bölüm 815,süre saffat,Aýat 1-6
bölüm 815,süre saffat,Aýat 1-6
راهی بسوی نور (815)
Saffat süresi:
Geçen gepleşikde Ýasyn sürüsiniň gürrüňleriniň gutarmagy bilen biz bu günki gepleşikde gurhan kerimiň süreleriniň ýene birisiniň gürrüňlerine girişeris. biz bu günki gepleşikde Saffat süresi hakynda gürrüň ederis .
Saffat süresi gurhan kerimiň 37-nji süresi bolup Mekgede yslam pygamberine inendir şonuň üçin bu süre Mekgi süreleriň hatarynda ýeleşýändir. bu süre mekgi süre bulansaň beýleki mekgi sürelerinde gelşi ýaly şonda köplenç ynam- ygtykada degişli meseleler barada şeýlede şirk we kapyrlyga garşy görüşde pygamberleriň çeken zähmetleri hakda şol sanda Ybraýym pygamberiň butlara garşy göreşi barada gürrüň bolandyr. şeýlede bu sürede halkyň jyn we perişdeler hakynda aýdýan zatlarynyň dogry däldigi barada gürrüň bolandyr.
Saffat süresi, birinji aýatdan 5-nji aýata çenli :
وَالصَّافَّاتِ صَفّاً (1) فَالزَّاجِرَاتِ زَجْراً (2) فَالتَّالِيَاتِ ذِكْراً (3) إِنَّ إِلَهَكُمْ لَوَاحِدٌ (4) رَبُّ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَمَا بَيْنَهُمَا وَرَبُّ الْمَشَارِقِ (5)
<< ant bolsun hatara beslänleriň hataryna // we ant bolsun ( adamlary günä işlerden ) alyp galýan alyp galyjylara // we ant bolsun ( aýatlary ) zykyr edýän adamlara // hökman siziň repbiňiz birdir ( iki däldir ) // ( ol Rep ) ýer we gökler we olaryň aralygyndaky barça zatlaryň perwerdigäridir şeýlede ( ol) gündogarlaryň perwerdigäridir.>>
Gurhan kerim ynsanlaryň ünsüni özüne tarap çekmek maksady bilen bu süräni bir näçe ant bilen başlandyr .
Elbetde taňry tagala özüniň ber-haklygyny subut etmek üçin ant içmeklige mätäç däldir we iman ähli allanyň ant içmän ýerinde hem onuň kelamynyň hakdygyny kabul edýändirler . ýöne Alla bir zat barada ant içse ol zadyň möhümligi mälim bolýandyr we alla bir zadyň möhümligini bildirmek üçin hem onuň adyndan ant içipdir. taňry tagala bu aýatlarda wahyny pygamberlere ýetirmekde rul oýnaýan perişdeleriň bir toparynyň adyndan ant içýär . bu perişdeler wahyny pygamberlere ýetirmekden aýry pygamberlere ýetirlen wahyny degişdirjek bolýan Şeýtanlaryň we ynsanlaryň öňüni almakda hem rul oýnandyrlar we wahyň dogry suratda pygamberleriň gursaklaryna guýulmagyna sebäp bolandyrlar .
Bu perişdeleriň deslapky ýöriteligi olaryň tertip düzgün bilen hatara beslenip hereket etmekleridir. olar şeýle bir tertip düzgün bilen hatara düzülýändirler weli Alla olaryň hatara düzülişinden ant içendir . perişdeler hatara düzilen harbylar ýaly belki olardan näçe esse dykkatlyrak hatara düzülip allanyň emrini durmuşa geçirmek ugurda hemişe taýýardyrlar. gurhan kerim bu antlardan soň hem aýdýar : gökleriň we ýeriň we olaryň arasyndaky bütin närseleriň perwerdigäri bolan ýalňyz alladyr we onuň taýy ýokdur , ne perişdeler , ne jynlar we nede beýleki närseler ýaradylyşda allanyň şärigi däldirler ol diňe bir ýaradyjy däldir eýsem ýaradylan zatlaryň işlerine çäre görmeklik hem onuň bilendir.
