bölüm 813,süre Ýasyn,Aýat 77-80
bölüm 813,süre Ýasyn,Aýat 77-80
راهی بسوی نور (813)
Ýasyn sürüsi, 77, 78 we 79-njy aýatlar :
أَوَلَمْ يَرَ الْإِنسَانُ أَنَّا خَلَقْنَاهُ مِن نُّطْفَةٍ فَإِذَا هُوَ خَصِيمٌ مُّبِينٌ (77) وَضَرَبَ لَنَا مَثَلاً وَنَسِيَ خَلْقَهُ قَالَ مَنْ يُحْيِي الْعِظَامَ وَهِيَ رَمِيمٌ (78) قُلْ يُحْيِيهَا الَّذِي أَنشَأَهَا أَوَّلَ مَرَّةٍ وَهُوَ بِكُلِّ خَلْقٍ عَلِيمٌ (79)
<<
Rowaýatlarda gelşine görä Mekge müşrikleriniň birisi , bir çüýrän süňki eline alyp resulullanyň ýanyna gelip : "elimiň içinde gyssam pytrap gitjek şu süňkiň eýesini kim direldip biler" didi ?
Dogrusy , allanyň gudratyny çäkli bilýän we dünýäň hasaby bilen allanyň gudratyny ölçege salýan adamlar şu hili soragy edýändirler. elbetde Gurhan kerimiň indiki aýatlary müşrikleriň bu soragyna jogap berip : sizi ýokdan bara getiren we bir damja suwdan ýaradan allanyň gudratyny çäkli bilýäňizmi? we ilki sapar şu işi edip bilen taňry , ýaňadan hem ony edip bilmez öýdýäňizmi? diýip aýdýar.
Allanyň ýaradan zatlary bolan ynsan Labratuwarlarda bir sellul alyp ondan janly zatlary çykaryp bilýän bolsa şol ynsanyň eýesi bolan taňry tagala ölen zatlara ýaňadan jan berip bilmezmi? Elbetde berip biler .
Häzirki ýagdaýda alymlar , bir adam ölüp üstünden onlarça ýyl geçen soň onuň D.N.A-syny barlap şol ölen adamyň kimligini bilýärler .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :
1- ynsanyň Alla bilen tersleşip onuň buýruklarynyň garşysynda durmagy, ynsanyň bir damja suwdan ýaradylandygyny unudandygyny mälim edýändir .
2- kyýamaty inkär edýän müşrikler , aslynda , ýaradylyşdaky Allanyň ylmyna we gudratyna şeklidirler, we olar özleriniň kyýamaty inkär etmekleri üçin hiç delili hem öňe sürýän däldirler.
3- kyýamat meselesinde iki zady göz öňüne almalydyr, birinji mesele allanyň ynsanlary gaýtadan janlandyryp bilmegidir ikinji mesele hem ynsanlaryň amallary we boluşlary bilen baglanşykda allanyň ylmynyň tükeniksiz bolmagydyr.
4- bilmek we öwrenmek üçin sorag etmeklik gowy ýoldur ýöne jedel etmek ýada masgaralamak, gowy iş däldir .
Ýasyn süresi, 80-nji aýat :
الَّذِي جَعَلَ لَكُم مِّنَ الشَّجَرِ الْأَخْضَرِ نَاراً فَإِذَا أَنتُم مِّنْهُ تُوقِدُونَ (80)
<< gök agaçdan ot ýaradan kimse (diýmek Alla ) siz hem ( isleseňiz ) şol ody ýakyp bilersiňiz.>>
Gurhan kerim geçen aýatda ýaradylyşdaky allanyň gudratyny beýan etmekden soň bu aýatda allanyň tebigatdaky nyşanalarynyň birisini beýan edip : allanyň tebigatda goýan kanunlary esasynda agaçlarynyň şahalarynyň bir birlerine sürtülmegi bilen Elektrik amala gelip birdenkä jeňňelde ýangyn turýar . gadym eýýamlarda sübişkäň ýok zamanynda ynsanlar ot ýakmak üçin çakmak daşy ýada agaçlaryň şahasyny bir birine sürtip ot ýakýardylar . bir wagt jeňňelde gaty ýel ösen ýagdaýynda hem agaçlaryň şahalarynyň bir birlerine sürtülmegi bilen ýangyn ýüze çykardy . bu aýatynyň nygtaýşy ýaly ot bilen suw bir birlerine ters gelselerde şu hili ýagdaýlarda gök agaçdan ot amala gelýär bu bolsa allanyň gudraty bilen bolýan zatdyr.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- tebigaty we onda ýöreýän kanunlary öwrenmek bilen özümiziň alla we onuň gudratyna bolan imanymyzy daýandyryp bileris .
2- agaçlara şöhle salýan gün we onuň nury , hiç mahal aradan gidýän däldir eýsem şol agaçyň şahalarynda we ýapraklarynda başga bir şekilde özüni görkezýändir soň hem şol agaç ýakylan mahaly şol energiýa özüni ýangyn şeklinde görnüşe çykarýandyr.
///////////////