bölüm 816,süre saffat,Aýat 7-11
bölüm 816,süre saffat,Aýat 7-11
راهی بسوی نور (816)
Saffat süresi, 7, 8, 9 we 10-nji aýatlar :
وَحِفْظاً مِّن كُلِّ شَيْطَانٍ مَّارِدٍ (7) لَا يَسَّمَّعُونَ إِلَى الْمَلَإِ الْأَعْلَى وَيُقْذَفُونَ مِن كُلِّ جَانِبٍ (8) دُحُوراً وَلَهُمْ عَذَابٌ وَاصِبٌ (9) إِلَّا مَنْ خَطِفَ الْخَطْفَةَ فَأَتْبَعَهُ شِهَابٌ ثَاقِبٌ (10)
<< we ( ony ) başyna giden her bir şeýtanyň hopundan guradyk // olar arşa ogryn diň salyp bilmezler we her bir tarapdan kowuljakdyrlar // tä (aryşdan ) daşlaşsynlar, we olara hemişelik azap berler // meger bir salymda bir zady ogurlasynlar şonda tiz hereket edýän Şahap olary kowaljakdyrlar .>>
Geçen gepleşikde taňry tagalanyň ýyldyzlar bilen asmana zynat berendigini aýtdyk . gurhan kerim bu aýatlarda bolsa asmanyň we arşyň maddy bolmadyk taraplaryna yşarat edip : şeýtanlar aryşda bolup geçýän zatlardan habarly bolmak bilen öz şum maksatlaryny yzarlamak üçin ogrynlykda arşa diň saljak bolýandyrlar ýöne başarmazlar diýip aýdýar. Aýtmak ýerli perişdeler ýer ýüzünde bolup geçýän zatlardan habarly edilýändirler we perişdeler öz aralarynda şol ýeriň wakalary hakynda gürrüň edýändirler şeýtanlar bolsa şol maglumatlardan we gaýyp dünýäsiniň ýagdaýyndan habarly boljak bolup arşa ogrynlykda diň salýandyrlar ýöne haçanda olar asmana we arşa ýakynlaşy berenlerinde kä zatlaryň kömegi bilen aryşdan daşlaşdyrylýandyr .
Gurhan kerim bu aýatlaryň üsti bilen , jynlaryň başyna gidenlerinden hasaplanýan şeýtanlaryň dünýäň işlerine çäre görmekde allanyň kömekçisi bolan perişdeleriň işlerine dahyllyk edip bilmekleriniň öňüniň alýandygyny beýan edýär . gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda : egerde şeýtanlardan , böwetlerden geçip perişdeleriň bolýan ýerlerine golaýlamak bilen kä habarlary elgerenleri tapylan ýerinde olar tiz hereket edýän Şahaplar tarapyndan kowalanyp ýok ediljekdirler diýip beýan edýär . gurhan kerim bu mesele şeýtanlaryň gowalanyp aryşdan daşlaşdyrylmaklary baradaky hakykata Hejir süresiniň 17 we 18-nji aýatlarynda we Mülk süresiniň 5-nji aýatynda hem yşarat edendir .
Käleriň bu aýatlaryň daş keşbinden peýdalanyp gurhan kerim bu aýatlarda göz bilen görüp bolýan bir hakykata yşarat edipdir diýmekleri hem mümkindir. elbetde mümkin taňry tagala bir hakykat umum ilata düşnükli bolar ýaly bu hili mysal getirip şol hakykaty hemmelere düşündirjek bolandyr şonuň üçin hem müfesserleriň bir topary : gurhanda getirlen luh , galam , aryş we kürs ýaly ýbaratlardan maksat ynanyň zehininde janlanýan zatlar dälde eýsem bu zatlaryň aňyrsynda başga bir hakykat ýatyr diýip aýdýarlar . onsoňda taňry tagalaň özi hem gurhanyň bir ýerinde : biziň iberen aýatlarmyzyň bir topary mysaldyr we ol mysallaryň hakykatyna bolsa diňe alymlar ýetip bilerler diýip aýdandyr.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- aryşda we perişdeleriň ýanynda älem- jahanyň kä syrlary ýatandyr we şeýtan bolsa şony elgerjek bolup tagalla edýändir ýöne taňry tagala şeýtanyň şeýle bir işi edip bilmekligine rugsat beren däldir .
2- özgeleriň gepine ogryn diň salmaklyk şeýtanyň işidir we bu işi din ret edendir .
3- özgeleriň syrlaryndan habarly bolup şol syrlardan öz bähbitleri ugrunda haýyrlanjak bolýanlaryň işi telek işdir we olaryň garşysynda berk durulmagy gereklidir.
Saffat süresi 11-nji aýat :
فَاسْتَفْتِهِمْ أَهُمْ أَشَدُّ خَلْقاً أَم مَّنْ خَلَقْنَا إِنَّا خَلَقْنَاهُم مِّن طِينٍ لَّازِبٍ (11)
<< şonda olardan sora : döretmekde olar mäkämräkmi? Ýada biziň ýaradan zatlarymyz diýip. biz olary ýelmeşik palçykdan ýaratdyk.>>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly , gurhan kerim saffat süresinde ýaradylyş we kyýamat baradaky ygtykatlar hakynda gürrüň bolandyr . taňry tagala bu aýatada yslam pygamberine ýüzlenip : müşriklerden we kapyrlardan , "siz allanyň ynsanlary gaýtadan ýaradyp bilýänligine şek edýärsiňizmi ? ölen zatlary kyýamatda direltmeklik alla üçin kynmy ? ýada allanyň şu azamatly älem- jahany ýokdan bara getermi?" Diýip sora diýip aýdýar.
Häzirki zaman alymlaryň ýeten täze ylmy tapyndylary esasynda her bir ynsan ölen soň onuň jisimi häsiýetleri we aýratynlyklary onuň D.N.A larynda goralyp saklanylýar şonuň üçin topraga garylan ynsanyň D.N.A lary kyýamatda ýaňadan şol ynsany bütin häsiýetleri bilen amala getirip bilýändir. Dünýäň düzüminde bir esperim zenanaň göwresinde ulalyp 9 aýdan soň bir çaga dünýä gelýän bolsa kyýamatda hem guma garlan D.N.A lar bir kämil ynsany amala getirip biljekdirler .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- müşrikleriň we kapyrlaryň ýatan wejdanlaryny oýarmak üçin olara sorag bilen ýüzlenmek gerek . sorag bilen bir hakykaty olaryň zehinlerine bermek gerek . adamlary terbiýelemekde hem bu şiwe peýdaly şiwedir .
2- kä ynsanlar özleriniň bir damja suwdan amala gelendiklerini unutýarlar şonuň üçin hem olar kyýamata we kyýamatda ynsanlaryň ýaňadan direlmeklerine şübheli garaýandyrlar ýada ony akla sygmaýan mesele bilýändirler ýöne egerde olar özleriniň nähili ýaradylandyklary barada oýlansalar bu mesele barada şübhe bildirmezdiler.
///////////////