bölüm,709,süre kasas,aýat 59-63
bölüm,709,süre kasas,aýat 59-63
راهی بسوی نور، برنامه (709)
Kasas süresi, 59-njy aýat:
وَمَا كَانَ رَبُّكَ مُهْلِكَ الْقُرَى حَتَّى يَبْعَثَ فِي أُمِّهَا رَسُولاً يَتْلُو عَلَيْهِمْ آيَاتِنَا وَمَا كُنَّا مُهْلِكِي الْقُرَى إِلَّا وَأَهْلُهَا ظَالِمُونَ (59)
<< repbiň şäherleri ýok etmek niýetde bolan däldir , meger ( ýok etmekden ozal ) olaryň arasynda biziň aýatlarymyzy okar ýaly pygamber belländir we biz şäherleri ýok eden däldiris , meger onuň ýaşaýjylary sütemkärlerden bolandyrlar.>>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Taňry tagala öz mal – mülklerini we orun-mertebelerini goramak üçin iman getirmekden saklanýan ynsanlara ýüzlenip “Siz , öz mal – mülklerine magtanyp dogry ýoldan çykan kowumlaryň geçmişini görüp olardan ýadygär galan harabalyklary synlap duransyňyz we biz olary heläk edendiris” diýip aýtdy. Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda taryh boýunda üýtgemän galan bir ylahy kada yşarat edip: elbetde Taňry tagala, ylahy aýatlary eşidip ony inkär edenleri soň Alla olaryň başyna azap inderip olary heläk edýändir we pygamberleri görip olaryň getiren ylahy sargytlaryndan habarly bolanlary soň pygamberleriň öňünde durmak bilen diniň taglymatyny sütem edenleri soň Alla olary şu dünýäde azaba giriftar edip heläk edýändir diýip aýdýar.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- Taňry tagala halka, aýtmaly zady aýtmazdan ozal olary jezalandyrýan däldir
2- pygamberleri inkär edip hakyň öňünde durmaklyk oly sütemkärlikdir we Alla onuň jogabyny şu dünýäde berjekdir.
Kasas süresi, 60 we 61-nji aýatlar:
وَمَا أُوتِيتُم مِّن شَيْءٍ فَمَتَاعُ الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَزِينَتُهَا وَمَا عِندَ اللَّهِ خَيْرٌ وَأَبْقَى أَفَلَا تَعْقِلُونَ (60) أَفَمَن وَعَدْنَاهُ وَعْداً حَسَناً فَهُوَ لَاقِيهِ كَمَن مَّتَّعْنَاهُ مَتَاعَ الْحَيَاةِ الدُّنْيَا ثُمَّ هُوَ يَوْمَ الْقِيَامَةِ مِنَ الْمُحْضَرِينَ (61)
<< size berilen zat, dünýäniň ýaşaýyş matasy we onuň zynatydyr ( ýöne) Allanyň ýanyndaky ýagşyrak we hemişelikdir. onda oýlanmaýarsyňyzmy?// Ýagşy zady wada berip şol ýagşy zady hem görjek kişi dünýäniň ýaşaýyşynyň matasyny bagyş etmekmizden soň kyýamatda (azap üçin ) çagyryljak kişilerimiz ýalymy?>>
Gurhany kerim bu aýatlarda dünýä üçin iman getirmekden saklanýan adamlaryň jogabynda “Allanyň ýanyndaky zatlar , siziň bu pany dünýädäki zatlarňyz bilen deňmidir? Onda näme üçin şol ýagşy zada ýetmek üçin dünýäň bu entejik matasyndan el özmeýärsiňiz ýada dünýäň baýlyklary siziň gözüňizi kör edip indi siz şol nygmatlaryň hakyky bagtýarlykdygyny görmeýärsiňizmi?” diýip aýdýar.
Gurhany kerim bu süräniň 60-njy aýatynyň soňunda hem müşrikleriň Allanyň ýanyndaky ylahy nygmatlary goýup dünýäniň entejik malyna ýapyşmaklaryna tankyt bildirip olara ýüzlenip “oýlanmaýarsyňyzmy? egerde bu zatlary deňäp görseňiz hakyky we hemişelik nygmatyň haýsydygyna göz ýetirjeksiňiz” diýip aýdýar.
Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hakykatlary görüp bilýän ynsanlar bilen hakykatlary görüp bilmeýän ynsanlary deňeşdirip aýdýar: Allanyň beren wadalaryna imanlary bolup hudaý üçin işleýän ynsanlara , kyýamatda gowy serpaý beriler ýöne dünýäň baýlygyna bil baglap hakykatlary görmeýän ynsanlara kyýamatda oly azap beriler we olaryň jaýy dowzahdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- dünýäň we ahyretiň nygmatlary –ikiside – Alla tarapyndandyr onda dünýäniň geler-geçer nygmatlary bizi ahyretiň hemişelik nygmatyndan nesipsiz galdyrmasyn , şol ylahy nygmatdan nesipsiz galsak hakyky zyýankärlerden boljakdyrys.
2- akylly adam dünýäň baýlygyny magtanyp ahyretden gapyl galmaz onda dünýäň geler geçer nygmatlaryna we baýlyklarna aldanmagyň ýerine ahyretiň pikrinde bolmalydyrys.
3- dini wagyz edip adamlary terbiýelemekde , gowy zatlar bilen telek zatlary deňeşdirip adamlara sorag bermek bilen bu mohuma baş goşmalydyr.
Kasas süresi, 62 we 63-nji aýatlar:
وَيَوْمَ يُنَادِيهِمْ فَيَقُولُ أَيْنَ شُرَكَائِيَ الَّذِينَ كُنتُمْ تَزْعُمُونَ (62) قَالَ الَّذِينَ حَقَّ عَلَيْهِمُ الْقَوْلُ رَبَّنَا هَؤُلَاء الَّذِينَ أَغْوَيْنَا أَغْوَيْنَاهُمْ كَمَا غَوَيْنَا تَبَرَّأْنَا إِلَيْكَ مَا كَانُوا إِيَّانَا يَعْبُدُونَ (63)
<< Allanyň “maňa şärik tutunan zatlaryňyz hany?” diýip (müşriklere) ýüzlenip (sorajak) günini ýadyňa sal// şonda Allanyň emri (azaby) hökman başlaryna injek kimseler”bar hudaýa! bular biziň gümra eden adamlarmyzdyr – özümiziň gümra bolşumyz ýaly olary hem gümra etdik, biz olardan seniň ýanyňa pena getirýäris (aslynda) olar bize ybadat etmediler ( eýsem öz haý-höweslerine eýerdiler)” diýip aýdarlar.>>
Gurhany kerim bu aýatlarda müşrikleriň kyýamat güninde gabat geljek ýagdaýlaryna yşarat edip aýdýar: kyýamat güninde olara pena berjek bolmaz we bir özleri galarlar, şonda Alla tagala olara ýüzlenip “sizi bu ýagdaýdan halas edip biler ýaly dünýäde maňa şärik tutunýan kimseleriňiz hany?” diýip sorar .
gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar: müşrikleriň dünýäde eýerýän ýolbaşçylary orta gelip “müşrikler, ýalandan bize eýerdik we şolara çokundyk diýip aýdýarlar , ýok, olar bize çokunmadylar aslynda olar özleriniň islän zatlarna ýetmek üçin öz haý-höweslerine eýerdiler we biz ýaly gümra boldular, onda biz olaryň hudaýy bolan däldiris we bu jähetden biz olardan bizarlygymyzy yglan edýäris” diýip aýtjakdyrlar.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Allanyň hatarynda goýulup bendelik edip bolaýjak zadyň bolmaklygy bir owhamdyr we şeýle bir zat hiç mahal bolup bilmez .
2- adamlary Alla tarap çagyrmagyň deregine özüne tarap çagyrýan ynsanlar, kyýamatda Allanyň azabyna giriftar boljakdyrlar .
3- aldanyp gümra bolan ynsanlar , özgeleri gümra etmegiň yzyndadyrlar.
4- dünýäde adamlary gümra eden ýolbaşçylar kyýamatda , özleriniň gümra eden adamlaryndan ýüzlerini öwürjekdirler ýöne bularyň bu işi olara peýda berjek däldir we her halda olaryň barjak jaýy dowzahdyr.
///////////////