Oct 14, 2018 21:15 Asia/Ashgabat

bölüm 804,süre Ýasyn,Aýat 13-19

راهی بسوی نور (804)

Ýasynn süresi, 13 we 14-nji aýatlar :

وَاضْرِبْ لَهُم مَّثَلاً أَصْحَابَ الْقَرْيَةِ إِذْ جَاءهَا الْمُرْسَلُونَ (13) إِذْ أَرْسَلْنَا إِلَيْهِمُ اثْنَيْنِ فَكَذَّبُوهُمَا فَعَزَّزْنَا بِثَالِثٍ فَقَالُوا إِنَّا إِلَيْكُم مُّرْسَلُونَ (14)

<< olara şol şäheriň ýaşaýjylarynyň (boluşyndan ) mysal getir we olaryň üstüne pygamberleriň gelşini aýdyp ber // haçanda (pygamberlerden) ikisini olaryň üstüne iberemizde olar ol iki pygamberi inkär etdiler, soň üçünjisi bilen ( öňki iki pygambere ) goldaw berdik . olar ( pygamberler ) "biz ( Allanyň tarapyndan ) siziň üstüňize iberildik" diýip aýtdylar .)>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda pygamberleriň Alla tarapyndan getiren taglymatlaryna kapyrlar bilen möminleriň çemeleşmeklerini beýan etmekden soň bu aýatlarda aýdýar : eý pygamber! mekgäň müşriklerine sapak bolar ýaly geçen kowumlara iberlen pygamberleriň dessanyny olara aýdyp ber şol kowumlary dogry ýola getirmek üçin pygamberler iberildiler ýöne olar ol pygamberler bilen jedel edip olaryň çakylygyny kabul etmediler. olar : Allanyň biz bilen işi bolmaz we biz öz bilmeli zatlarymyzy özümiz bilip ony ýerine ýetirip bileris diýen gumanda boldular. pygamberler bolsa müşrikleriň bu gumanlaryny düzeltmek üçin : biz bu sözleri öz ýanymyzdan aýdýan däldiris eýsem allanyň sargydyny size ýetirýändiris we biziň aýdýan zatlarmyz Allanyň sargydyndan aýry zat däldir we özümiz üçin hem hiç zady isleýän däldiris diýip aýtdylar:

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ozalky kowumlaryň ykballary häzirki nesil üçin we soň geljek nesiller üçin bir ýol görkeziji çyradyr.

2- pygamberler öz sargytlaryny halka ýetirmek üçin halyk olaryň ýanlaryna gelsin diýip garaşyp oturmaýardylar eýsem olaryň özleri ilatyň üstüne baryp Allanyň sargydyny olara ýetirýärdiler .

3- kä wagtlarda bir kowumyň adamlaryny dogry ýola hedaýat etmek üçin bir zamanda näçe pygamber ol kowumyň üstüne iberilýärdi .

Ýasyn süresi, 15 , 16 we 17-nji aýatlar :

قَالُوا مَا أَنتُمْ إِلاَّ بَشَرٌ مِّثْلُنَا وَمَا أَنزَلَ الرَّحْمن مِن شَيْءٍ إِنْ أَنتُمْ إِلاَّ تَكْذِبُونَ (15) قَالُوا رَبُّنَا يَعْلَمُ إِنَّا إِلَيْكُمْ لَمُرْسَلُونَ (16) وَمَا عَلَيْنَا إِلاَّ الْبَلاَغُ الْمُبِينُ (17)

<< ( müşrikler ) siz hem biz ýaly adamzatdan aýry zat dälsiňiz we rahman Alla ( size hiç zady ) inderen däldir we siziň ýalandan başga bilýän zadyňyz ýokdur diýip aýtdylar // şonda pygamberler : biziň repbimiz biziň, siziň üstüňize ilçi edilip iberlendigimizi bilýändir .// we Allanyň sargydyny açaçan halka ýetirmekden aýry biziň üstümizde jogapkärçilik ýokdur diýip aýtdylar .>>

Ylahy pygamberleriň çakylygynyň garşysynda müşrikleriň we kapyrlaryň aýdara zatlary ýokdur, şonuň üçin hem olar çärelerini gutaryp : siziň bizden näme artykmaç tarapyňyz bar? sizem biz ýaly bir ynsan, egerde Alla bizi öz ýoluna çagyrmakçy bolsa özümiz ýaly bir adamy dälde eýsem özüniň ýakyn perişdelerinden birsini ibermeli diýip aýtdylar . dogrusy kapyrlar bu hil sözleri dile getirmek bilen : biz özümiz ýaly bir adamyň aýdanlaryny etmeýäris Allanyň iberjek kimsesi bizden artykmaç bolmaly diýip aýtjak bolandyrlar .

