Oct 14, 2018 21:21 Asia/Ashgabat

bölüm 805,süre Ýasyn,Aýat 20-27

راهی بسوی نور (805)

Ýasyn süresi, 20 we 21-nji aýatlar :

وَجَاء مِنْ أَقْصَى الْمَدِينَةِ رَجُلٌ يَسْعَى قَالَ يَا قَوْمِ اتَّبِعُوا الْمُرْسَلِينَ (20) اتَّبِعُوا مَن لاَّ يَسْأَلُكُمْ أَجْراً وَهُم مُّهْتَدُونَ (21)

<< we şäheriň daş tarapyndan bir adam ylgap gelip : eý meniň kowumym ( Allanyň ýollan ) ilçilerine eýeriň diýdi .// bir kimselere eýeriň weli olar sizden serpaýa garaşmaýan bolsun we özide ( dogry ýola ) hedaýat bolan bolsun ( diýip ol adam aýtdy ) .>>

Geçen gepleşikde pygamberleriň ynsanlary dogry ýola hedaýat etmek ugurda çeken zähmetlerine yşarat etdik , gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda : möminleriň kä birisi zalymlaryň garşysynda pygamberlerden arka çykmakda janlaryny bermägede taýyndyrlar diýip aýdýar .

Şäheriň ol bir çetinde ýaşaýan Hebip nejjar diýen bir adam käleriň pygamberleri harlap öldürmek niýetleriniň bardygyny bilip ylgap şäheriň merkezine gelýär we pygamberleri goramak barada ilatdan kömek soraýar . Hebip nejjar bir mömin adam hökmünde duşmanlar pygamberlere el degirip bilmezler ýaly hem özüniň mömin bolmalydygyny hemde beýleki adamlarydy imana çagyrmalydygyny bilýärdi. şeýlede ol pygamberleriň halky dogry ýola çagyrmak üçin olardan iňňäň ujy ýaly ham tamaçylygynyň ýokdygyny bilýärdi .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ylahy dinlerden we ýolbaşçylardan arka çykmaklyk mömin adamlaryň etmeli işleriniň birisidir .

2- dinden arka çykmakda ýalňyz ýeke bolsaňda mömin adam bu borjunda tapylmalydyr . kä wagtlarda mömin adamlar sanlary azda bolsa gorkman meýdana gelip hakdan arka çykmalydyrlar .

3- hakykat ýoluna hedaýat bolan şeýlede olaryň ýollarynyň dogrylygyna ynamymyz bolan hak adamlaryň yzyndan ýöremelidiris.

Ýasyn süresi, 22 , 23 we 24-nji aýatlar :

وَمَا لِي لاَ أَعْبُدُ الَّذِي فَطَرَنِي وَإِلَيْهِ تُرْجَعُونَ (22) أَأَتَّخِذُ مِن دُونِهِ آلِهَةً إِن يُرِدْنِ الرَّحْمَن بِضُرٍّ لاَّ تُغْنِ عَنِّي شَفَاعَتُهُمْ شَيْئاً وَلاَ يُنقِذُونِ (23) إِنِّي إِذاً لَّفِي ضَلاَلٍ مُّبِينٍ (24)

<< näme üçin , meni ýaradan we ( ahyrda hem ) hemmeleriň oňa tarap dolanjak kimsesi bolan (Alla) bendelik etmäýin? // onuň ýerine başga perwerdigäri saýlaýynmy? egerde rahman (alla) maňa zyýan ýetirmekçi bolsa onuň şepagaty maňa zerre peýda bermesin ýada meni gutuldyrmasyn ?// şeýle bolan ýerinde men äşgär gümralykda boljakdyryn .>>

