Nov 24, 2017 12:59 Asia/Ashgabat

bölüm,713,süre kasas,aýat 79-82

 

 

 

برنامه راهی بسوی نور(713)       

Kasas süresi, 79 we 80-nji aýatlar:

فَخَرَجَ عَلَى قَوْمِهِ فِي زِينَتِهِ قَالَ الَّذِينَ يُرِيدُونَ الْحَيَاةَ الدُّنيَا يَا لَيْتَ لَنَا مِثْلَ مَا أُوتِيَ قَارُونُ إِنَّهُ لَذُو حَظٍّ عَظِيمٍ (79) وَقَالَ الَّذِينَ أُوتُوا الْعِلْمَ وَيْلَكُمْ ثَوَابُ اللَّهِ خَيْرٌ لِّمَنْ آمَنَ وَعَمِلَ صَالِحاً وَلَا يُلَقَّاهَا إِلَّا الصَّابِرُونَ (80)

<< (günlerde bir gün ) Karun özüniň bütin zynatlary bilen kowumuň arasynda çykanda dünýewi ýaşaýşyň gözleginde bolan adamlar aýtdylar “käşki ( dünýäniň malyndan ) Karuna berilen zatlar ýaly zatlar meňki bolsady” diýip . dogrydan-da onuň ( dünýäden bolan ) bähresi gaty olydyr // ( ýöne ) ylym we magrafat berlen adamlar aýtdylar “waýlar bolsun size , ( näme diýýärsiňiz ) Allanyň, iman getirip ýagşy işleri edýän adamlara berýän serpaýy ( onuň baýlygyndan has ) gowyrakdyr, ( ýöne ) sabyrly adamlardan başgalar ony bilmeýärler>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Karun, hezreti Musa (a.s)-yň ymmatyndan-dy. onuň köp mal-mülki we baýlygy bardy şonuň üçin hem ol özüniň bu baýlygyna magtanyp möminleriň hataryndan çykyp gümra boldy. Gurhany kerim bu aýatlarda şol gürrüňiň dowamynda , Karunyň ýaramaz gylyk häsiýetleriniň birsine yşarat edýär bu ýaramaz häsiýeti bu gönki  köpçüliklerde hem görmek bolýar . ol ýaramaz häsiýet bolsa baý adamlaryň öz mal-mülklerine magtanmaklarydyr . käler , özlerine köşk saraýlary saldyrýarlar ýa-da gymmat bahaly maşynlary satyn alyp halkyň öňünden geçýärler şeýdipde halka göz edýärler ýada oly , oly myhmançylygy berip oly märekä üýşürýärler we akan-dökänlik edip Allanyň beren nygmatny isrip edýärler . bu zatlar özüniň baýlygyna magtanyp ony halka görkezmek üçin kä baýlaryň edýän işleridir . baýlardan bu hili hereketleri görýän kä garyplaryň öz ýagdaýlaryndan numyt  bolup baýlaryň ýaşaýşynyň hasratny iýmekleri mümkindir .

Elbetde akylly ylymly adamlar baýlygyň ynsana bagtyýarlyk getirmeýändigini bilýärler sebäbi baýlygyň içinde gark bolup ruhy kynçylyklardan ejir çekýän baýlaryň sany az däldir kä wagtlar hem baýlyk ynsana bagtyýarlyk getirmegiň ýerne betbagtlyk getirýär we baýlyk ynsana kelle agyr bolup sataşýar .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- baýlyk öz özünden telek zat däldir, baýlyga magtanyp öz baýlygyň bilen özgeleri harlamaklyk telekdir .

2- köpçülikdäki baýlaryň gylyk häsiýetleri Karunyň gylyk häsiýeti ýaly bolsa we bir köpçülikde baýamaklyk we öz baýlygyňy halka göz etmeklik möhüm bolsa, bu mesele , öz täsirini ilatda goýar we ilatyň , haýy-küýi baýlyga ýetmeklik bolar.

3- akylly , pähimli adamlar dälde eýsem kem akyl we nadan adamlar dünýäň baýlygynyň yzynda bolýandyrlar.

4- dünýäň barça baýlygy Allanyň ahyretde möminlere we salyhy ynsanlara bagyş etjek behiştiniň ýanynda zerre hasaba gelýän däldir oňa görä akylly pähimli ynsanlar dünýäniň mal-mülkine köňül bermekden saklanmalydyrlar.

