Oct 08, 2018 20:43 Asia/Ashgabat

bölüm 803,süre Ýasyn,Aýat 10-12

راهی بسوی نور (803)

Ýasyn süresi, 10 we 11-njy  aýatlar:

وَسَوَاء عَلَيْهِمْ أَأَنذَرْتَهُمْ أَمْ لَمْ تُنذِرْهُمْ لاَ يُؤْمِنُونَ (10) إِنَّمَا تُنذِرُ مَنِ اتَّبَعَ الذِّكْرَ وَخَشِيَ الرَّحْمَن بِالْغَيْبِ فَبَشِّرْهُ بِمَغْفِرَةٍ وَأَجْرٍ كَرِيمٍ (11)

<< olara parh etmez hä duýduryş ber hä duýduryş berme. olar ( her halda  ) iman getirmezler // diňe zikre ( gurhana ) eýerip nahan suratda rahman ( Alladan ) gorkýan adama duýduryş berersiň. onda ol kişini ýalkaw we serpaý bilen buşla .>>

Geçen gepleşigiň aýatlarynda gurhan kerim , kyýamatda kapyrlara we müşriklere agyr jezaň beriljekdigini habar berdi. gurhan kerim bu aýatlarda hem kapyrlara we müşriklere jezaň näme üçin beriljekdigine yşarat edip olara her halda hak bilen tersleşip hakyň kelamyny we pygamberiň sözlerini eşitselerde ony inkär edýändikleri üçin pygamberiň duýduryşlaryna üns bermeýändikleri üçin ahyretde Allanyň gazabyna giriftar boljakdyrlar olaryň ýürekleri suw içmeýän tetrim we egin ýeriň mysalydyr bu ýerlere rahmet baranyň kär etmeýşi ýaly olaryň ýüreginede hakyň kelamy kär etmez .

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : duýduryşa gulak asýan we hak sözini kabul edýän adamda duýduryş täsir eder gurhanyň aýatlary şol durşuna duýduryşdyr we köp aýatlarda hem yslam pygamberinden ( muzekker ) ýagny duýduryş beriji adam dilip at tutulandyr . dogrusy din magaryflary Allanyň tarapyndan ynsanyň durkynda goýlandyr , ýöne kä meseleler üçin ynsan özüniň bu ylahy durkyndan gaflat edýär. taňry tagala hem ynsanlary şol gaflat ukusyndan oýarmak üçin pygamberleri we asmanlyk kitaplary iberip ynsanlara duýduryş berip durýar we hakyň nämedigini we gümralygyň nämedigini olara bildirýär . indi her kim Alla tarapyndan bolan bu duýduryşlara üns berse ol hedaýat boljakdyr . her kim hem üns bermese gümra bolup allanyň gahar- gazabyna giriftar boljakdyr.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Alla ynsanlara hak bilen batyl ýollaryň parhyny bildirendir we bu ýollara gitmekligiň netijesi barada hem duýduryş berýändir ýöne duýduryşa gulak berip hakyň yzyna düşýän ynsanlar bu meseleden täsir alýandyr .

2- gurhan kerim gaflat ukusyna giden ynsanlary oýarýan duýduryş kitabydyr.

3- diňe bir daşyňdan däl eýsem içiňden hem alladan gorkmaklyk hakyky imanyň nyşanalaryndandyr.

4- pygamberleriň duýduryşlaryna üns berýän ynsanlar Allanyň rahmetine duş geljekdirler we olara behişt buşluk berilendir .

Ýasyn süresi, 12-nji aýat :

إِنَّا نَحْنُ نُحْيِي الْمَوْتَى وَنَكْتُبُ مَا قَدَّمُوا وَآثَارَهُمْ وَكُلَّ شَيْءٍ أحْصَيْنَاهُ فِي إِمَامٍ مُبِينٍ (12)‏

 << takyk biz ölenleri direlderis we olaryň önünden iberen zatlaryny we olaryň täsirini ýazarys we hemme zatlary şol aýdyň kitapda sanap geçendiris .>>

Pygamberleriň we asmanlyk kitaplaryň ynsanlara berýän duýduryşlarynyň biriside olaryň amallaryna kyýamatda ýetişikligiň ediljekdigi baradadyr . ynsan ölen soň ýene bir dünýäde direlip onuň amallaryna ýetişiklik ediljekdir.

Ynsanlaryň amallaryna ýetişiklik etmek üçin hem olar mizan – tereziň başynda soraga çekiljekdirler ynsanlaryň ýazyklaryna ýetişiklik etmek üçin dünýäde gurulýan diwanlarda , diňe şykaýat bolan mesele bilen baglanşykda ýazykly adamyň işine ýetişiklik bolýandyr we onuň beýleki amallary barada gürrüň hem edilýän däldir emma ahyretde guruljak mizan- terezide ynsanlaryň ýagşy , ýaman bütin amallary hasaba alynyp olaryň hemmesi barada sorag boljakdyr hatda ynsanlaryň amallarynyň 10-15 ýyl galdyran täsirleri hem hasaba alynjakdyr. Ahyrda hem ynsanlaryň amallary we şol amallaryň galdyran täsirleri esasynda ynsanlara jeza ýada serpaý beriljekdir. hamana bir adam gelip ýene bir adamy öldürýär , diwan , bu adamy , ýene bir adamyň janyny alanlygy üçin soraga çekýändir we onuň adam öldürmegi bilen şol ölen adamyň yzynda galanlara , onuň ogul- gyzyna ýada başdaşyna ýetişen durly kynçylyklary hasaba alýan däldir we şol kynçylyklar bilen baglanşykda hem ýanky ganhor adamy soraga çekýän däldir . emma kyýamatda ýagdaý başgaçadyr we ol ýerde ynsanyň amallaryndan başga onuň amallarynyň täsiri hem hasaba alynýandyr .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanlar , ölenleri soň hem olaryň amal depterleri baglanýan däldir eýsem kyýamata çenli onuň amallarynyň täsiri şol depterde hasaba alynjakdyr .

2- yslam medeniýetinde ynsan özüniň amallaryndan aýry şol amallaryň täsirleri barada hem jogapkärdir.

3- Alla tagala kyýamatda ynsanlaryň amallaryna çen we guman bilen ýetişiklik etjek däldir eýsem ynsanlaryň bütin amallary dykgat bilen onuň amal depterinde hasapa alynandyr.

///////////////////