bölüm 806,süre Ýasyn,Aýat 28-35
bölüm 806,süre Ýasyn,Aýat 28-35
راهی بسوی نور (806)
Ýasyn süresi, 28 , 29 we 30-njy aýatlar :
وَمَا أَنزَلْنَا عَلَى قَوْمِهِ مِن بَعْدِهِ مِنْ جُندٍ مِّنَ السَّمَاءِ وَمَا كُنَّا مُنزِلِينَ (28) إِن كَانَتْ إِلاَّ صَيْحَةً وَاحِدَةً فَإِذَا هُمْ خَامِدُونَ (29) يَا حَسْرَةً عَلَى الْعِبَادِ مَا يَأْتِيهِم مِّن رَّسُولٍ إِلاَّ كَانُوا بِهِ يَسْتَهْزِئُون (30)
<< we biz ondan soň onuň kowumna gökden hiç goşun ibermedik (elbetde ondan ozal hem ) ibermändik // diňe bir aýylganç ses gökden eşidildi şol bada hem olaryň hemmesiniň sesi kesildi // hasratlar olar üçindir weli, olara hiç bir pygamber gelmedi meger olar şol pygamberi masgaraladylar.>>
Geçen gepleşikde Şam ülkesinde ýerleşen Antakiýe şäherniň ýaşaýjylaryny dogry ýola hedaýat etmek üçin pygamberleriň iberlendigini ýöne Antakiýe ilatynyň ol pygamberleri harlap olary inkär edendiklerini aýtdyk hatda olar , Allanyň iberen pygamberlerinden arka çykmak üçin orta gelen Hebip atly bir adamy hem öldürdiler . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda : pygamberleri inkär edip ol hudaýlykly adamy heläklän adamlar allanyň gahar-gazabyna sezewar adamlardylar şonuň üçin hem allanyň emri bilen asmandan aýylganç ses eşidilip şonda olaryň hemmesi heläk boldular diýip aýdýar . Taňry tagala yrada etse azgyn kowumlary ýeriň ýüzünden ýok edip bilýändir we olary ýok etmek üçin asmandan goşun ibermeklige hajat ýokdur eýsem olary diňe bir aýylganç ses bilen hem ýok edip bilýändir. gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : allanyň tarapyndan bolan hedaýaty kabul etmegiň deregine özleriniň Telek işleri bilen şol sanda pygamberleri we öwliýalary masgaralamak ýada harlamak ýaly işleri bilen özleriniň heläkçiligä uçramaklaryna şert döredýän adamlaryň halyna hasratlar bolsun.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- egerde bir köpçülik , allanyň öwliýalaryny we pygamberlerini masgaralasalar olar, habarsyz injek Allanyň gahar- gazabyna hem garaşmaly boljakdyr .
2- ezijileriň atýan haýbatlaryny eşidip hakdan el özmeli däldiris . Alla yrada etse ol zalymlary gysga zamanda ýok edip bilýändir.
3- başgalar bizi masgara edýärler diýip öz imanymyzdan gaýtmaly däldiris ýada dini borçlarymyzy ýerine ýetirmekden saklanmaly däldiris . bütin pygamberler hem kapyrlar we müşrikler tarapyndan masgara bolandyrlar şondan gelende olaryň hiç birisi hakdan el özen däldir.
Ýasyn süresi, 31 we 32-nji aýatlar :
أَلَمْ يَرَوْا كَمْ أَهْلَكْنَا قَبْلَهُم مِّنْ الْقُرُونِ أَنَّهُمْ إِلَيْهِمْ لاَ يَرْجِعُونَ (31) وَإِن كُلٌّ لَّمَّا جَمِيعٌ لَّدَيْنَا مُحْضَرُونَ (32)
<< görmedilermi? Olardan ozal köp nesilleri heläk etdik, olaryň hiç birisi bu ( kapyrlara ) tarap dolanmazlar // We olaryň hemmesi ( kyýamatda ) biziň ýanymyza çagyryljakdyrlar.>>
Gurhan kerim geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda bütin ynsanlara ýüzlenip : näme üçin geçen kowumlaryň ykbalyny we taryhyny öwrenmeýärsiňiz ? sizden ozal köp kowumlaryň gelip gidendiklerini bilmeýärsiňizmi? Baýlyk we güýç taýdan şol kowumlaryň arasynda sizden has baý we güýçli kowumlar boldular ýöne olardan bu gün hiç nam- nyşan galmady şeýlede olaryň dünýä dolanmaklarynda hiç ýol galmady olaryň hemmesi kyýamatda Allanyň ýanyna çagyryljakdyrlar diýip aýdýar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- gurhan kerim ynsanlaryň pent almaklary üçin geçen kowumlaryň we milletleriň ykballaryny we taryhyny öwreniň diýip tabşyrýandyr.
