Nov 24, 2017 12:43 Asia/Ashgabat

bölüm,711,süre kasas,aýat 70-75

برنامه راهی بسوی نور(711)

Kasas süresi, 70-nji aýat :

وَهُوَ اللَّهُ لَا إِلَهَ إِلَّا هُوَ لَهُ الْحَمْدُ فِي الْأُولَى وَالْآخِرَةِ وَلَهُ الْحُكْمُ وَإِلَيْهِ تُرْجَعُونَ (70)

<< ýeke taňry oldur we ondan başga Alla bolmaz dünýäde we ahyretde hämdi senalar onuň üçindir , hökmürowanlyk onuňkydyr, we hemmäňiz onuň ýanyna gaýtadan getiriljeksiňiz >>

Gurhany kerim geçen aýatlarda ne ýaradylyşda we nede ybadat etmekde Alla şärik kaýyl bolmagyň dogry däldigini nygtandyr. Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda Taňry tagalanyň barça zatlaryň rebbidigini we Alladan gaýry olaryň rebbiniň ýokdygyny aýdýar . gurhany kerim bu aýatda : size nygmat bermekde haýsy magbut Allanyň şärigi bolup biler? barça maddy we magnewi nygmatlar onuň tarapyndandyr oňa görä diňe Alla hämdi sena laýykdyr  diňe Alla älem jahanyň we ahyretiň eýesi we hökmurowanydyr , ondan başga hiç kim bu azamatly barlyga hökmürowanlyk edip bilmez ölümden soň hem hemmeleriň dolanjak ýeri Allanyň dergähidir” diýip aýdýar .

Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary:

1- ynsanyň ýaşaýşy we ölümi onuň elinde bolan Alla ybadata laýykdyr diňe Alla çokunup diňe oňa bendelik etmelidir.

2- Alla tagala ynsanlary ýaradyp barça zatlaryň eýesi bolandygy üçin Alla , hem ýaradylyşda hemem şerigaty belli etmekde haklydyr we hemme zatlaryň eýesi we häkimi hasaplanýandyr.

Kasas süresi, 71, 72 we73-nji aýatlar :

‏ قُلْ أَرَأَيْتُمْ إِن جَعَلَ اللَّهُ عَلَيْكُمُ اللَّيْلَ سَرْمَداً إِلَى يَوْمِ الْقِيَامَةِ مَنْ إِلَهٌ غَيْرُ اللَّهِ يَأْتِيكُم بِضِيَاء أَفَلَا تَسْمَعُونَ (71) قُلْ أَرَأَيْتُمْ إِن جَعَلَ اللَّهُ عَلَيْكُمُ النَّهَارَ سَرْمَداً إِلَى يَوْمِ الْقِيَامَةِ مَنْ إِلَهٌ غَيْرُ اللَّهِ يَأْتِيكُم بِلَيْلٍ تَسْكُنُونَ فِيهِ أَفَلَا تُبْصِرُونَ (72) وَمِن رَّحْمَتِهِ جَعَلَ لَكُمُ اللَّيْلَ وَالنَّهَارَ لِتَسْكُنُوا فِيهِ وَلِتَبْتَغُوا مِن فَضْلِهِ وَلَعَلَّكُمْ تَشْكُرُونَ (73)

<<( eý pygamber ! müşrüklerden): egerde Alla gijäni kyýamata çenli uzaltsa Alladan başga size ýagtylygy getirip biljek Taňry bolarmy? Eşitmeýärsiňizmi” diýip sora // ( ýene olara aýt) : oýlanyp gördüňizmi? egerde Alla gündizi kyýamata çenli uzaltsa, dynç almagyňyz üçin size gijäni getirip biljek Alladan başga Taňry barmy ? ( hide muny ) görmeýärsiňizmi? // Sizler üçin gije gündiziň goýulmagy Allanyň rahmatyndndyr tä gijelerine dynç alyp ( gündizlerine ) Allanyň pazlyndan ( ryzyk ) gazanyp, belkide şükür kylar ýaly.>>

Gurhany kerimiň bu aýatlary Taňry tagalanyň barlyga bolan mizemez we sarsmaz hökmürowanlygyna yşarat edip : egerde Taňry tagala ýer şaryny hereketden alyp galsa we ýeriň bir tarapy hemişelik gündiz bolup ýene bir tarapy hemişelik gije bolup galsa ahyr zamana çenli bu ýagdaýy üýtgedip ýer şaryny herekete düşürmek bilen gije gündizi tertip düzgün bilen getirip biljek Taňry barmydyr? diýip aýdýar .

