bölüm 807,süre Ýasyn,Aýat 36-44
bölüm 807,süre Ýasyn,Aýat 36-44
راهی بسوی نور (807)
Ýasyn süresi , 36-njy aýat :
سُبْحَانَ الَّذِي خَلَقَ الْأَزْوَاجَ كُلَّهَا مِمَّا تُنبِتُ الْأَرْضُ وَمِنْ أَنفُسِهِمْ وَمِمَّا لَا يَعْلَمُونَ (36)
<< ýeriň gögerdýän zatlaryndan we olaryň özlerinden ( adamzatdan ) bütin zatlary, erkek – urkaçy edip ýaradan Alla ( her hili nogsanlykdan ) päkdir. >>
Gurhan kerim geçen gepleşikde tebigatda görnüp duran Towhydyň (Allanyň birlikniň) nyşanalaryna yşarat edeni soň bu aýatda alla tagalanyň ýaradylyşda berkarar edip goýan düzgünleriniň birisine ýagny her bir zadyň jübüt -jübüt edilip ýaradylmagyna yşarat etmek bilen : alla tagala ynsanlary haýwanlary we bütin ösümlikleri erkek- urkaçy edip ýaradandir we siz olary bilýän dälsiňiz diýip aýdýar .
Hawa , bütin zatlaryň nesil dowamatyny üpjün etmek maksady bilen olary erkek – urkaçy edip ýaradan Alla her hili nogsanlykdan päkdir we onuň ýaradylyşda şärige mätäçligi ýokdur .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- her bir zady erkek – urkaçy edip ýaradan Allanyň özi şärige we kömekçä mätäç däldir , Alla taýsyz we ýalňyzdyr .
2- ynsan , jisim taýdan beýleki janly zatlardan artykmaç däldir we şolaryň biri hasaplanýandyr .
3- ynsanyň ylmy çäklidir we ol barlygyň hakykatlarynyň köpsini bilýän däldir.
Ýasyn süresi, 37, 38 ,39 we 40-njy aýatlar :
وَآيَةٌ لَّهُمْ اللَّيْلُ نَسْلَخُ مِنْهُ النَّهَارَ فَإِذَا هُم مُّظْلِمُونَ (37) وَالشَّمْسُ تَجْرِي لِمُسْتَقَرٍّ لَّهَا ذَلِكَ تَقْدِيرُ الْعَزِيزِ الْعَلِيمِ (38) وَالْقَمَرَ قَدَّرْنَاهُ مَنَازِلَ حَتَّى عَادَ كَالْعُرْجُونِ الْقَدِيمِ (39) لَا الشَّمْسُ يَنبَغِي لَهَا أَن تُدْرِكَ الْقَمَرَ وَلَا اللَّيْلُ سَابِقُ النَّهَارِ وَكُلٌّ فِي فَلَكٍ يَسْبَحُونَ (40)
<< olar üçin ýene bir nyşana gijedir , ( gabyk ýaly ) gündizi ondan jyda edýändiris , şonda olary ( birden kä ) garaňkylyk gurşap alýandyr // we gün bolsa özüne belli edilip goýlan menzilgäsine tarap hereketdedir we onuň bu hereketi gudratly we bilimli Allanyň takdyry esasyndadyr.// We Aý üçin hem menzilgäler belli edip goýdyk tä Hurmanyň gadymky şahasy ýaly saralyp egri şeklinde ( gaýtadan ) dogsun ( soň ýuwaş – ýuwaş tegelenip kämil bolsun ) //ne Gün Aýa ýetip biler we nede Gije gündizden öňe geçip biler we olaryň hersi , belli edilip goýlan guşaklarda hereketdedirler.>>
Gurhan kerim bu aýatlarda asmanlyk şarlar bolan Gün bilen Aýyň belli menzili- mekanlarda hereketdediklerine yşarat etmek bilen olaryň , Allanyň belli edip goýan kadasy we takdyry esasynda hereket edýändiklerini beýan edýär .
Ynsan , gije- gündizine Aý bilen Gönüň asmanda gelip gidip duruşlaryna şaýatdyr bu arada geň galmaly zat olda bu şarlaryň bir – birleri bilen çakyşman tertip düzgün esasynda gelip gidip durmaklarydyr.
