Nov 07, 2018 12:13 Asia/Ashgabat

bölüm 812,süre Ýasyn,Aýat 71-76

راهی بسوی نور (812)

Ýasyn süresi, 71 , 72 we 73-nji aýatlar :

‏ أَوَلَمْ يَرَوْا أَنَّا خَلَقْنَا لَهُمْ مِمَّا عَمِلَتْ أَيْدِينَا أَنْعَاماً فَهُمْ لَهَا مَالِكُونَ (71) وَذَلَّلْنَاهَا لَهُمْ فَمِنْهَا رَكُوبُهُمْ وَمِنْهَا يَأْكُلُونَ (72) وَلَهُمْ فِيهَا مَنَافِعُ وَمَشَارِبُ أَفَلَا يَشْكُرُونَ (73)

<< olaryň elindäki dürt aýakly ulaglary biziň öz elimiz bilen olara ýaradandygymyzy görmedilermi? // we dürt aýakly haýwanlary olara ekdi edip berdik olar ( bu haýwanlaryň ) käsini münýändirler käsinden hem iýmitlenýändirler // we ol ( dürt aýakly haýwanlarda ) adamlar üçin ýene köp peýdalar ýatandyr ( olarda süýt ýaly ) içgi bardyr onda näme üçin şükür kylmaýarlar ? “

Gurhan kerim bu aýatlarda alla tagalanyň ynsanlara merhemet eden nygmatlarynyň ýene birisine yşarat etmek bilen allanyň ynsanlar üçin ekdi edip goýan dürt aýakly haýwanlarynda köp nygmatlar bardyr ynsanlar olaryň käsinden ulag hökmünde peýdalanýan bolsalar olaryň käsinden hem iýmit hökmünde peýdalanýandyrlar ýada olaryň deri, ýüň we süýt ýaly önümlerinden peýdalanýandyrlar diýip aýdýar.

Bu haýwanlardan ýada olaryň önümlerinden peýdalanmagyň ähmiýeti häzirki asyrda hem kemelen däldir gadym eýýamlarda ynsanlar sygyryň ýada goýunyň diňe bir süýdinden peýdalanýan bolsalar häzirki döwürde bir südiň özünden onlarça önümi öndürip olardan peýdalanýandyrlar . ýada haýwanlaryň hamyndan ynsanlara peýdaly bolan onlarça önümi öndürilýändir .

Hatda gatnaw kyn bolan ýerlerde şol sanda çöl we dag ýerlerde heniz hem ýük çekmek üçin Eşek we At ýaly ulaglardan haýyrlanylýandyr .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- taňry tagala ynsanlaryň hatyrna sygyr , düýe we goýun ýaly haýwanlary ýaradandyr egerde bu haýwanlar ýaradylman bolsalardy ynsanlaryň ýaşaýşy kynlyk bilen geçerdi.

2- ynsanlar ekdi edip bilerler ýaly düýe , sygyr , goýun we at ýaly dürt aýakly haýwanlaryň ýaradylmagy bir hili nygmatdyr .

3- allanyň beren bu nygmatlarynyň gadyryny bilmezlik ynsanyň näşükür bolmagyna sebäp boljakdyr .

Ýasyn süresi, 74, 75 we 76-njy aýatlar :

وَاتَّخَذُوا مِن دُونِ اللَّهِ آلِهَةً لَعَلَّهُمْ يُنصَرُونَ (74) لَا يَسْتَطِيعُونَ نَصْرَهُمْ وَهُمْ لَهُمْ جُندٌ مُّحْضَرُونَ (75) فَلَا يَحْزُنكَ قَوْلُهُمْ إِنَّا نَعْلَمُ مَا يُسِرُّونَ وَمَا يُعْلِنُونَ (76)

<< allanyň ýerine başga zatlary hudaý tutundylar , olardan goldawa garaşýan ýagdaýlarynda // emma ol hudaýlaryň goldaw berere ýarawlary ýokdur we olar butlaryň guşuny hökmünde ( kyýamatda ) çagyryljakdyrlar .// ( eý pygamber! ) müşrikleriň aýdýan zatlary üçin gam bolma , biz , olaryň basyrýan zatlaryny we äşgär edýän zatlaryny bilýändiris .>>

Allanyň nygmatlarynyň garşysynda ynsanlaryň nä-şükürligini görkezýän zatlaryň biriside ynsanlaryň alla bendelik etmegiň deregine butlara bendelik etmekleridir , bu işi müşrikler äşgärleýin edýän bolsalar kä dindarlar ýaşrynlykda bu işi edýändirler .

Bir adamyň äşgär suratda : men şu zada ýada şu ynsana çokunýaryn diýip aýtmagyna şyrkyň äşgär görnüşi diýip aýdylýandyr . emma bir adam gelip : men palan kes bolman bolsady şu derejelere ýetmezdim< palanyň kömegi bilen men şu zatlara ýetdim diýip öz ýaşaýşynda allanyň roluny görmese onuň bu işine ýaşryn şyrk diýip aýdylýandyr .

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : kyýamat gününde ynsanlaryň amallarynyň delilleri aýan we äşgär boljakdyr kim alla üçin edipdir kim halyk üçin edipdir kim göz üçin edipdir bu zatlaryň hemmesi aýan we äşgär boljakdyr, şol günde müşrikler edil bir guşunyň adamlary ýaly butlaryň yzynda hatara düzülip durjakdyrlar.

Gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda yslam pygamberine we möminlere ýüzlenip : müşrikleriň boş gürrüňlerinden gam bolmaň olaryň size ýapýan aýyplamalary we siz barada aýdýan zatlary sizi numyt etmesin olary alla tabşyr , alla olara nähili çemeleşmegi gowy bilýändir diýip aýdýar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- dünýäde hiç zat allanyň ornunda durup bilmez barça zatlar allanyň ýaradan sebäpkärleridir we olaryň bir özüniň ynsanlaryň ýaşaýşynda alla islemese zerre täsiri bolup bilmez .

2- allanyň gudratyny görmezlik edip başga zatlardan kömek soramaklyk bir hili kapyrçylyk we şyrkdyr. aslynda alla islemese hiç kimden hiç kime kömek ýetip bilmez .

3- diniň duşmanlarynyň aýdýan zatlary biziň dine bolan yhlasymyzda ýaramaz täsiri galdyrmaly däldir biz bu zada esewan bolmalydyrys.

/////////////