bölüm 811,süre Ýasyn,Aýat 66-70
bölüm 811,süre Ýasyn,Aýat 66-70
راهی بسوی نور (811)
Ýasyn süresi, 66 we 67-nji aýatlar :
وَلَوْ نَشَاء لَطَمَسْنَا عَلَى أَعْيُنِهِمْ فَاسْتَبَقُوا الصِّرَاطَ فَأَنَّى يُبْصِرُونَ (66) وَلَوْ نَشَاء لَمَسَخْنَاهُمْ عَلَى مَكَانَتِهِمْ فَمَا اسْتَطَاعُوا مُضِيّاً وَلَا يَرْجِعُونَ (67)
<< islesek gözleriniň şöhlesini alarys , onda , bir-birlerinden öňe geçjek bolup ýaryşýan ýagdaýlarynda nähili görerler? // we işlesek olary duran jaýlarynda aňk edip goýarys , ne ýollaryny dowam berip bilerler we nede yzlaryna dolanyň bilerler. >>
Geçen gepleşikde günäkär adamlaryň kyýamatda mizan - tereziň başynda nähili häzir boljakdyklaryna we olaryň beden – agzalarynyň hem olaryň eden etmişleri barada şaýatlyk berjekdikleri barada gürrüň etdik . gurhan kerim bu aýatlarda allanyň azabynyň diňe bir kyýamatda dälde eýsem dünýäde hem günäkärleriň ýakasyndan tutup bilýändigine yşarat edip : Alla islese şu dünýäde hem günäkär adamlary jezalandyryp biler we islese günäkär adamlar hiç zady görüp bilmezler ýaly olaryň gözlerini gapdyryp biler şonda olar nede yzlaryna dolanyp bilerler we nede bir-birlerinden öňe düşer ýaly ýollaryny dowam berip bilerler şeýlede Alla yrada etse olary ruhsyz heýkel ýaly düňderip biler şonda olar duran jaýlaryndan gymyldap hem bilmezler diýip aýdýar.
Elbetde günäkär adamlaryň gözleriniň gapylmagy mümkin kyýamatda , hem bolsyn we olar şol günde behiştiň ýoluny tapyp bilmän Mähşär çölünde sergezdan bolup galsynlar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- günäkär adamlar dünýäde hem allanyň gahar- gazabyndan özlerini aman duýmaly däldirler eýsem allanyň gahar- gazabynyň şu dünýäde hem olaryň ýakasyndan ýapyşmagy mümkindir .
2- taňry tagala dünýäde ynsanlary belli zatlaryň hatyrna jezalandyrmasa olara degýän däldir.
Ýasyn süresi, 68-nji aýat :
وَمَنْ نُعَمِّرْهُ نُنَكِّسْهُ فِي الْخَلْقِ أَفَلَا يَعْقِلُونَ (68)
<< her kime uzak ömür bersek ýaradylyşda onuň ýagdaýny çöwre ederis, onda oýlanmaýarlarmy?>>
Gurhan kerim Taňry tagalanyň islese dünýäde hem günäkär adamlary jezalandyryp bilýändigine yşarat etmekden soň bu aýatda : elbetde bütin ynsanlar garranlary soň çaga ýaly ejiz bolýarlar bedenleri gowşap akyllary çaşýar diýip aýdýar.
Aslynda her bir ynsan garrap ejizlemekden ozal ýaşlykda we ýigitlik çaglarynda dogry ýol saýlap dogry ýoldan hereket etmelidirler, "garrylykda toba edip ýagşy işleri ederin" diýen güman bir hili ham hyýallykdyr sebäbi ynsanyň garrylykda "ýagşy iş etjek" diýsede onuň edip biljekdigi gümanadyr. onda her kim garramaka dogry ýoldan ýöräp ýagşy işleri etmelidir.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- uzak ömür we garrylyk , ynsana güýç bagyş edýän däldir eýsem ynsanyň kuwwatyny alyp ony ejizlige tarap äkidýändir .