Gurhan kerim bu aýatlarda ýene bir meselä yşarat edendir ol mesele bolsa ýer şarynyň gündogar tarapynyň köpligidir, ýer şarynyň ýüzünde bir mekan ýene bir mekanyň günbatyrynda ýerleşen bolsa ol mekany ýene bir mekana gürä gündogarda ýerleşendir şu hasap bilen ýer şarynyň her mekanynyň özüne gürä günbatar we gündogar taraplary bolýandyr onsoňda gün şary hem her gün gündogardan doganda onuň dogýan mekany düýne gürä bi az parh edýändir günüň gündogardan dogyşynyň her günde parh etmegi tötänlikde däldir eýsem onuň yzynda bir çäre görýän uly gudrat ýatandyr we gün şol gudratyň belli edip goýan kadasy esasynda hem her günde parhly ýerden dogýandyr .
Ýer şarynyň dykkat bilen günüň daşyna şeýlede öz töweregine aýlanmagy netijesinde amala gelýän bu tapawutlaryň netijesinde ýer şarynyň her nokodynyň özüne mahsus gündogar we günbatar taraplary amala gelýändir . şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatlarda bir gündogaryň ýerine köp gündogardan gürrüň edendir .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- işlerde tertip düzgüniň bolmagy diniň nygtan zadydyr bu mesele birleşige , kuwwatlylyga işleriň tiz bitmekligine sebäp bolýandyr.
2- her bir işiň garşysynda özüne gürä kynçylyklar ýüze çykýandyr oňa gürä maksada oýlanýan ynsan bu kynçylyklardan gorkmany gaýduwsyzlyk bilen ýoluny dowam etmelidir.
3- Taňry tagala hem älem- jahany ýokdan bara getirendir hemde onuň işlerine çäre görýändir .
4- barlygyň hemmesi bir taňryň tarapyndan dolandyrylýandyr ýer bilen gögiň we beýleki närseleriň arasyndaky sazlaşyk allanyň birligine delalat edýändir .
Saffat süresi, 6-njy aýat :
إِنَّا زَيَّنَّا السَّمَاء الدُّنْيَا بِزِينَةٍ الْكَوَاكِبِ (6)
<< biz dünýäniň asmanyny ýyldyzlar bilen bezedik.>>
Gurhan kerim geçen aýatlarda gökleriň we ýeriň perwerdigäriniň bir zaddygyny beýan etmekden soň bu aýatda : biz gögi siziň depäňizde dikeldip ony ýyldyzlar bilen bezedik diýip aýdýar.
Hakykatda hem şäherlerde ýaşaýan ynsanlar şäherlerdäki ýagtylygyň netijesinde gijelerine asmanyň gözelligini görüp bilýän däldirler ýöne şu şäherli adam çöle çykyp gijelerine bir asmana gözüni tikende asmandaky ýyldyzlary görüp we asmanyň ýüzündäki uly - kiçi kä ýyldyzlaryň netijesinde amala gelen gözelligi synlap haýranlar galýandyr, ýyldyzlara beslenen asman hem gözel hemde azamatly , edil diýersiň weli baýramlarda gijelerine ýakylýan durly reňkli lampalar ýaly ýyldyzlar hem özleriniň dürli reňkleri we ýagtylyklary bilen ynsana göz gyrpýandyrlar. bu gözellik bolsa ony ýaradan taňrynyň kuwwatlylygyndan bir nyşandyr.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsanyň gözellige tarap ymtylmagy allanyň ynsanyň durkynda goýan bir ymtylyşyň netijesinde ýüze çykýandyr ynsanlarda gözellige tarap bolan bu ymtylyşy gurhan kerim hem makullaýandyr .
2- asmanyň we ýyldyzlaryň gözellikleri allanyň azamatyndan bir nyşandyr.
3- asman we ýyldyzlara üns berip olary içginräk tanajak bolup tagalla etmeklik we bu ugurda bilim gazanmaklyk söýerli işdir we bu işi yslamyň din alymlary hem makullandyrlar.
//////////////////