bölüm,712,süre kasas,aýat 76-78
bölüm,712,süre kasas,aýat 76-78
برنامه راهی بسوی نور(712)
Kasas süresi, 76-njy aýat :
إِنَّ قَارُونَ كَانَ مِن قَوْمِ مُوسَى فَبَغَى عَلَيْهِمْ وَآتَيْنَاهُ مِنَ الْكُنُوزِ مَا إِنَّ مَفَاتِحَهُ لَتَنُوءُ بِالْعُصْبَةِ أُولِي الْقُوَّةِ إِذْ قَالَ لَهُ قَوْمُهُ لَا تَفْرَحْ إِنَّ اللَّهَ لَا يُحِبُّ الْفَرِحِينَ (76)
<< karun Musanyň kowumyndandy we olara ( kän ) sütem etdi we genji- hazynalary şeýle bir kändi weli onuň açarlaryny götermek, bir topar göçli adama hem gyndy . we ýatla haçanda kowumy oňa : (menliklenip) şatlyk etme, çünki Alla ( menliklenip) şatlyk edýänleri halaýan däldir diýip aýdanlarynda.>>
Geçen aýatlarda hezreti Musa bilen Fyrownyň dessanyna yşarat etdik emma Gurhany kerim bu aýatlarda Karunyň ykbalyna yşarat edýär .
Karun bäni Ysraýyl kowumundandy we ol hezreti Musa(a.s)-yň iň baý we baranda adamsy hasaplanýardy . rowaýatlarda hem gelşine görä Karunyň hezreti Musanyň ýakyn kowum- garyndaşlaryndan bolupdyr we ozal başda hezreti Musa iman getiripdir ýöne soňlar ol özüniň baýlygyna magtanyp hezreti Musanyň öňünde durupdyr . Fyrown öz güýç– kuwwatyna magtanyp hakyň öňünde durmak bilen halka sütem edýän zalymlaryň simboly bolsa, Karun özüniň mal – mülküne we baýlygyna magtanyp hakdan ýüz öwren baýlaryň simboly hasaplanýandyr . şeýlede Sameri , öz hünärinden we sungatyndan nä dogry haýyrlanyp ilaty gümra edýän we özüde şyrik belasyna giriftar bolýan hünärmenleriň simbolydyr . hawa Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda Harunyň öz başna gitmeginiň sebäbini öz baýlygyna magtanmagy bilýärler Harunyň her ne gadar baýlygy artdygyça onuň hak bilen bolan baglanşygyda şonça azalýardy, onuň haýy-küýi , özüniň genji – hazynasyny artdyrmak bolup hakdan we halaýykdan gapyl galdy. aslynda baýlyk dilen zat käleriň öz baýlyklarny artdyrmak üçin bir abzal bolmaly däldir eýsem bütin ilatyň we ykdysadyýetiň bähbidine ýarap bilýän bir serişde bolmalydyr.
Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary:
1- baýlygyňy artdyrjak bolup zähmet çekmeklik telek zat däldir, ýöne baýlygyňa magtanyp Allanyň , pygamberiň we ilatyň öňünde durmaklyk dogry iş däldir .
2- meslik etmeklik diňe Arak-şerap içmek bilen ýüze çykýan häsiýet däldir eýsem göterip bilmeýän ynsanlar mal-mülke we baýlyga ýetenlerinde – menliklenip hemme zady unudýandyrlar, bu hili adamlar özleriniň baýlygyna daýanyp özgeleriň hak-hukukyna tukunyp meslik edýändirler.
Kasas süresi, 77-nji aýat :
وَابْتَغِ فِيمَا آتَاكَ اللَّهُ الدَّارَ الْآخِرَةَ وَلَا تَنسَ نَصِيبَكَ مِنَ الدُّنْيَا وَأَحْسِن كَمَا أَحْسَنَ اللَّهُ إِلَيْكَ وَلَا تَبْغِ الْفَسَادَ فِي الْأَرْضِ إِنَّ اللَّهَ لَا يُحِبُّ الْمُفْسِدِينَ (77)
<< Allanyň beren zadyndan ahyretiňi gazanjak bolup haýyrlan we dünýäň( mal-mülkünden öz nesibäňi) unutma we Allanyň saňa ýagşylyk edişi ýaly sen hem( özgelere ) ýagşylyk et we ýeriň ýüzünde pysat etme çünki Alla pasyklary söýýän däldir ( diýip ýene Karunyň kowumy oňa aýdanlarynda) >>
Geçen aýatda, hezreti Musa iman getiren adamlar Karunyň mal- mülküniň we baýlygynyň garşysynda kemsinmegiň deregine oňa nesihat berip öz malyňa magtanma baýlygyňa menliklenseň Allanyň gözünden düşersiň we ilat hem öz baýlygyna buýsanýan adamlary söýýän däldirler diýip aýddylar.
