bölüm 810,süre Ýasyn,Aýat 59-65
bölüm 810,süre Ýasyn,Aýat 59-65
راهی بسوی نور (810)
Ýasyn süresi, 59-nji aýat :
وَامْتَازُوا الْيَوْمَ أَيُّهَا الْمُجْرِمُونَ (59)
<< eý günäkär adamlar bu gün ( ýagşylardan ) daşlaşyň. >>
Geçen gepleşikde ýagşy adamlaryň behiştde asudalyk we arkaýynlykda günlerini geçirjekdikleri barada we olaryň behiştde ýokary orunlarynyň boljakdygyny aýdyp berdik. Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar : kyýamat gününde günäkär adamlar ýagşy adamlardan aralaryny açyp ýollaryny jyda etjekdirler ol ýol olary Dowzahdan başga mekana eltjek däldir sebäbi olar dünýäň geler – geçer nygmatlaryna we haý – höweslerine aldanyp behiştiň hemişelik nygmatlaryny elden beren adamlardyrlar. elbetde olar kyýamatda özleriniň dünýäde goýberen günä işleriniň miwesini datjakdyrlar kyýamat adalatyň ýöredilýän mekanydyr şonuň üçin kyýamat gününde ýagşylar bilen ýamanlar bir mekanda bolup bilmezler .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- kyýamat güni ynsanlaryň amallaryna görä olaryň ýagdaýlary belli edilýän gündir . ol günde ene – ata bilen ogul – gyzlaryň haýsy birsiniň behişte we haýsy birsiniň hem dowzaha äkidiljekdigi belli däldir .
2- kyýamat güni, adalaty ýöretmek barada allanyň möminlere beren wadasynyň durmuşa geçjek günidir.
Ýasyn süresi, 60, 61 we 62-nji aýatlar :
أَلَمْ أَعْهَدْ إِلَيْكُمْ يَا بَنِي آدَمَ أَن لَّا تَعْبُدُوا الشَّيْطَانَ إِنَّهُ لَكُمْ عَدُوٌّ مُّبِينٌ (60) وَأَنْ اعْبُدُونِي هَذَا صِرَاطٌ مُّسْتَقِيمٌ (61) وَلَقَدْ أَضَلَّ مِنكُمْ جِبِلّاً كَثِيراً أَفَلَمْ تَكُونُوا تَعْقِلُونَ (62)
<< eý adamyň perzentleri! Şeýtana çokunmaň diýip siz bilen peýman baglaşmadykmy? Şeýtan siziň äşgär duşmanyňyzdyr // ( şeýlede ) diňe maňa bendelik ediň dogry ýol şu ýoldur (diýip siz bilen peýman baglaşmadykmy? ) // ýöne şeýtan siziň bir toparňyzy gümra etdi, onda oýlanmaýarsyňyzmy ?>>
Gurhan kerim bu aýatlarda kyýamat gününde mizan – tereziň başynda häzir boljak günäkär adamlar hakynda gürrüň edýändir gurhan kerim bu aýatlarda şol günäkär adamlara ýüzlenip : siz allanyň aýdanyny etmän näme üçin şeýtanyň aýdanyny etdiňiz ? we allany unutdyňyz diýip aýdýar . gurhan kerim şeýlede şeýtanyň hilelerine aldanmazlyk barada ýaradylyşda allanyň ynsanlardan alan ähdi- peýmanyna yşarat edip hezreti Adam bilen Höwene behiştde şeýtana aldanyp allanyň iýme diýen miwesinden iýdiler şeýdipde behiştden kowuldylar megerde şeýtanyň siziň ganym duşmanyňyzdygyny bilmeýärsiňizmi?diýip aýdýar.
Ynsan , özüniň ylahy gaýnamy esasynda ýagşy işlere ymtylyp telek işleri ýigrenýändir , onda her kim ynsanlary telek işlere tarap çagyrsa ol her kim bolsada hatda ynsan bolsada oňa ynsan diýip bolmaz ol ynsan keşbindäki şeýtandyr. onsoňda taryh boýunda köp adamlar bu hili şeýtan sypatly ynsanlara aldanyp gümra bolandyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- taňry tagala ýaradylyşda şeýtana eýermezlik barada bütin ynsanlaryň gaýnamy bilen peýman baglaşandyr.
2- ynsanlar ýa allanyň bendesidirler ýada şeýtanyň, bu meselede üçünji ýol ýokdur .
3- her namazda alladan , bizi dogry ýola hedaýat etmegini dileýäris gurhan kerimiň bu aýatlary esasynda dogry ýol şol allanyň emrine eýermegiň ýolydyr.
4- diňe gowy mady ýaşaýyşdan paýly bolmak üçin öz akyl paýhasymyzdan haýyrlanmaly däldiris eýsem şeýtanyň hilelerine aldanan ozalky ynsanlaryň ykballaryndan ybrat almak üçin hem öz aklymyzdan haýyrlanmalydyrys .
Ýasyn süresi, 63, 64 we 65-nji aýatlar :
هَذِهِ جَهَنَّمُ الَّتِي كُنتُمْ تُوعَدُونَ (63) اصْلَوْهَا الْيَوْمَ بِمَا كُنتُمْ تَكْفُرُونَ (64) الْيَوْمَ نَخْتِمُ عَلَى أَفْوَاهِهِمْ وَتُكَلِّمُنَا أَيْدِيهِمْ وَتَشْهَدُ أَرْجُلُهُمْ بِمَا كَانُوا يَكْسِبُونَ (65)
<< bu ( görýäniňiz ) size ozal wadasy berlen Dowzahdyr .// eden kapyrçylygyňyz üçin bu gün oňa giriň // bu gün agyzlaryna möhür urarys we elleri biz bilen geplär we aýaklary olaryň eden işleri barada şaýatlyk bererler .>>
Gurhan kerim geçen aýatlarda günäkärleriň kyýamatda ýüz be ýüz boljak ýagdaýlaryny beýan etmekden soň bu aýatlarda aýdýar: Pygamberler , kyýamatda salyhy adamlara beriljek serpaý we günäkär adamlara beriljek jeza barada allanyň sargydyny ynsanlaryň gulagyna ýetirdiler ýöne köp adam pygamberleriň ýetiren sargydyny boş gürrüň hasaplap olary masgara etdiler emma bu gün bolsa pygamberleriň wadalarynyň hakdygyny öz gözleri bilen synlap durandyrlar olar bu gün Dowzaha girmek bilen Dowzahyň odyna hem ýanyp durandyrlar . elbetde allanyň guran mizan- terezisinde günäkär adamyň öz günälerine ykrar etmegine hajat ýokdur sebäbi ol ýerde ynsanlaryň beden agzalary onuň eden ýagşy – ýaman işleri barada güwälik berjekdirler .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- pygamberler , ynsanlara aýtmaly zatlary aýdandyrlar oňa gürä kyýamatda hiç kim bahana getirip biljek däldirler.
2- kyýamat gününde ynsanyň agzyna möhür urlar şonuň üçin kyýamatda ynsan agzy bilen sözläp bilmez eýsem onuň ýerine ynsanyň el – aýagy ýaly beden agzalary geplejekdirler .
3- ynsanyň beden agzalary onuň etýän işleriniň telek ýada ýagşydygyny duýýandyrlar şonuň üçin hem kyýamatda olar , ynsanyň şol amallaryndan habar berjekdirler.
/////////////////