bölüm,708,süre kasas,aýat 56-58
bölüm,708,süre kasas,aýat 56-58
راهی بسوی نور، برنامه (708)
Kasas süresi , 56-njy aýat:
إِنَّكَ لَا تَهْدِي مَنْ أَحْبَبْتَ وَلَكِنَّ اللَّهَ يَهْدِي مَن يَشَاءُ وَهُوَ أَعْلَمُ بِالْمُهْتَدِينَ (56)
<<şübhesiz sen her kimi gowy görýän bolsaň ony hedaýat edip bilmersiň eýsem Alla dur her kimi islese ony hedaýat edýändir we ol hedýat bolanlardan habarlydyr.>>
Müşrikleriň hemmesi butparazlykdan saklanyp yslam pygamberine eýermekden saklandylar ýöne kitap ählinden bolan hristiýanlaryň käleri Gurhanyň aýatlaryny eşidip yslam pygamberine iman getirmek bilen “bu adam Isa pygamberiň geljegini buşlan pygamberidir” diýip aýtdylar. Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda bir usuly beýan edip aýdýar: pygamberleriň borjy ylahy çakylygy we aýatlary halkyň gulagyna ýetirmekden ybaratdyr, emma ilatyň bu çakylygy we aýatlary kabul etmeklerinde ýada kabul etmezliklerinde pygamberleriň üstine hiç hili jogapkärçilik düşýän däldir, pygamber Allanyň ýoluny ilata tanatmalydyr indi her kim bu ýoldan ýöräp maksada ýetsin ýada bu ýoldan çykyp gümra bolsun ol onuň özüne baglydyr.pygamber hemmeleriň iman getrip Alla bendelik etmeklerini isleýändir ýöne halky bu işi etmäge mejbur etmäge hakly däldir. Egerde olary bu işe mejbur etse olaryň ýüreklerini haky kabul etmäge mejbur edip bilmez. deňe Alladyr adamlaryň ýüreklerine höküm sürýän we Alladyr haky ýürekden kabul etmekde kälere tofyk berýän, oňa görä hem yslam pygamberiniň ýakyn garyndaşlaryndan bolup-da oňa iman getirmedik adamlar az däldir, elbetde şonçada kitap ählinden bolup öz dinlerine täsip etmän, yslam pygamberine iman getiren adamlar hem az däldir. Gurhany kerimiň Ýunes süresiniň 43-nji aýaty hem bu hakykata yşarat edip “eý pygamber sen ýürek gözgüsi bilen görmeýän batyl adamlary hedaýat edip bilersiňmi” diýip aýdandyr.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary;
1-pygamberleriň borjy halky haka boýun etmek dälde eýsem diňe haky olara ýetirmekdir.haky kabul etmeklik ýada oný ret etmeklik adamlaryň özlerine baglydyr.
2-Allanyň islegi we yradasy hekmet esasyndadyr,Taňry tagala özüniň hekmeti esasynda her kimi islese oňa tofyk berip hedaýat edýändir.
kasas süresi,57-nji aýat:
وَقَالُوا إِن نَّتَّبِعِ الْهُدَى مَعَكَ نُتَخَطَّفْ مِنْ أَرْضِنَا أَوَلَمْ نُمَكِّن لَّهُمْ حَرَماً آمِناً يُجْبَى إِلَيْهِ ثَمَرَاتُ كُلِّ شَيْءٍ رِزْقاً مِن لَّدُنَّا وَلَكِنَّ أَكْثَرَهُمْ لَا يَعْلَمُونَ (57)
<
<
Gurhany kerimiň bu aýaty Mekge şäherinde ýaşaýan adamlar hakyndadyr. olar yslam pygamberiniň we Gurhany kerimiň ber-haklygyna göz ýetirseler-de ,özleriniň şahsy bähbitlerine eýerip iman getirmekden saklanýardylar. Olar özleriniň bu işleri üçin hem “egerde biz saňa iman getirsek Mekgäň güýçli baý- baranda adamlary we başlyklary bizi Mekgeden kowup çykaryp bizi awara ederler” diýip bahana getirýärdiler. Gurhany kerim olaryň bu bahanalarynyň jogabynda “allanyň güýji köpmi? ýada Mekge başlyklarynyň güýji?,Alla size köp nygmatlary bagyş etdi we sizi bu aman ülkede, diýmek Mekgede ýerleşdirdi ,indi şeýle bir Alla sizi müşrikleriň garşysynda gorap bilmezmi?” diýip aýdýar.