Kasas süresi, 81 we 82-nji aýatlar:

فَخَسَفْنَا بِهِ وَبِدَارِهِ الْأَرْضَ فَمَا كَانَ لَهُ مِن فِئَةٍ يَنصُرُونَهُ مِن دُونِ اللَّهِ وَمَا كَانَ مِنَ المُنتَصِرِينَ (81) وَأَصْبَحَ الَّذِينَ تَمَنَّوْا مَكَانَهُ بِالْأَمْسِ يَقُولُونَ وَيْكَأَنَّ اللَّهَ يَبْسُطُ الرِّزْقَ لِمَن يَشَاءُ مِنْ عِبَادِهِ وَيَقْدِرُ لَوْلَا أَن مَّنَّ اللَّهُ عَلَيْنَا لَخَسَفَ بِنَا وَيْكَأَنَّهُ لَا يُفْلِحُ الْكَافِرُونَ (82)

<<şonda ony we onuň ýurduny ýere çekdirdik we Allanyň ( bu azabynyň) garşysynda oňa kömek beren hiç kim bolmady we onuň özi hem özüni goldap bilmedi.// Düýn onuň ( Karunyň ) orun mertebesini arzuw edýän adamlar , erti ( bu ýagdaýy görüp ) aýtdylar “waý ! belli bolşundan Alla bendeleriniň her gaýsyna islese onuň ryzkyny açyk eder ýada daryşganlyk eder we egerde Alla bize merhemet etmän bolsady bizi hem ýere ýuwutdyrardy , göýä kapyrlar bagtyýar bolmajakdyrlar” diýip >>

Öz baýlygyňy we mal-mülküňi halka göz edip olary kiçeltjek bolmaklyk şeýlede "meň ahyrete mätäjim ýok " diýip Allanyň pygamberniň öňünde durmaklyk, Karunyň häsiýetlerindendir, Karun bu işini şeýle bir dowam etdi weli ahyrda Allanyň emri bilen güýçli ýer titremä ýüze çykdy we onuň köşki-saraýy we baglary we hazynalary weýran bolup, bularyň baryny ýer ýuwutdy we ondan hiç bir nyşan galmady . elbetde Gurhany kerim dürli aýatlarda ozalky kowumlaryň ýer titreme bilen ýok olandyklaryny aýdyp berýär ýöne bu wakada halka hiç zyýan ýetmändir we diňe onuň özüni we baýlygyny we köşkini ýer ýuwudupdyr . munuň özi bolsa bir mugjyzadyr, şonçada, Fyrownyň  başyny hem şeýle bir bela gelipdi , Fyrown hem özüni Müsüriň we Nil derýasynyň eýesi bilýärdi ýöne ol hem şol Nil derýasynda gark bolup onuň hökmürowanlygy ýele sowruldy

Garamaýak ilat Allanyň bu mugjyzasyny görenleri soň gaflat ukusyndan oýanyp dereksiz ýere Karunyň baýlygyny arzuw edendiklerini aýtdylar. Şeýlede olar hemmeleriň ryzkynyň Allanyň elindedigini we Allanyň öz ylmy we hekmeti bilen adamlaryň her gaýsyna belli mukdarda ryzyk berýändigini we olara beren ryzkyna görä hem olardan jogapkärçilik isleýändigine göz ýetirdiler .

Gurhany kerimiň bu aýatlarnyň öwredýän sapaklary:

1- menliklenmegiň we magtanmaklygyň soňy heläkçilik we harlykdyr .

2- baýlyk her näçe bolsada ol ynsany Allanyň gahar gazabyndan halas edip bilmez .

3- bir ýagdaýa gabat gelemizde sabyrsyz bolmaly däldiris, Karunyň baýlygyny gören mahallary onuň baýlygyny  arzuw eden adamlar soň onuň şum ykbalyny görenlerinde “gaty gowy boldy biziň ykbalmyz oň ykbaly ýaly bolmady” diýip şükür etdiler .

4- özgeleriň mal-mülküniň we baýlygynyň hasratyny iýmegiň deregine Allanyň berenine razy bolmaklyk söýerlidir.

                                                                                       

////////////////