Gurhany kerim şol aýatyň dowamynda bu aýatda ýene hezreti Musanyň ýaranlarynyň dilinden dört nesihaty beýan edýär. Hawa hezreti Musanyň ýaranlary Karuna beren nesihatlarynyň dowamynda : eger bu dünýäde ýagşylyk tohumny ekmeseň kyýamatda ormana zadyň boljak däldir , seniň bu mal- mülküň kyýamatda hasyl berip biljek tohumuňdyr şeýlede Allanyň beren baýlygyndan özgelere ýagşylyk etmegiň ýany bilen bu baýlykdan öz nesibäňi alda baýlygyňdan öz içer maşgalaňa-da haýyr ýetir, baýlygyň hem halka bähbitli bolsun hemem özüňä we içeri maşgalaňa peýdaly bolsun diýip aýtdylar. hezreti Musanyň ýaranlarynyň Karuny beren üçünji nesihatlary : erkiňdäki mal- mülkler we baýlyklar diňe özüňki mykam diýip güman etme eýsem bu mal-mülkler aslynda Allanyňkydyr we Alla özüniň pazlyndan ony seniň erkiňde goýandyr oňa görä bu mal-mülk seniň eliňde amanatdyr onda sen hem Alla ýaly bu mal-mülküňden mätäçlere yhsan et diýip aýtdylar.Olar ýene Karuna nesihat berip : egerde sen biziň beren bu nesihatlarymyza amal etmeseň seniň mal-mülküň hem özüňi hemem köpçüligi zaýalar , seniň mal-mülküň köpçüligi düzeltmegiň ýerne köpçülikde baý bilen garyp gatlaklaryň arasynyň açylyp kine-kuduretiň artmagyna sebäp bolar diýip aýtdylar.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- ynsan özüniň bütin yktysady işlerinde her bir zatdan ozal Allanyň razylygyny gazanmalydyr , elbetde şol bir wagtyň özünde ynsanyň bu dünýädäki gön-oňşugydyda unudylmaly däldir .
2- dünýäň ýanynda ahyret hiç mahal unudylmaly däldir ýene bir ybaratda mömin adam Allanyň beren nygmatlarynyň artykmajyny Allanyň bendeleriniň ýolunda sarp etmelidir . bu hili ynsanlar ahyretde özleriniň hemişelik bagtyýarlygyny gazanjakdyrlar.
Kasas süresi, 78-nji aýat :
قَالَ إِنَّمَا أُوتِيتُهُ عَلَى عِلْمٍ عِندِي أَوَلَمْ يَعْلَمْ أَنَّ اللَّهَ قَدْ أَهْلَكَ مِن قَبْلِهِ مِنَ القُرُونِ مَنْ هُوَ أَشَدُّ مِنْهُ قُوَّةً وَأَكْثَرُ جَمْعاً وَلَا يُسْأَلُ عَن ذُنُوبِهِمُ الْمُجْرِمُونَ (78)
<<( Karun ) : bu ( baýlyk ) meniň ýanymdaky ylym üçin maňa berlendir diýip aýtdy. Megerde ol bilmeýärdimi? Ondan ozal , ondan has güçli we köp mal toplan kowumlary heläk etdik . günäkärleriň (üstüne azap inderemizde ) olaryň ýazyklaryndan sorag bolýan däldir.>>
Gurhany kerim bu aýatda Karunyň möminleriň öwüt-nesihatnyň jogabynda beren jogabyny beýan edip aýdýar: Karun, möminleriň öwüt-nesihatny kabul etmegiň deregine menliklik bilen “meniň bu gazanan mal-mülküm we baýlygym öz-özünden meniň elime gelen däldir eýsem meniň ylymym we çeken zähmetlerim bilen ele gelendir onda onuň erik ygtyýary meň bilendir we bu baýlygy men her näme etjek diýsem edip bilýärin we siz hem meniň bu mallary nirede we nähili sarp etmegim barada maslahat berip bilmeýärsiňiz egerde Alla bu baýlygy maňa beren bolsa ol meniň ylmymy we zähmetimi gören soň bu baýlygy maňa laýyk bilip ony maňa bagyş edendir” diýip aýtdy.
Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda , Karunyň menliklenip aýdan bu sözleriniň jogabynda aýdýar : megerde ol taryhy okamandyrmy? Ondan ozal hem Karundan has güçli we baranda adamlar boldular ýöne hakyň öňünde durmaklary üçin olar şu dünýäde Allanyň azabyny giriftar bolup mal-mülkleri bilen birlikde ýok oldular.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
2- ylym-bilimiň we zähmetiň netijesinde ele gelýän baýlyklar hem ynsanyň menliklenmegine sebäp bolmaly däldir, eýsem mömin adam eline gelýän her hili baýlygy Allanyň lutfy keremi netijesinde bilmelidir.
2- öz mal-mülküňe we ylym-bilimiňe magtanmaklyk ynsanyň dünýäde heläkçilige uçramagyna sebäp bolýandyr bu hili ynsanlar menliklenmek belasyna giriftar bolup öz ömürlerini , ylym - bilimlerini we baýlyklaryny zaýalayandyrlar.
//////////////////