Nov 07, 2018 11:56 Asia/Ashgabat

bölüm 8098,süre Ýasyn,Aýat 51-58

راهی بسوی نور (809)

Ýasyn süresi , 51, 52 we 5-nji aýatlar:

وَنُفِخَ فِي الصُّورِ فَإِذَا هُم مِّنَ الْأَجْدَاثِ إِلَى رَبِّهِمْ يَنسِلُونَ (51) قَالُوا يَا وَيْلَنَا مَن بَعَثَنَا مِن مَّرْقَدِنَا هَذَا مَا وَعَدَ الرَّحْمَنُ وَصَدَقَ الْمُرْسَلُونَ (52) إِن كَانَتْ إِلَّا صَيْحَةً وَاحِدَةً فَإِذَا هُمْ جَمِيعٌ لَّدَيْنَا مُحْضَرُونَ (53)

<<>>

Geçen aýatlarda dünýäniň allanyň yradasy bilen ahyra ýetýändigini we asmandan güýçli sesiň eşidilmegi bilen hemmeleriň öljekdiklerini aýdyp berdik . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda hem aýdýar: allanyň islegi we yradasy bilen asmandan sesiň eşidilmegi bilen hemmeler direlip ýerden gopjakdyrlar. ýer , edil ene ýaly ýaňadan öz perzentlerini dogurjakdyr ýagny gaýdyp berjekdir we guma garalyp ýatan ynsanyň beden agzalary ýaňadan bir-birine ýapyşyp her bir ynsan ýaňadan öz şeklinde amala geljekdir . şonda ynsanlar , ölen adamlaryň ýaňadan direlmekleri barada allanyň beren wadasynyň ber haklygyny öz gözleri bilen görjekdirler şonda olar , pygamberleriň kyýamat barada aýdan zatlarynyň dogrylygyny tassyk etjekdirler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

kyýamatyň ýüze çykmagy we ynsanlaryň kyýamatda mähşur bolmaklary hakdyr we ynsanlaryň mähşür bolmaklaryda öz jisimleri bilendir .

  1. Kyýamat güni hasrat günidir. kapyrlar näme üçin kyýamata iman getirmedik diýip hasrat çekerler we möminler hem näme üçin şeýle bir gün üçin köpräk zähmet çekmedik diýip hasrat çekerler .

Kyýamat güni bütin asyrlarda ýaşap geçen ynsanlaryň bir zamanda we bir mekanda mähşur boljak günleridir .

 

Ýasyn süresi, 54, 55, 56, 57 we 58-nji aýatlar:

فَالْیَوْمَ لا تُظْلَمُ نَفْسٌ شَیْئًا وَلا تُجْزَوْنَ إِلا مَا کُنْتُمْ تَعْمَلُونَ ﴿٥٤﴾ إِنَّ أَصْحَابَ الْجَنَّةِ الْیَوْمَ فِی شُغُلٍ فَاکِهُونَ ﴿٥٥﴾ هُمْ وَأَزْوَاجُهُمْ فِی ظِلالٍ عَلَى الأرَائِکِ مُتَّکِئُونَ ﴿٥٦﴾ لَهُمْ فِیهَا فَاکِهَةٌ وَلَهُمْ مَا یَدَّعُونَ ﴿٥٧﴾ سَلامٌ قَوْلا مِنْ رَبٍّ رَحِیمٍ ﴿٥٨

 

 

  • bu gün hiç bir adama zerre sütem edilmez, eden amallaryndan artykmaç jeza we serpaý hem berilmez // behişt ähli şol günde hoşluk ederler // olar bilen olaryň başdaşlary kölegeli ýerde arkalaryny tagta berip ( dinjik alarlar ) // şol mekanda ( her tüýsli ) miwe olara taýýar ediler we islän zatlary olaryň erkinde goýlar // salam (sözi) , mähriban allanyň tarapyndan gelen sözdir.>>

Ynsanlar dünýäden eden ýagşy we ýaman işleriniň netijesini görmek üçin kyýamatda allanyň huzuryna barmalydyrlar, olar allanyň huzuryna barmak bilen hem özleriniň ýagşy işleri üçin serpaý we ýaman işleri üçin hem jeza aljakdyrlar . şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatlarda : allanyň kyýamatda gurjak mizan-terezisinde hiç kime sütem edilmez salyhy adamlar özleriniň ýagşy işleriniň miwesini görerler ýaman adamlar hem özleriniň eden etmişleriniň jezasyny çekmeli bolarlar diýip aýdýar. gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem Behişt ähliniň ýagdaýny açyklap ynsanlara düşnükli bolar ýaly dünýäň bir näçe nygmatlaryndan şol sanda ýagşy ýaşaýyş mekandan , dadly tagamlardan we gowy egin-eşikden mysal hökmünde at tutýar we behiştiň nygmatlarynyň behişt ähliniň islegi boýunçy olaryň erkinde goýuljakdygyny aýdýar.

Elbetde behiştde durly mady nygmatlardan başga magnewi nygmat hem behişt ähliniň erkinde boljakdyr. salam bolsa şol magnewi nygmatlaryň bir görnüşidir . alla tagala behişt ähline asudalyk we arkaýynlyk bagyş etmek maksady bilen salam diýen nygmaty hem olaryň erkinde goýjakdyr we salam nygmaty bilen behişt ähline ruhy baýlygy bagyş etjekdir .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- kyýamat güni allanyň adalatynyň görnüşe çykjak günidir we şol günde hemmelere , amallaryna laýyklykda baha beriljekdir.

2- behişt diýilýän mekan , içinde hiç hili gam bolman içi hoşlukdan we şadýýanlykdan doly bolan mekandyr.

3-behiştde hem ynsanlaryň başdaşlary boljakdyr we olar bir-birlerinden hezil alyp ýaşajakdyrlar .

4-behişt ähli her zady islese şol zat bolar we olaryň islän zatlary olaryň erkinde goýlar.

 

  •