2- her kimiň bellije ömri bardyr ýöne onuň arzuw hyýallaryna tükenmeklik ýokdur . onda her kim şu bellije ömründen gowy peýdalanyp ýagşy işleri edip bilse şol adam bagtly adamdyr.
3- ynsany halas etjek zat , akyl - paýhasdyr onda her kim öz aklyndan we paýhasyndan dogry haýyrlanyp bilse bagtly boljakdyr her kim hem peýdalanyp bilmese betbagt bolup heläkçiligä uçrajakdyr .
Ýasyn süresi, 69 we 70- nji aýatlar :
وَمَا عَلَّمْنَاهُ الشِّعْرَ وَمَا يَنبَغِي لَهُ إِنْ هُوَ إِلَّا ذِكْرٌ وَقُرْآنٌ مُّبِينٌ (69) لِيُنذِرَ مَن كَانَ حَيّاً وَيَحِقَّ الْقَوْلُ عَلَى الْكَافِرِينَ (70)
<< biz oňa ( hergiz ) şygyr öwretmedik we oňa laýyk hem däl . bu ( kitap) zykyr we ýagtylyk ( bagyş edýän ) gurhandan aýry hiç zat däldir // (şeýlede bu kitap) her kim diri bolsa oňa duýduryş berer ýaly , we ( allanyň ) kelamy kapyrlar hakynda durmuşa geçjekdigi barada ( duýduryş berýän kitapdir ) .>>
Gurhan kerim geçen aýatlarda kyýamat barada şeýlede allanyň birligi hakynda gürrüň etmekden soň bu aýatlarda yslam pygamberiniň ber-haklygy barada gürrüň gozgap : allanyň yslam pygamberi hezreti muhammet (s.w.s)-e inderen zady şygyr däldir we yslam pygamberi şahyr däldir diýip aýdýar. Gurhanyň aýatlary goşgy bolmasada olarda goşgyň heňini we agramyny görmek bolýar şondan gelende taryhy çeşmeleriň berýän şaýatlygyna görä yslam pygamberi ne şahyr bolupdyr we nede goşgy goşupdyr.
Elbetde kapyrlaryň we müşrikleriň yslam pygamberini şahyrçylykda aýyplamaklary gurhan kerimiň aýatlarynyň şygyra çalym etmegi sebäpli dälde eýsem şol zamanda Araplaryň ynamlaryna görä Jynyň eýelän adamlary şahyr bolýanmyşlar we şol zamanyň araplary : şahyrlaryň agyzyndan çykýan goşgylary Jynyň olara öwredýän zatlary diýip aýdýanmyşlar şonuň üçin hem kapyrlar we müşrikler şahyrçylyk etmekde yslam pygamberini aýyplap : "yslam pygamberiniň gurhanyň aýatlary diýip aýdýan zatlary şol jynlaryň oňa öwreden zatlaryndan başga giç zat däldir" diýip aýtjak bolandyrlar.
Şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda :
Yslam pygamberiniň dilinden çykýan kelam jynlaryň öwredýän zady däldirde eýsem allanyň kelamydyr we ol kelamda zykyr bardyr duýduryş bermek bardyr we bu kelam , hakyň gözleginde bolan ynsanlary her hili azgynçylykdan we şeýtana aldanmakdan alyp galýandyr diýip aýdýar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- gurhan kerim şahyrçylygy ret edýän däldir eýsem yslam pygamberiniň şahyr bolup gurhanyň goşgy bolmagyny ret edýändir .
2- gurhan , bir şahyryň hyýal dünýäsinden göz baş alan goşgy däldir eýsem mantyk we hekmet kitaby bolan allanyň kelamydyr.
3- haka boýun egmeýän ynsanlar diri bolsalarda ölidirler ynsanyň diriligi dem almaklykda dälde eýsem ýürek arassalygynda we ruhyň päkligindedir . şonuň üçin hem çyn möminler hakyky diri ynsanlardyrlar, aýry bir tarapdan kapyrlar dem alsalarda çyndan ölen ynsanlardyrlyr sebäbi kapyrlyk ynsanyň ýüregini öldürýändir.
///////////////////