Ylahy pygamberlerden arka çykmakda şäheriň ol bir tarapdan şäheriň merkezine gelen ýaňky adam özüniň işiniň dogrulygyny halka düşündirmek üçin : siziň hyýaly butlaryňyza näme üçin çokunmalydygymy bilmeýärin emma aslynda mähriban Alla meni ýaradandyr oňa görä egerde bir zada çokunmaly bolsam ol zat şol mähriban Alladan başga hiç zat bolup bilmez diýip aýtdy . dogrusy barça zatlary ýokdan bara getiren Alla çokunmaklyk hem aklyň taýdan dogrudyr hemde ynsanyň pytretine jebis gelýändir. emma butlara meňzeş zatlara çokunmaklygyň akyl taýdan hiç dogry tarapy ýokdur sebäbi egerde ol butlar biziň üstümizden hiç howpy sowup bilýän däldirler olardan ynsana ne peýda bardyr nede zyýan . oňa görä bu hili zatlara çokunmaklygyň pitrete we akla jebis gelýän ýeri ýokdur eýsem diňe ynsanyň gümralygyna sebäp bolýandyr .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- barça zatlary ýokdan bara getiren alla çokunmaklyk we oňa bendelik etmeklik akyl taýdan dogry işdir ýöne Butlar ýaly ýasama hudaýlara bendelik etmegiň akyl taýdan dogry ýeri ýokdur .

2- diňe ynsanyň ýaradylmagy däl eýsem onuň ömrüniň soňy hem allanyň elindedir onda diňe şeýle bir gudratly Alla bendelik edeli bu bendelik hem ynsanyň aklyna jebis gelýändir hemde onuň pitretine ugurdaşdyr.

Ýasyn süresi, 25 , 26 we 27-nji aýatlar :

إِنِّي آمَنتُ بِرَبِّكُمْ فَاسْمَعُونِ (25) قِيلَ ادْخُلِ الْجَنَّةَ قَالَ يَا لَيْتَ قَوْمِي يَعْلَمُونَ (26) بِمَا غَفَرَ لِي رَبِّي وَجَعَلَنِي مِنَ الْمُكْرَمِينَ (27)

<<( eý adamlar ) men siziň perwerdigäriňize iman getirdim, onda meniň sözüme gulak beriň // ( ahyrda şäheriň ýaşaýjylary ony şehit etdiler we): behişde gir diýip aýtdylar . (şonda ol ) : käşkim meniň kowumym bilselerdi // repbimiň meni ýalkanlygyny we meni hormatlanan kimseleriň hatarynda goýanlygyny bilselerdi diýip aýtdy.>>

Ylahy pygamberlerden arka çykan ýaňky adam özüniň delilerini beýan etmekden soň : men bu pygamberlere iman getirdim we sizi hem bu ýola çagyrýaryn onda meň sözüme gowy gulak berip meň aýdýan zatlarym barada oýlanyň diýip aýtdy .

Ýöne kapyrlar bu ylahy ynsanyň aýdýan hak sözüne gulak bermediler eýsem onuň gepinden gutulaly diýip ony şehit etdiler ýöne Alla ol ylahy adamyň Bärzäh dünýäsinde behiştde bolmagyna emr etdi . kyýamat gopýança bu ylahy adam şeýlede allanyň ýolunda şehit bolýan şu hili salyhy ynsanlar Bärzäh dünýäsinde behişdiň nygmatlaryndan paýly boljakdyrlar.

Allanyň ýolunda şehit bolan ynsanlaryň öli dälde diridikleri barada gurhan kerimiň aly-emran sürüsiniň 169-njy aýatynda : allanyň ýolunda öldürlen ynsanlary ölüler diýmäň eýsem olar diridirler we öz perwerdigärleriniň ýanyndan ryzyk alýandyrlar diýip aýdýar .

Ýaňky salyhy ynsan şeýle bir öz kowumynyň ýagşylygyny isleýärdi weli olar ony öldüren bolsalarda ol ýene olaryň gamyny iýip käşkim meniň kowumym hem hedaýat bolup men ýaly bagtly bolsalardy diýip arzuw edipdi .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- dinden we din başlyklaryndan arka çykmakda gerek bolsa hatda öz janyňdan hem geçmelidir .

2- ylahy ynsanlar halkyň ýagşylygyny isleýändirler olar halykdan köp azarlary görselerde olara ýaman günleri dälde ýagşy günleri arzuw edýändirler .

3- allanyň ýolunda janlaryny elden berýän şehitler kyýamata çenli Bärzäh dünýäsinde behiştiň nygmatlaryndan paýly bolup ýaşajakdyrlar.

 

/////////////////