Aýry bir tarapdan egerde Allanyň pygamberleri perişdeler bolan bolsady pygamberler hem biziň birimiz ýaly diýip aýdýan şol kapyrlar we müşrikler : perişdeler iýmek , içmek , ýatmak we beýleki zatlar barada özleriniň etmeýän işlerini bize ediň diýip aýdýarlar diýip aýyp tutardylar. şunuň üçin hem Taňry tagala bu hili adamlaryň pygamberlerden tutaýjak aýyplarynyň öňüni almak üçin öz ilçilerini perişdelerden dälde eýsem ynsanlardan saýlap iberendir . onsuňda Taňry tagala özüniň beren tabşyryklaryna hemmeler amal ederler ýaly hemmelerden ozal özüniň ýollan ilçilerinden şol buýruklara amal etmekligi isländir . emma müşrikler "Alla rahmandyr" diýen ybaratdan peýdalanyp Allaň biziň amallarymyza mätäçligi ýokdur ol gaty mähribandyr we bizi ýaradyp öz erkimize goýandyr diýip aýtmakçy bolýandyrlar, emma dogrusyny gözläp görseň şu rahman Alla özüniň mähribanlygy we rahmanlygy üçin hem ynsanlaryň bagtyýarlygy üçin olara ýol görkezendir we pygamber iberip olaryň etmeli işlerini belli edip goýandyr .

Kapyrlaryň we müşrikleriň bildirýän aýyplamalarynyň jogabynda pygamberler : bizi we sizi ýaradan şol Alla, sizi dogry ýola hedaýat etmek üçin bizi iberendir we biziň bolsa allanyň sargytlaryny size ýetirmekden aýry borjumyz ýokdur egerde biz kezzap bolsak Alla bizi beýdip goýmazdy eýsem ryswa ederdi diýip aýtdylar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kä ynsanlar Allanyň rahmaty barada ýalňyş gumandadyrlar we olar , Alla ynsanlary ýaradyp olary öz erkine goýandyrlar we olar bilen hiç hili işi ýokdur diýip aýdýarlar emma , öz perzendine mähriban bolan ene -ata , çagany dünýä getirip ony öz erkine goýýarlarmy ? ýada onuň gelejeginiň aladasyny edýärlermi ? egerde ene -atalar öz perzentleriniň aladasyny edýän bolsalar onda näme üçin , rahmanlygyň we mähribanlygyň çeşmesi bolan Alla şeýtmeli dälmiş?

2- pygamberler diňe halky dogry ýola çagyrýandyrlar we olaryň dogry ýola girmekleri ýada girmezlikleri pygamberleriň borjy däldir, oňa görä pygamberler "halyk iman getirmeýärler" diýip haky wagyz etmekden saklanýan däldirler eýsem olar ölýänçäler haky wagyz edip gezýändirler .

Ýasyn süresi, 18 we 19-njy aýatlar :

قَالُوا إِنَّا تَطَيَّرْنَا بِكُمْ لَئِن لَّمْ تَنتَهُوا لَنَرْجُمَنَّكُمْ وَلَيَمَسَّنَّكُم مِّنَّا عَذَابٌ أَلِيمٌ (18) قَالُوا طَائِرُكُمْ مَعَكُمْ أَئِن ذُكِّرْتُم بَلْ أَنتُمْ قَوْمٌ مُّسْرِفُونَ (19)

<<>>

Gurhan kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda kapyrlaryň we müşrikleriň boş mantyklaryna yşarat edip aýdýar:Olar, pygamberleriň sözüni we onuň beýik taglymatyny eşitmegiň deregine boş gürläp pygamberlere haýbat atmak bilen :Siziň aýagyňyz düşmedi siz il- güne betbagtçylykdan aýry zat getirmediňiz onda ýa bu aýdýan zatlaryňyzda el üzüň ýada sizi daşlap şäherden kowup çykararys ýada agyr azaplar bilen sizi öldüreris diýip aýtdylar.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

  1. Ýalan aldamak , harlamak şeýlede haýbat atmaklyk, pygamberleriň çakylygynyň garşysynda duşmanlaryň bilip bitiren zatlarydy .
  2. Fala, gurra uýmaklyk ýada telekä ýormaklyk ýaly düşünjeler nadanlyk we jaheliýet duruň düşünjelerindendir we mantygy bolmadyk ynsanlar bu hili zatlara ynanýandyrlar.

////////////////////

  1. Kapyrçylyk we günäkärçilik ynsanlaryň betbagtçylygyny sebäp bolýandyr .
  2. isrip kärlik diňä iýmek içmeklik däldir isem hakyň garşysynda durup haky aýak aşakda goýan ynsanlar hem isrip-kärler-dirler .