bölüm 802,süre Ýasyn,Aýat 5-9
bölüm 802,süre Ýasyn,Aýat 5-9
راهی بسوی نور (802)
Ýasyn süresi, 5 we 6-njy aýatlar :
تَنزِيلَ الْعَزِيزِ الرَّحِيمِ (5) لِتُنذِرَ قَوْماً مَّا أُنذِرَ آبَاؤُهُمْ فَهُمْ غَافِلُونَ (6)
<< ( Gurhan ) gudratly we mähriban Alla tarapyndan inendir .// ata babalaryna duýduryş berilmedik halka duýduryş bermek üçin , sebäbi olar gaflatdadyrlar.>>
Gurhan kerim geçen aýatlarda gurhan kerimiň hikmet kitabyna we onuň azamatyna yşarat etmekden soň bu aýatlarda : gurhan pygamberiň sözi dälde Allanyň kitabydyr, Gurhanyň aýatlary agzyndan çykan bolsalarda hil taýdan bu aýatlar pygamberiň öz kelamyndan parh edýändir diýip aýdýar . pygamberiň hadyslaryny okap göreňde we şol hadyslary gurhanyň aýatlary bilen deňäňde – arap diline belet bolan her bir adam – bularyň arasyndaky tapawutlara göz ýetirjekdir. Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem , gurhanyň halky gaflatdan oýarmak üçin inendigine yşarat edip : gurhan kerim , halkyň ykballaryna degişli bolan hakykatlary beýan etmek üçin we ynsanlar , dünýäň oýunlaryna aldanyp ahyret saraýyndan gapyl galmaz ýaly olary barlygyň hakykatlary bilen tanyş etmek üçin inendir diýip beýan edýär .
Gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda hem yslam pygamberiniň araplaryň arasynda pygamberçilige bellenmeginiň ähmiýetini beýan edip : mundan ozal arap ýarym adasynda araplaryň arasyna ululazym pygamber iberilmändi we araplar şeýle bir uly nygmatdan mahrumdylar diýip aýdýar . elbetde , gurhanyň beýleki aýatlarynda gelşine görä hem, halyklaryň arasynda elmydama Allanyň hüjjeti bolandyr we olar halka Allanyň ýolunyň haýsy ýoldygyny aýdandyrlar şondan gelende , hezreti Ysa (a.s )-dan soň yslam pygamberine çenli hiç bir ululazym pygamber halyklaryň arasyna iberlen däldir . iň soňky ululazym pygamber bolan yslam pygamberiniň arap ýarym adasynda pygamberçilige bellenilmegi araplar üçin bir uly nygmatdy.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Allada kemal sypatlarynyň hemmesi bardyr. ol hem gudratlydyr hemde mähribandyr.
2- ynsanlary gaflat ukusyndan oýarmak üçin olara duýduryş bermeklik pygamberleriň burçlaryndan we Allanyň ýer ýüzünde goýan ylahy kadalaryndandyr .
Ýasynn süresi, 7-nji aýat :
لَقَدْ حَقَّ الْقَوْلُ عَلَى أَكْثَرِهِمْ فَهُمْ لَا يُؤْمِنُونَ (7)
<< takyk , ( azap baradaky ) perman olaryň köpüsine ýetişer, bes olar iman getirmezler .>>
Gurhan kerim geçenki aýatlaryň dowamynda bu aýatda aýdýar : pygamberler halky gaflat ukusyndan oýarmak üçin olara duýduryş berselerde ynsanlaryň köpüsi pygamberleriň duýduryşlaryna amal edýän däldirler oňa görä kyýamatda bu hili adamlaryň Allanyň gahar gazabyna giriftar bolmaklary bir tebigy zatdyr.
Elbetde dünýäde eden etmişlerinden puşman bolup toba etmedik adamlaryň şeýlede köp adamlaryň gümralygynda taksyrly bolan kapyrlaryň we müşrikleriň başlyklarynyň ahyretde allanyň gahar- gazabyna giriftar boljakdyklarynda hiç şek şübhe etmeli däldir . elbetde bu arada ölümiň nyşanalaryny görüp özleriniň ozalky eden etmişlerinden gaýdyp Alla tarap ýüzlenýän ynsanlaryň Allanyň rahmetune duş bolmaklary mümkindir Allanyň özüniň rahymlylyky bilen bu hili ynsanlary dowzahyň odundan halas etjekdir.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- dindarlyk meselesinde köplik ýada azlyk meselesi möhüm däldir hatda dünýäň hemmeside bidin bolsalar , dindarlygyň ýalňyşlygy üçin däldir oňa görä , möminleriň sany az bolsada olar öz ýollarynyň dogrulygyna şek etmeli däldirler ýada numyt bolmaly däldirler .
2- gaýyp dünýäsiniň hakykatlaryny gözden sowmaklyk ynsanlary hak bilen tersleşmeklige tarap iterýändir .
Ýasyn süresi, 8 we 9-njy aýatlar :
إِنَّا جَعَلْنَا فِي أَعْنَاقِهِمْ أَغْلاَلاً فَهِيَ إِلَى الأَذْقَانِ فَهُم مُّقْمَحُونَ (8) وَجَعَلْنَا مِن بَيْنِ أَيْدِيهِمْ سَدّاً وَمِنْ خَلْفِهِمْ سَدّاً فَأَغْشَيْنَاهُمْ فَهُمْ لاَ يُبْصِرُونَ (9)
<<
Gurhan kerim bu aýatlarda kapyrlaryň dünýäde we ahyretde ýüz be ýüz boljak azaplaryny beýan edýär . gurhan kerim , ahyretiň azabyny beýan etmekde dowzahda ynsanlaryň künneläp zynjyrlanjakdyklaryny ýatlaýar olar şeýle bir künnelenjekdirler we hatda kellelerinede hereket berip biljek däldirler . dünýäde öňüne , yzyna garaman hakykatdan ýüz öwürýän kapyrlar we dünýäniň nähili ýaradylmagyna we ahyretiň barlygyna üns bermeýän kapyrlar ahyretde hem şu hili mähşur bolup gözleri hiç bir zady görjek däldir . aslynda kyýamat dileni ynsanyň dünýädäki boluşynyň teswiridir . elbetde ynsanlaryň dünýädäki amallary bir hilidir weli olar öz amallarynyň telek tarapyny görýän däldir ýöne kyýamatda ynsanyň şol amallarynyň telek taraplary onuň nähili mähşur bolmagynda täsirlidir.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- kapyrlaryň kyýamatda künnelenip zynjyrlanmaklary aslynda olaryň dünýäde eden -etmişleriniň netijesidir. kapyrlar dünýäde özleriniň gara nefsine bendi bolup görme-göze arkaýynlykda her bir işe baş goşýandyrlar. olaryň öz nefislerine eýerip şol edýän telek işleri kyýamatda zynjyr bolup olaryň el -aýaklaryny baglajakdyr.
2- kapyrlar geler -geçer lyzzetlerden haýyrlanjak bolup her bir işe baş goşýarlar gözlerini hakykatlara ýumýarlar, ne geçmişden ybrat alýarlar we nede gelejek barada oýlanýarlar.
///////////////