yslamyň başynda musulmanlar, Mekgäň müşriklerinden köp azarlary görseler-de soň Allanyň kömegi bilen olaryň güýç kuwwatlary artdy we ahyr soňda Mekge kapyrlaryny hem ýeňip olary öz erklerine geçirdiler.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1-iman getirmän adamlaryň köpsi hakdan bi-habar däldirler eýsem özleriniň haý-höwesine we şahsy bähbitlerine gol bolan adamlardýr.
2-her bir zatdan ozal howpsyzlyk gerekdir, howpsyzlyk bolmadyk ýerinde ykdysady ösüş hem bolmaz ,aslynda ykdysady ösüş ilatyň howpsyzlygynyň we asudalygynda ile gelýändir.
Kasas süresi, 58-nji aýat:
وَكَمْ أَهْلَكْنَا مِن قَرْيَةٍ بَطِرَتْ مَعِيشَتَهَا فَتِلْكَ مَسَاكِنُهُمْ لَمْ تُسْكَن مِّن بَعْدِهِمْ إِلَّا قَلِيلاً وَكُنَّا نَحْنُ الْوَارِثِينَ (58)
<<ýaşaýyşlarynda başlaryna gidenlikleri sebäpli köp ülkeleriň ýaşaýjylaryny heläk etdik, bular olaryň ýaşan jaýlarydyr.olardan soň bu jaýlaryň bir näçesinden başgasy ýaşaýyş jaý bolan däldir we olaryň mirasdüşeri diňe biz bolandyrys.>>
Gurhany kerim, öňki aýatlaryň dowamynda Mekgäň müşriklerine ýüzlenip “siz özleriňiz baýlyklaryňyzy we asudalyklaryňyzy gorajak bolup iman getirmekden saklandyňyz emma siz geçen kowumlaryň käleriniň baýlyklaryny göterip bilmän dogry ýoldan çykyp ahyr soňda heläk bolanlaryny unutdyňyzmy?” diýip aýdýar.ýenede olara ýüzlenip “indi siz hem şele bir bol-elin ýaşaýyşdan we zyýada baýlykdan paýly bolup azapdan gutulyp bileris diýip aýdyp bilersiňizmi? ýok baýlyk we bol-elin ýaşaýyş sizi ylahy azapdan halas edip bilmez. hawa, Mekgeden şam ýurduna tarap ýola düşýän Araplaryň kerwenleri ýoluň ogrunda Ad we Semut kowumlaryň ýurtlaryny we olaryň harabalyga öwrlen jaýlaryny we şäherlerini görýärdiler,ýöne şonda-da ybrat almadylar.
Gurhany kerimň bu aýatynyň öwredýän sapaklary.
1-kä wagtlar baýlyk we mal-mülk ynsanlary bagtly edýän däldir, eýsem ynsanyň menliklenip hakdan daş düşmegine we netijede heläk bolmagyna sebäp bolýandyr.
2-geçen kowumlardan we medeniýetlerden ýadygär galan binalar ,ynsanlar üçin ybrat bolmalydyr oňa görä geçen halklaryň taryhy binalaryny we ýadygärliklerini gorap saklamak, indiki nesiller üçin gerekli zatdyr.
3-dünýä bir geler geçer zatdyr. baý adamlaryň bol- elin ýaşaýyşlaryny görüp oňa magtanmaly däl, sebäbi olar hem bir gün bu baýlyklary taşlap gitjekdirler, we baýlykdan we mal-mülkden olara zerre peýda boljak däldyr.
///////////////