Nov 24, 2017 13:02 Asia/Ashgabat

bölüm,714,süre kasas,aýat 83-85

 

برنامه راهی بسوی نور(714)

Kasas süresi, 83-nji aýat:

تِلْكَ الدَّارُ الْآخِرَةُ نَجْعَلُهَا لِلَّذِينَ لَا يُرِيدُونَ عُلُوّاً فِي الْأَرْضِ وَلَا فَسَاداً وَالْعَاقِبَةُ لِلْمُتَّقِينَ (83)

<<>>

Geçen gepleşikde Karunyň ykbalyna , onuň nähili heläk boluşyna yşarat etdik. Gurhany kerim bu aýatda şol gürrüňden netije alyp aýdýar : ölümsyrap özlerini özgelerden ýokary bilýän adamlar bilmelidirler, ahyretde olaryň jaýy behişt bolmaz sebäbi behişt ýagşylaryň we takwa adamlaryň jaýydyr ulumsyramaklyk, özgeleriň baýlygyna buýsanýan gudrat talap adamlaryň häsiýetidir. Olar hem özleri pisatdadyrlar hemem özleriniň baýlygy we gudraty bilen köpçüligi pisada tarap çekýändirler. Rowaýatlarda  hem gelşine görä hezreti Aly (a.s) ilata hökmürowanlyk edýän döwründe “men özümiň güýç- kuwwatyma daýanyp özümi özgelerden uly gören däldirin, şonçada baý-baranda adamlar hem özleriniň baýlygyna daýanyp özlerini özgelerden uly saýmaly däldirler” diýip aýdandyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-gudratyň we baýlygyň bir özi ynsany pisada çekýän däldir, ynsany pisada çekýän zat käleriň öz baýlyklaryna we güýç- kuwwatyna daýanyp özlerini özgelerden össem saýmaklarydyr.

2-hakyky takwa adam pes päl adam bolýandyr we hiç mahal özgeleri özünden giçi saýýan däldir.

Kasasa süresi, 84-nji aýat:

مَن جَاء بِالْحَسَنَةِ فَلَهُ خَيْرٌ مِّنْهَا وَمَن جَاء بِالسَّيِّئَةِ فَلَا يُجْزَى الَّذِينَ عَمِلُوا السَّيِّئَاتِ إِلَّا مَا كَانُوا يَعْمَلُونَ (84)‏

<<>>

Gurhany kerim geçen aýatyň dowamynda bu aýatda Taňry tagalanyň ynsanlar üçin düzüp goýan serpaý we jeza kanunynyň usullaryna yşarat edip aýdýar: Alla tagala öz bendelerine serpaý bermekde diňe olaryň eden ýagşy işleriniň derejesinde däl eýsem özüniň lutfy-keremi bilen olara artykmaçrak serpaý berýändir. Kä wagt bir ýagşy işe 10 esse kä wagt 700 esse we kä wagt hem sansyz serpaý berýändir. Ýöne Taňry tagala ynsanlaryň eden etmişlerine jeza bermeli bolanda olaryň olaryň eden etmişlerini , günälerini göz öňine alyp diňe şonuň derejesinde olara jeza berýändir  we ondan zyýada jeza berýän däldir. Ýene bir ybaratda Alla tagala birine serpaý bermeli bolanda özüniň lutfy-keremi bilen amal edip zyýada serpaý berýändir emma jeza bermeli bolanda özüniň adalaty bilen amal edip onuň günä işlerinden zyýada jeza berýän däldir. Şeýlede Alla tagala birine jeza bermeli bolanda onuň amalynyň hiline hem üns berip günäkär adamyň eden etmişine laýyklykda oňa jeza berýändir.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1-ýagşy iş her kimden bolsada ol söýerlidir we Alla dünýäde we ahyretde oňa serpaý berjekdir.

