bölüm 801,süre Ýasyn,Aýat 1-4
bölüm 801,süre Ýasyn,Aýat 1-4
راهی بسوی نور (801)
Geçen gepleşikde Fater süresiniň gürrüňleri soňlady. bu gün bolsa gurhan kerimiň Ýasyn süresiniň gürrüňlerine girişýäris .
Gurhan kerimiň Ýasyn süresi, Mekgede yslam pygamberine inenseň Mekgi sürülerden hasaplanýandyr. bu süräniň 83 aýaty bolup onda , Taňry tagalanyň ýaradylyşdaky azamatyndan gürrüň bolýandyr . bu süräniň ady onuň deslapky aýatyndan alynandyr . bu süre Arap dilinde iki harpdan ybarat bolan Ýasyn sözi bilen başlanandyr bu söz Ýa we Syndan ybarat bolan iki mugattea harpdan ýada şol kesik-kesik harpdan şekil tapandyr . bu süräniň ýene bir bölüminde hem kyýamat barada we ahyretde guruljak mizan – terezi hakynda şeýlede behiştde we dowzahyň ýöriteliklerinden gürrüň bolýandyr .
Ýasyn süresiniň 1-4-nji aýatlary :
يس (1) وَالْقُرْآنِ الْحَكِيمِ (2) إِنَّكَ لَمِنَ الْمُرْسَلِينَ (3) عَلَى صِرَاطٍ مُّسْتَقِيمٍ (4)
<< Ýasyn // hikmetden doly bolan Gurhana gasam // takyk sen pygamberlerdensiň // (we) ýoluň dogry ýoldur.>>
Mugattea ýa şol kesik - kesik harplar barada geçen süreleriň bir näçesinde şol sanda Bagara we aly emran süreleriň gürrüňlerinde üstünde durup geçdik . birleşen milletler guramanyň gysgaldylyp B.M.G suratynda aýdylşy ýaly Gurhan kerimiň kä sürüleriniň başynda getirlen mugattea harplar hem bir kelemäň ýada bir zadyň nyşanasydyrlar, elbetde ol zadyň we nyşananyň nämedigi heniz bize belli däldir. dogrusy bu harplar gurhanyň syrydyrlar we ondan bolsa diňe yslam pygamberi we ymamlar habarlydyrlar we hezreti mäti (a.s)-yň gelmegi bilen ol hezret bu kelemeleriň syryny açyklap berjekdir.
Elbetde kä rowaýatlarda bu süräniň başynda getirlen Ýa-syn harplary yslam pygamberiniň ady diýlip getirlipdir. sebäbi bu harplaryň yzyndan gelen aýatlarda Taňry tagala yslam pygamberine ýüzlenipdir.
Mundan ozal hem aýdyşymyz ýaly Mugattea harplardan soň umuman Gurhan kerimiň ady çekilipdir ýada onuň ýöriteliklerinden gürrüň bolupdyr . bu sürede hem Ýa-Syn görnüşindäki Mugattea harplardan soň gurhanyň hikmet kitabydygy nygtalyp onuň adyndan ant içilipdir . dogrusy gurhan ynsanlara hikmetiň gapylaryny açyp olary dogry ýola hedaýat edýändir . Alla özüniň aýdýan gürrüňleriniň dogrulygyny subut etmek üçin ant içmeklige mätäç däldir, egerde bu ýerde Alla gurhandan ant içen bolsa, gurhanyň azamatyny ynsanlara belli etmek üçin içendir.
Gurhan kerimiň bu aýatlary , yslam pygamberiniň pygamberçiligi bilen gurhanyň inmekliginiň arasynda göni ara-baglanşygyň bardygyny mälim edýändir we Taňry tagala bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip : gurhan seniň ber-haklygyňy subut edýän iň gowy delildir sebäbi , gurhan kitaby bir mugjyzadyr we bu hili kitaby hiç kim getirip bilmez we sen hem ozalky pygamberler ýaly halky dogry ýola getirmeklige borçlysyň we Alla hem seniň ýoluň dogry ýoldygyny tassyklaýandyr diýip beýan edýär . Gurhan kerimiň bu aýatynyň aýtmagyna görä yslam pygamberi diňe bir göni ýoldan hereket edýän adam däldir eýsem ol şol göni ýoluň nähili ýoldygyny hem doly suratda bilýändir . dogrusy hem kim özgeleri dogry ýola çagyrjak bolsa deslap özi şol ýoluň ülňisi bolmalydyr onsoňda halky dogry suratda şol ýola hedaýat edip bilmelidir.
Allanyň ýolunyň göni we dogry bolmaklygy bu ýoluň aňsatlygy manasynda däldir. "Allanyň ýoly aňsatdyr" diýip guman etmeli däldir eýsem her kim bu ýoldan hereket edip maksada ýetjek bolsa onuň öňünden garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy , ýoluň inim -çykymly bolmagy ýada howply gerdenelere gabat gelmegi mümkindir . aýry bir tarapdan azgynçylykly ýollar görme göze aňsat ýollar bolsada ol ýollar hergiz ynsany maksada ýetirýän däldir.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Gurhan kerim , içinde hiç hili nugsanlyk bolmadyk mäkäm kitapdyr bu kitabyň içi hikmetden doludyr . gurhanyň mugjyzalygynyň nyşanalarynyň biriside bu kitabyň içinde ynsana we köpçülige peýdaly bolan hikmetleriň bolmagydyr.
2- gurhanyň taglymaty , şol taglymaty pygamber ýaly bir mugallymyň öwreden ýagdaýynda we özi hem şol taglymatlaryň ülňisi bolan ýagdaýynda gaty täsirli boljakdyr .
3- her bir namazda Alladan bizi dogry ýolda salmaklygy isleýäris Alla hem şol dogry ýoluň ülňisi hökmünde yslam pygamberini ýollandyr. onda öz ýaşaýyşlarymyzda , ybadatlarymyzda we ahlagymyzda yslam pygamberiniň ýol- ýodasyndan hereket etmelidiris.
////////////