , ynsanlara öz erk-ygtyýarlary bilen eden etmişlerinden dolanmaklary üçin olara pursat berýändir.

//////////////