Nov 24, 2017 13:08 Asia/Ashgabat

bölüm,715,süre kasas,aýat 86-88

 

برنامه راهی بسوی نور(715)

 

Kasas süresi, 86-njy aýat:

وَمَا كُنتَ تَرْجُو أَن يُلْقَى إِلَيْكَ الْكِتَابُ إِلَّا رَحْمَةً مِّن رَّبِّكَ فَلَا تَكُونَنَّ ظَهِيراً لِّلْكَافِرِينَ (86)

<<(eý pygamber!) özüňe şeýle bir kitap iner diýip güman etmeýärdiň ,bu rebbiň tarapyndan saňa bolan rahmetden aýry zat däldir, onda hergiz kapyrlara arka bolma.>>

gurhany kerimiň geçen aýatynda gelişi ýaly Taňry tagala yslam pygamberine Mekgeden Medine şäherine hejret edeni soň ony gaýtadan bu mukaddes mekana gaýtaryp getirmek bilen oňa hezzet we başýokarlyk bagyş etjekdigi barada süz beri.

Bu aýatda gelşine gürä yslam pygamberi Mekgä dolanyp özüniň hezzet tapjakdygyna umytly däldi,ýöne ony Alla isledi we ol şonça hem boldy, aýry bir tarapdan hem Alla bu aýatda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar:Sen, pygamber bolup özüňe kitap iner diýen gumanda däldiň ýöne Alla özüniň hikmeti esasynda bu nygmaty saňa bagyş etdi we seni pygamberlige belledi, onda hergiz kapyrlaryň we müşrikleriň ýaramaz isleglerine boýun  bolma eýsem olaryň öňünde berk durup olary ýigrenýändigiňi halka bildir.

Kesäs süresiniň başky aýatlarynda gelşine görä , hezreti Musa ot taýýarlap içeri maşgalasyny gyzdyrmak üçin Tur dagyna tarap ýola düşdi ,ýöne oňa ol ýerde pygamberlik bagyş edildi we yslam pygamberi barada hem, ol ybadat etmek üçin Nur dagynda ýerleşen Hara köwegine barardy şonda oňa Jebraýyl sataşyp oňa pygamberlik buşlugyny berdi.

gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1-kapyrlar “näme üçin wahyý biziň özümize inmeýär” diýip bahana getirýärdiler, şonda Gurhany kerim olaryň jogabynda “gaýnamy päk bolan pygamberiň özi Alladan şeýle bir zada garaşan däldir indi siz kapyrlar nähili wahyýň inmegine garaşýarsyňyz” diýip aýdýar.

2-pygamberleriň düşünjesinde, kapyrlara we zalymlara ýardam bolup biljek her bir iş gadagandyr.

Kasas süresi, 87-nji aýat:

وَلَا يَصُدُّنَّكَ عَنْ آيَاتِ اللَّهِ بَعْدَ إِذْ أُنزِلَتْ إِلَيْكَ وَادْعُ إِلَى رَبِّكَ وَلَا تَكُونَنَّ مِنَ الْمُشْرِكِينَ (87)

<<(eý pygamber) Alla tarapyndan wahyý bolan zatlary (halka ýetirmekden) alyp galaýmasynlar we (adamlary) öz rebbiňe tarap çagyr we hergiz müşriklerden bolma.>>

Gurhany kerimiň bu aýaty , geçen aýatyň dowamy hasaplanýandyr. Gurhany kerim geçen aýatyň dowamynda bu aýatda “kapyrlara arka bolma sebäbi Allanyň aýatlaryny halka ýetirmekden saklanmak olary Alla tarap çagyrmakda keýeňlik etmeklik kapyrlyga we şirke haraý bermeklik hasaplanýandyr” diýip aýdýar.