2- milletleriň ykballary bir-birine meňzeşdir bu meňzeşlik bolsa bir hili ylahy kadadyr oňa görä ynsanlar özleriniň görýän zatlaryndan we geçen kowumlardan öwrenen zatlaryndan bir sapak hökmünde peýdalanyp biljekdirler .
3- ölümden soň ynsanyň dünýä dolmagyna hiç ýol ýokdur oňa görä Indileriň , ynsanlar ölenleri soň başga bir şekilde dünýä dolanýarlar diýip aýdýan gürrüňleri gurhanyň garaýşyndan retdir.
Ýasyn süresi, 33, 34 we 35-nji aýatlar :
وَآيَةٌ لَّهُمُ الْأَرْضُ الْمَيْتَةُ أَحْيَيْنَاهَا وَأَخْرَجْنَا مِنْهَا حَبّاً فَمِنْهُ يَأْكُلُونَ (33) وَجَعَلْنَا فِيهَا جَنَّاتٍ مِن نَّخِيلٍ وَأَعْنَابٍ وَفَجَّرْنَا فِيهَا مِنْ الْعُيُونِ (34) لِيَأْكُلُوا مِن ثَمَرِهِ وَمَا عَمِلَتْهُ أَيْدِيهِمْ أَفَلَا يَشْكُرُونَ (35)
<< ölen ýerler (jansyz ýerler) olar üçin bir nyşanadyr , biz ol ýerlere jan berdik we ( şol ýerde ) olaryň iýýän dänelerini gögertdik // we şol ýerde Üzüm we Hurma agaçlaryndan baglar döretdik we soň içinden çeşmeler akdyrdyk // tä onuň miwesinden we özleriniň edýän gazançlaryndan iýsinler onda ( bu nygmatlaryň ) şükrüni kylmaýarlarmy? >>
Gurhan kerim öňki aýatlarda kyýamat meselesine we kyýamatda hemmeleriň allanyň huzurynda häzir ediljekdiklerine yşarat edeni soň bu aýatlarda aýdýar: Dünýäde kyýamatyň nyşanalarynyň birisi olda Gyşlaryna gurap ýatan ýerleriň ýaz möwsüminiň gelmegi bilen jana girmek bilen durly ösümlikleri we miweli agaçlary özünde eklemegidir , tebigatyň Gyş möwsüminde ölüp ýaz möwsüminde ýaňadan jana girmegi her ýyl gaýtalanyp durandyr bu sikil her ýylda gaýtalanýandyr . bu meselede üns bermeli mohum mesele olda şu sikil gaýtalanyp durmasa özüniň iýmitini ösümliklerden şeýlede ösümliklerden peýdalanýan haýwanlardan üpjün edýän ynsanyň ýaşaýyşy hem hatara düşjekdir .
Durly iýmitleriň arasyndan hem gurhan kerim bu aýatlarda Üzüm bilen Hurmadan at çekmegi belkide bu iýmitlerde we miwelerde ynsan üçin peýdaly köp materýallaryň we witamynlaryň bolmagy üçindir.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- tebigat , Allanyň ýaradylyş kitabydyr we ynsanlar bu kitabyň waraklaryny okap ýaradylyş hakynda köp zatlary öwrenip biljekdirler .
2- Meat (şol gaýtadan direlmek)meselesini ynsanlar dünýäde tejribe edip bilýän däldirler emma Meyat meselesini ýagny ölmekden soň direlmek meselesini ösümliklerde görmek bolýandyr .
3- allanyň beren durly miwelerinden we iýmitlerinden peýdalanýan ynsan bu nygmatlaryň şükrüni berjaý kylmalydyr ýöne gynanç bilen ynsanlaryň köpüsi nä şükürdirler.
/////////////////