2-ýagşy işiň bir özi ýeterlik däldir ýagşy işi ahyrete ýetirmek hem möhümdir. Gowy görünjek bolup ýada pahyrlanmak üçin edilýän ýagşy işlerden ahyretde ynsana hiç peýda ýokdur.

3-Taňry tagala birine serpaý berjek bolanda özüniň pazly keremi bilen amal edip artykmaç serpaý berýändir ýöne birine jeza bermeli bolanda özüniň adalaty bilen amal edip oňa edil eden etmişine görä jeza berýändir.

Kasas süresi, 85-nji aýat:

إِنَّ الَّذِي فَرَضَ عَلَيْكَ الْقُرْآنَ لَرَادُّكَ إِلَى مَعَادٍ قُل رَّبِّي أَعْلَمُ مَن جَاء بِالْهُدَى وَمَنْ هُوَ فِي ضَلَالٍ مُّبِينٍ (85)

<

<>.

>.

Taňry tagala Gurhany kerimiň kasas süresiniň soňky aýatlary bolan bu aýaty we ondan soň gelýän aýatlary yslam pygamberine ýüzlenip inderendir we şonda yslam pygamberinden Mekgeden Medine şäherine hijret etmegi isländir. Mekgede köp baýlykdan we güýç kuwwatdan paýly bolan Mekgäniň müşrikleri, ilatyň yslam pygamberine ýagyn baryp oňa iman getirmeklerine rugsat bermeýärdiler her kimi yslam pygamberniň ýanynda görseler ony gaty horlaýardylar, hatda olar musulmanlaryň tersine Üç ýyllap gadaganlyk girzip musulmanlar bilen alyş-beriş etmäge hiç kime rugsat bermediler. Hatda olar muňa hem kanagat etmän yslam pygamberini öldürmek kasdyna düşýärler.

Kapyrlar we müşrikler şeýle bir karara gelmeklerinden soň Taňry tagala yslam pygamberinden Mekgeden Medine şäherine göçüp gitmegi isledi. Emma pygamber Mekge şäherinde galmagy isleýärdi sebäbi Mekge bir tarapdan yslam pygamberniň dogduk ýeridi , onuň göbek ganynyň daman ýeridi. Aýry bir tarapdan bolsa Allanyň öýi Gäbe şol ýerdedi. Emma şondan gelende yslam pygamberi Allanyň emri bilen yslam dinini ýaýratmak üçin Mekgeden göçüp gitmelidi. Gurhany kerim şu aýatda yslam pygamberine ýüzlenip “saňa Gurhany inderen Alla indi senden hijret etmegi isleýär we seni dogduk ýeriň bolan Mekge şäherine dolap getirjekdigi barada söz berýär we sen Mekgä gelen mahalyň gudrat we häkimiýet müşrikleriň we kapyrlaryň ilinde bolmaz eýsem seniň iliňde bolar” diýip aýdýar.

Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda ýene yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar: kapyrlara “siz meniň pygamberligimi inkär etseňiz ediberiň ýöne kimiň doly gümralykdadygyny we kimiň bolsa özi tarapyndan halky dogry ýola hedaýat etmek üçin iberendigini Allanyň özi gowy bilýändir” diýip aýt.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1-Gurhanyň aýatlarynyň inip onuň halka ýetirilmegi kapyrlaryň yslam pygamberi bilen tersleşip ol hezretiň Mekgeden Medine şäherine hijret etmegine sebäp boldy, ýöne Taňry tagala yslam pygamberine ahyr soňda hormat-sylag bilen Mekge şäherine dolanjakdygyny buşlady. Edil şol aýdyşy ýalyda hem bolup yslam pygamberi näçe ýyldan soň Mekgä dolanyp ony öz kontrolyna geçirdiler.

2-Allanyň parz eden zatlary diňe namaz okamak we araza tutmaklyk däldir eýsem Gurhany talawat edip halky Gurhana tarap çagyrmaklyk hem parz işlerdendir.

 

///////////////