Ýer şarynyň öz-özünden hiç hili nury ýokdur we aslynda ýer şary bir garaňky şardyr we özüniň nuruny Günden alýandyr şonuň üçin hem Günüň degýän tarapy gündizdir we ýer şarynyň ol bir tarapy bolsa gijedir. ýöne ýer şarynyň aýlanmagy bilen 24 sagatda gije bilen gündiziň jaýy üýtgeýändir. elbetde Alla tagala gijelerine hem ýer ýüzüni tüm garaňkylygyň gurşap almagyny islemändir şonuň üçin hem gijesine Aýyň üsti bilen ýer şaryna ýagtylyk bagyş edipdir.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- tebigatda ýöreýän düzgün , Aýyň , güniň , şeýlede gije bilen gündiziň gelip gidip durmaklarydyr, bularyň hemmesi Allanyň gudratyndan we ylmyndan bir nyşandyr.
2- Günüň, Aýyň we ýeriň belli-belli guşaklarda we tizliklerde hereket etmekleri tötänlikde bolan iş däldir .
3- Aýyň inçelip dogmagy soň kämil bolmagy Allanyň yradasy bilen bolýandyr we gurhanyň beýleki aýatlarynyň berýän maglumatlaryna görä hem Aýyň durly halatlarda dogmagy, zamanyň wagtyny hasaplamak üçin bir hili tebigy kalandar hasaplanýandyr.
Ýasyn süresi, 41, 42, 43 we 44-nji aýatlar :
وَآيَةٌ لَّهُمْ أَنَّا حَمَلْنَا ذُرِّيَّتَهُمْ فِي الْفُلْكِ الْمَشْحُونِ (41) وَخَلَقْنَا لَهُم مِّن مِّثْلِهِ مَا يَرْكَبُونَ (42) وَإِن نَّشَأْ نُغْرِقْهُمْ فَلَا صَرِيخَ لَهُمْ وَلَا هُمْ يُنقَذُونَ (43) إِلَّا رَحْمَةً مِّنَّا وَمَتَاعاً إِلَى حِينٍ (44)
<< olar üçin ýene bir nyşana , olaryň perzentlerini ýükden doly gämilere mündirmegimizdir // we olar üçin gämi ýaly zatlary ýaratdyk, olar oňa münýändirler .// we islesek olary bir hili gark ederis weli ne olaryň dadyna ýetişen bolsun we nede olary gutuldyran bolsun // meger biziň rahmetimiz depesinden inip ýene bir näçe wagt ýaşaýyşdan paýly bolsunlar. >>
Gurhan kerim bu aýatlarda tebigatyň ýene bir gopgunlaryna ýagny deňizlere we ummanlara yşarat etmek bilen : uly- kiçi gämileriň suwuň ýüzünde ynsanlary we olaryň ýüklerini bir ýerden ýene bir ýere äkitmekleri Allanyň gudratynyň nyşanalaryndandyr sebäbi Taňry tagala , üstünde gämiler gark bolman aňsatlyk bilen ýüzüp bilmekleri üçin suwda bir aýratynlyk goýandyr şol aýratynlyk hem gämileri suwuň ýüzünde gaýdyrýandyr diýip aýdýar .
Elbetde ýük daşamak üçin ýada ynsanlaryň bir ýerden ýene bir ýere gitmekleri üçin Taňry tagala ýene bir näçe zady şol sanda düýäni ýaradyp ynsanyň erkinde goýandyr. Emma häzirki ýagdaýda durly maşynlaryň , ulaglaryň we otlularyň bolmaklary bilen hem ynsan , ýük daşamak meselesinde gämiň ýetirýän peýdalaryndan el özüp bilen däldir sebäbi ýük daşamak meselesinde ylaýtada ýükleri uly möçberde daşamak meselesinde gämiler beýleki ulaglardan we maşynlardan has arzanrakdyr we biz az çykdaýjy edip köp mukdarda ýükleri gämiň üsti bilen maksada ýetirip bilýändiris . indi egerde Taňry tagala suwdan we deňizden bu ýöriteligi alsady näme bolardy? bütin gämiler içindäki ýükleri we adamlary bilen gark bolardy we olary Alladan başga halas edip biljek hem bolmazdy .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- gury ýerlerde we deňizlerde hereket edýän ulaglaryň bolmagy ynsanyň ýaşaýyşy üçin derwaýys meseledir . Taňry tagala bolsa özüniň merhemeti bilen bu zada gerek bolan şertleri tebigatda goýandyr .
2- biziň elimizdäki nygmatlar biziň Alladan bolan algymyz däldir eýsem allanyň bize bolan merhemetidir onda allanyň beren nygmatlaryna menliklenmeli däldiris sebäbi allanyň gaharna giriftar bolmagymyz mümkindir.
////////////////////