Hawa ýer şarynyň öz töweregine aýlanyp gije gündiziň tertip düzgün bilen gelip durmagy we gündizlerine ynsanlaryň öz ryzyklarny gazanyp gijelerine dynçalyp bilmekleri oly nygmatdyr, gije gündiziň yzlyyznygeli gitmekleri ýer şarnyň üstünde ýaşaýan janlylar we ösümlikler üçin hem gowydyr egerde hemişä gije bolsa ol ýer gaty sowyp ahyr soňda ol ýerde ýaşaýan janlylar we ösümlikler sowuklykdan ýok oljakdyrlar  şeýlede bir ýer hemişä gündiz bolsa ol ýer gaty gyzyp ahyr soňda howanyň gyzgynlygyndan janly jandarlar ýok oljakdyrlar emma alla ta-gala  gije bilen gündizi yzlyyzynygetirip durmak bilen ýer şaryň üstünde ýaşaýşyň dowam edip durmagyna şert döredendir . bu bolsa bir oly nygmatdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarnyň öwredýän sapaklary:

1- Alla tagalany tanamaklygyň iň gowy ýollarynyň birsi-de barlyk düzgüni hakynda oýlanyp ony tanamaklykdyr .

2- gijeleri dynç almak üçin we gündizler hem iş üçin ýaradylandyr.

3- halky dogry ýola hedaýat etmek üçin yslamyň ber haklygyna oýlanarlar ýaly adamlara sorag bilen ýüzlenmelidir.

4- Allanyň beren nygmatlary hakynda oýlanmaklyk ynsany Alla-ga şükür etmeklige iterýändir .ýaşlar yhlas bilen Alla-ga ybadat eder ýaly Allanyň olara beren nygmatlaryny ýatlamalydyrys.

Kasas süresi, 74 we 75-nji aýatlar :

وَيَوْمَ يُنَادِيهِمْ فَيَقُولُ أَيْنَ شُرَكَائِيَ الَّذِينَ كُنتُمْ تَزْعُمُونَ (74) وَنَزَعْنَا مِن كُلِّ أُمَّةٍ شَهِيداً فَقُلْنَا هَاتُوا بُرْهَانَكُمْ فَعَلِمُوا أَنَّ الْحَقَّ لِلَّهِ وَضَلَّ عَنْهُم مَّا كَانُوا يَفْتَرُونَ (75)

<< ol göni , (ýadyňa sal) Alla olara ýüzlenip “hany maňa şärik kaýyl bolýan zatlarňyz” diýip sorajakdyr. // we her ymmatdan (adyl) şaýatlary getireris we (müşrüklere ): öz ( şyrkyňyz üçin) delil getiriň diýip aýtjakdyrys . bes bilerler hakyň Alla bilendigini we olaryň guman edýän zatlary ( olaryň elinden çykar we gözlerinden) ýitrim bolar.>>

Gurhany kerim bu aýatlarda ýene şol 62-nji aýatda ileri süren soragnyň üstünde durup : müşrükler dünýäde Alla bendelik etmegiň deregine başga zatlara bendelik edip ol zatlary öz ykballarynda täsirli bildiler emma kyýamatda olardan bu işleri hakynda sorag ediljek näme üçin haky saýgaryp biler ýaly pygamberleriň barlygynda olar pygamberlere ýüz tutup Allany tanamagyň ýerine pygamberlerden ýüz öwrüp Alla-ga şärik kaýyl boldular ? diýip aýdýar.

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda : müşrükler ahyretde , Allanyň ýerine goýan magbutlarynyň içi boş zatlardygyna we hakyň diňe Allanyň we onuň iberen pygamberleriniň ýanyndadygyna göz ýetirjekdirler diýip aýdýar .

Gurhany kerimiň bu aýatlarnyň öwredýän sapaklary :

4-    gurhan kerim ahyraty ýatlap durmak bilen mömün adamlaryň hem şirk belasy bilen ýüz be ýüz dikleriniegerde esewan bolmasalar olaryň hem bu bela gyryptar bolmaklarynyň mümkin digini aýtýar .

2- pygamberler we öwliýalar kyýamatda ynsanlaryň amallary barada güwälik berjekdirler onda kyýamatda Resululla bizi şepagat eder ýaly dünýäde amal etmelidiris .

3- şirkiň yzynda hiç bir mantyk we delil ýokdyr

4- ahyretde hakykatyň üstünden perdeler sowulup hak aýan we äşgär boljakdyr.

 

//////////////////