Nov 24, 2017 12:37 Asia/Ashgabat

bölüm,710,süre kasas,aýat 64-69

برنامه راهی بسوی نور(710)       

Kasas  süresi, 64-nji aýat:

وَقِيلَ ادْعُوا شُرَكَاءكُمْ فَدَعَوْهُمْ فَلَمْ يَسْتَجِيبُوا لَهُمْ وَرَأَوُا الْعَذَابَ لَوْ أَنَّهُمْ كَانُوا يَهْتَدُونَ (64)

 

<< müşrikler aýtdylar “öz şärikleriňizi (Alla şärik tutýan zatlaryňyzy) çagyryň” diýip. Şonda olary çagyrarlar, ýöne olar jogap bermezler we azap görerler, şonda “käşki hedaýat bolanlardan bolan bolsadyk” diýip (arzuw ederler)>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly müşrikleriň we kapyrlaryň başlyklary, olardan ýüz öwrüp olaryň azmaklarynyň jogapkärçiligini boýun almazlar. Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar: müşrikler, Allanyň ýerine goýup çokunýan zatlarynyň näderejede ejizligini bildirmek üçin olara “ bu gün size goldaw berer ýaly dünýäde bendelik  eden zatlaryňyzy çagyryň belki sizi bu ýagdaýdan halas etsinler” diýlip aýdylar. Şonda müşrikler olary çagyrarlar, ýöne olardan ses çykmaz we kömek bolmaz. Şonda müşrikler “käşki bu gün şeýle bir ýalňyz galmaz ýaly dünýäde ylahy hedaýaty kabul ederdik” diýip arzuw ederler.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1-dünýäde Allany unudyp onuň ýerine başgalara bil baglasak kyýamatda Allanyň goldawyndan mahrum galjakdyrys.

2-kyýamat güni günäkärleriň we azgyn ynsanlaryň ahmyr çekjek günidir, ýöne ahmyr olara peýda bermez.

Kasas süresi, 65, 66 we 67-nji aýatlar:

وَيَوْمَ يُنَادِيهِمْ فَيَقُولُ مَاذَا أَجَبْتُمُ الْمُرْسَلِينَ (65) فَعَمِيَتْ عَلَيْهِمُ الْأَنبَاء يَوْمَئِذٍ فَهُمْ لَا يَتَسَاءلُونَ (66) فَأَمَّا مَن تَابَ وَآمَنَ وَعَمِلَ صَالِحاً فَعَسَى أَن يَكُونَ مِنَ الْمُفْلِحِينَ (67)

<<şol günde (Alla) olara ýüzlenip “pygamberlere näme jogabyňyz boldy” diýip sorar.// bes şol günde habarlar olardan basyrgyly bolar, we olar bir-birlerinden zat soramazlar// ýöne toba edip iman getirmek bilen ýagşy işleri eden adam belki bagtyýarlardan bolar.>>

Gurhany kerim geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda aýdýar: kyýamat gününde müşriklerden, pygamberler sizi Allanyň bendeligine we ýagşy işlere çagyrdylar, siz olaryň çakylygyny nähili garşy aldyňyz diýlip soraljakdyr. Elbetde müşrikleriň bu soraga jogaplary boljak däldir. Egerde “biz pygamberleriň çakylygyny garşy alyp iman getirenlerden boldyk” diýip aýtsalar oly ýalan bolup onuň hiç bir hyrydary boljak däldir. Ýöne egerde olary inkär edip pygamberleri “jadygöý we mejnun adamlar” diýip aýtdyk diýseler we olara iman getirmegiň ýerine olar bilen uruşdyk diýip aýtsalar onda öz jenaýatlaryna we ýazyklaryna ykrar etdikleri bolar. Her halda olar kyýamat gününde her näme diýseler olaryň zyýanyna boljakdyr. onsoňda müşrikler bu soraga jogap bermek üçin özleri ýaly beýleki müşrikler bilen geňeşip olaryň pikrinden haýyrlanyp biljek däldirler.

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda “egerde müşrikler bu gün şeýle bir ýagdaýa giriftar bolup olaryň gaçara ýerleriniň ýoklugyny görýän bolsaňyz dünýäde olara ýoly baglamandyk we olara toba edip pygamberlere iman getirmek bilen ýagşy işleri edip bilýärdiler, egerde olar dünýäde bu işleri eden bolsalardy bu gün sagadat ählinden bolup Allanyň azabyna giriftar bolmazdylar” diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-müşrikleriň kyýamat gününde mizan-tereziniň başynda özleriniň eden-etmişleri we Alla kapyr bolmaklary barada aýdara zatlary boljak däldir.

2-kyýamat gününde ýagşylygyň gapylary baglanjakdyr we adamlar bir-biri bilen maslahatlaşyp ylahy suwdiýanyň soraglaryna jogap berip biljek däldirler.

3-yslam dininde müşrikler we günäkär adamlar üçin ýol bagly däldir, eýsem her kim toba edip eden etmişlerini ýuwup hak ýoluna dolanyp biljekdirler.

4-ynsanlaryň bagtyýarlygy ýaramazlyklary terk edip ýagşylyklara ýüzlenmeklerindedir.

Kasas süresi, 68 we 69-njy aýatlar:

وَرَبُّكَ يَخْلُقُ مَا يَشَاءُ وَيَخْتَارُ مَا كَانَ لَهُمُ الْخِيَرَةُ سُبْحَانَ اللَّهِ وَتَعَالَى عَمَّا يُشْرِكُونَ (68) وَرَبُّكَ يَعْلَمُ مَا تُكِنُّ صُدُورُهُمْ وَمَا يُعْلِنُونَ (69)

<<>>

Gurhany kerim bu aýatlarda kanunlary düzmekde ýada açyklamakda, Allanyň ýaradan zatlaryna rol kaýyl bolýan müşrikleriň jogabynda aýdýar: Alla nämäni ýaradaýyn we nähili ýaradaýyn diýse we kimi pygamber edeýin diýse we ilata näme kanunlary belläp goýaýyn diýse ony başarar we hiç kim ony bir işe mejbur edip bilmez ýada hiç bir zat oň yradasynyň oňunda bewet bolup bilmez. Alla özüniň yradasy bilen ynsanlara erk-ygtyýar berip olary ýaradandyr ýöne ynsanlaryň erk-ygtyýarlary Allanyň erk-ygtyýaryna össemdir ýaradylyşda hiç kimiň we hiç bir zadyň elinden zat gelýän däldir eýsem ýaradylyş Allanyň elindedir, kanun düzmekde hem hemme zat Alla dolanýandyr. Gurhany kerim “Ähzap” süresiniň 36-njy aýatynda hem bu hakykata yşarat edip “haçanda Alla we onuň resuly bir zady isleseler (bir permany berseler) onuň tersine amal eder ýaly mömin zenanlaryň we erkekleriň erk-ygtyýarlary bolmaz” diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-barlygy ýaradyp onuň işlerine çäre görmeklik şol sanda kanun belli etmeklik we ýada pygamberleri saýlap seçmeklik, bu zatlaryň hemmesi Allanyň elindedir.

2-Allanyň kanunlarynyň öňünde durup, adamyň düzýän kanunlaryny kabul edýän adam aslynda kanun düzmekde, ynsany Alla şärik tutandyr.

 

///////////////