Rowaýatlarda gelşine görä yslam pygamberi ylmodam halka Gurhanyň aýatlaryny okap berýärdi we olardan bu aýatlara gulak berip ony ýatlarynda saklamaklaryny isleýärdi,şonda müşrikler we kapyrlar yslam pygamberini şahyr we Kähin diýip oňa aýyp ýöňkeýärdiler. Gurhany kerim bolsa bu aýatda “eý pygamber, duşmanlaryň ýöňkeýän aýyplaryndan çekinip öz borjuňda tapylmakda keýeňlik etme eger şeýtseň sen hem müşriklerden bolarsyň we Allanyň ýanynda seniň müşrikler bilen parhyň bolmaz” diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1-diniň duşmanlary pygamberleriň öňüni almak üçin hile gozgap şirke goldaw bermek ugurda elde barlaryny gaýgyran däldirler, oňa görä biz hem dini goramak ugurda talaş edip özgeleri yslam dinine çagyrmalydyrys.

2-ylahy pygamberleri Allanyň özi terbiýeländir we olaryň öz borçlarynda dogry tapylmaklary üçin gerek bolan ýerinde olara “bu işi et bu işi etme” diýip buýruk berendir.

3-ylahy pygamberler halky özlerine tarap dälde eýsem Alla tarap çagyrmak bilen şerke we kapyrlyga garşy göreşi özleriniň alyp barýan işleriniň başynda ýerleşdirendir.

Kasas süresi, 88-nji aýat:

وَلَا تَدْعُ مَعَ اللَّهِ إِلَهاً آخَرَ لَا إِلَهَ إِلَّا هُوَ كُلُّ شَيْءٍ هَالِكٌ إِلَّا وَجْهَهُ لَهُ الْحُكْمُ وَإِلَيْهِ تُرْجَعُونَ (88)

<<(Allanyň ýanynda başga bir mägbüdi çagyrma, sebäbi ondan özge Taňry bolmaz. Alladan başga barça zatlar ýok oljakdyr hökümdarlyk diňe onuň üçindir we baryňyz oňa tarap dolanjaksyňyz.)>>

Gurhany kerim geçen aýatlarda öz resulyny , halka Gurhanyň aýatlaryny ýetirmekde her hilli keýeňlik etmekden alyp galandyr. Gurhan şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar: mömin ynsan hergiz Allanyň ýanynda ýene birini goýup oňa bendelik etmez sebäbi ol, barça zatlaryň ýok bolup diňe Allanyň galjakdygyny gowy bilýär, onsoňda hakyky hökmürowanlyk diňe Alla üçindir, onda ondan özgä bendelik etmeklik bihuda işdir.

Bu aýatda gelşine görä Alladan gaýry barça zatlar ýok boljakdyrlar şeýlede älem- jahandaky barça zatlaryň barlygy Alla baglydyr we allanyň rahmet gapylary baglanan güni olar hem ýok boljakdyrlar.

Gurhany kerim geçen aýatda şirke yşarat etmekden soň bu aýatda şirki açyklap “Alladan gaýryny Allanyň ornunda goýup oňa Alla diýmeklik şirikdir” diýip aýdýar.

Elbetde Wähäbileriň ynamlarynyň tersine pygamberlere we Allanyň öwliýalaryna sygynmaklyk şirk däldir, sebäbi pygambere , ymamlara we ýada beýleki öwliýalara sygynýan adamlar olary Allanyň ýerine goýmaýarlar ýada “olaryň öz özünden gudratlary bardyr” diýip aýtmaýarlar,eýsem olaryň gudraty Alladan göz baş alýar diýip aýdýarlar, oňa görä muňa şirik diýip bolmaz.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1-hakyky mömin adam diňe Alla bendelik eder we Alladan gaýry hiç bir närse we gudrata bendelik etmez we olaryň öňünde berk durar.

2- dünýädäki barça zatlar ýok boljakdyr, emma Alla we Alladan göz baş alýan zatlar galjakdyrlar.

3-ölüm ýok olmak manasynda däldir eýsem barlygyň köküne dolanmak manasyndadyr.

 

//////////////////

پایان سوره قصص