bölüm 814,süre Ýasyn,Aýat 81-83
bölüm 814,süre Ýasyn,Aýat 81-83
راهی بسوی نور (814)
Ýasyn süresi, 81-nji aýat :
أَوَلَيْسَ الَّذِي خَلَقَ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ بِقَادِرٍ عَلَى أَنْ يَخْلُقَ مِثْلَهُم بَلَى وَهُوَ الْخَلَّاقُ الْعَلِيمُ (81)
<< gökleri we ýeri ýaradan kimse ( kyýamatda ) şolara meňzeş zady ýaradyp bilmezmi? ( elbetde ýaradyp biler ) we ol bilimli ýaradyjydyr.>>
Geçen gepleşikde , ynsanlary bir damja suwdan ýaratmakda şeýlede gök agaçdan ody döretmekde allanyň gudratyna yşarat etdik gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda gökleri we ýeri ýaratmakda allanyň gudratyna yşarat edip : Alla ölen ynsanlary kyýamatda direldip bilmez diýip aýdýan bolsaňyz näme üçin şu azamatly asmanlaryň we ýeriň bir kada esasda dikeldilip aýlanyp duruşlaryny synlamaýarsyňyz? barlyk şeýle bir ulydyr weli ýer şary onuň ýanynda bir iňňäň ujy ýaly bolup galýandyr , Alla şu iňňäň ujy ýaly zatda , beýik - beýik daglary , giden çölleri we azamatly ummanlary we deňizleri ýerleşdirendir diýip aýdýar.
Hawa , allanyň şu hili azamatly zatlary ýaradandygyny bilip onuň kyýamatda ynsanlary direldip bilmegine şek edip bolarmy?
Mümkinde , ynsan ölen soň onuň bedeniniň agzalary dargap her gaýsy bir ýere düşýär diýip şübhe bildirenler bolsun. dogrusy her bir zadyň zerre-zerre agzalarynyň ýagdaýyndan doly habarly bolan Alla kyýamatda hem şol zerreleri öz ýerinde ýerleşdirip ynsany şol deslapky şeklinde direldip bilmezmi?
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- müşrikleriň din barada ara atýan şübhelerine göni suratda jogap bermän eýsem olaryň şübhelerine sorag şeklinde jogap bermek bilen olaryň weždanlaryny oýaryp boljakdyr.
2- ýaradylyş diýlen zat ylma we gudrata mätäçdir we Taňry tagalanyň gudratyny kyýamatda we dünýäde çäkli edip bolmaz .
3- azamatly barlygy ýokdan bara getiren Alla kyýamatda ynsanlary ýaňadan direldip biljekdir.
Ýasyn süresi, 82- nji aýat :
إِنَّمَا أَمْرُهُ إِذَا أَرَادَ شَيْئاً أَنْ يَقُولَ لَهُ كُنْ فَيَكُونُ (82)
<< allanyň emri şeýledir weli her bir zady islese oňa "bol diýer" we ol şol halda bolar .>>
Gurhan kerim geçen aýatyň dowamynda Taňry tagalanyň gudratyny nygtamak bilen : onuň üçin her bir zady ýaratmaklyk aňsat işdir we Allanyň ýanynda bir garynjany ýaratmaklyk aňsat bolup asmany ýaratmaklyk kyn bolup düşsin däldir eýsem olaryň ikiside Allanyň ýanynda bir derejede aňsatdyr. allanyň ýanynda ululyk – kiçilik parh etmez, Alla her bir zady islese ony bir salymda ýaradyp biler . ynsanlar hem öz zehinlerinde her bir zady döredip bilýändirler ýöne şol zehinlerinde döreden zatlaryny amalda döretjek bolsalar şonda iş kynalýar ýöne allanyň ýanynda ýagdaý parh etýär Alla her bir zady yrada etdimi , şol zat edil şol salymda amala aşýandyr.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- her närsäni ýaratmaklyk , uly bolsun kiçi bolsun , sada bolsun , çylşyrymly bolsun , parh etmeýär , olaryň hemmesini ýaratmaklyk allanyň ýanynda gaty aňsatdyr .
2- taňry tagala barlygyň asly eýesidir ol barlykdaky barça zatlary ýokdan bara getirendir . bir salymda maddany ýaradyp oňa şekil berendir .
Ynsanlar hem zatlara şekil berip bilýändirler ýöne olar hiç bir zady ýokdan amala getirip bilýän däldirler.
Ýasyn süresi, 83-nji aýat :
فَسُبْحَانَ الَّذِي بِيَدِهِ مَلَكُوتُ كُلِّ شَيْءٍ وَإِلَيْهِ تُرْجَعُونَ (83)
<< bes her bir zadyň eýeligi we hökmürowanlygy elinde bolan kimse päkdir we ( ahyrda hem hemmäňiz ) oňa tarap dolandyryljaksyňyz.>>
Ýasyn süresiniň iň soňky aýaty bolan bu aýatda gurhan kerim jemläp aýdýar : barlygyň asly eýesi we häkimi alladyr we ol her bir zada kadrdyr we Alla her bir ejizlikden päkdir we her bir başarmazlykdan daşdyr, onda hiç kim allanyň kyýamatda ynsanlary gaýtadan direldip biljekdigine şek etmeli däldir we ynsanlaryň hemmesiniň ahyrda dolanjak ýeri allanyň dergähi bolar, bu arada ynsanyň , dünýä gelmeginde ýada dünýäden gitmeginde onuň zerre erk- ygtyýary ýokdur, onda dünýä gelip- gitmeginde zerre erk- ygtyýary bolmadyk ynsan näme üçin kyýamatyň ber-haklygyna şek edýär?
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- Alla her bir işe gadyr kä we onuň durkunda ejizlik diýilýän zat ýokka ynsan , Allanyň kyýamaty dikeldip biljekligine nähili şek edýär ?
2- barlygyň başy we soňy allanyň elindedir, ýaradylyş allanyň yradasy bilen başlanandyr we soňda ýaradylan närseleriň hemmesiniň dolanjak ýeri Allanyň dergähidir.
////////////////
Ýasyn süresiniň soňy