Nov 22, 2018 19:28 Asia/Ashgabat

bölüm 817,süre saffat,Aýat 12-21

راهی بسوی نور (817)

Saffat sürüsi, 12, 13, 14 we 15-nji aýatlar:

بَلْ عَجِبْتَ وَيَسْخَرُونَ (12) وَإِذَا ذُكِّرُوا لَا يَذْكُرُونَ (13) وَإِذَا رَأَوْا آيَةً يَسْتَسْخِرُونَ (14) وَقَالُوا إِنْ هَذَا إِلَّا سِحْرٌ مُّبِينٌ (15)

<< belkide sen ( olaryň müňkürligine ) haýranlar galdyň we şonda olar (seni ) masgaralaýarlar // öwüt berilseler öwüt alynmazlar // haçanda gudrat görseler ony masgara ederler ( we özgelerden hem masgara etmeklerini isleýärler) //we: "bu zat äşgär jadygöýlikden aýry zat däldir" diýip aýdarlar .>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly kapyrlar kyýamatyň gürrüňi bolanda ony inkär ederler . gurhan kerim bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip : kapyrlar diňe bir kyýamaty inkär etmezler eýsem inkär etmegiň ýanynda kyýamatyň gürrüňiniň üsti bilen seni masgara ederler ýöne kyýamata imanyň bitin bolansoň sen olaryň bu işini görüp haýranlar galýansyň we bilmeýän zatlary barada bu hili işlere baş goşmagyň ýerine dymyp otursalar gowy bolardy diýip arzuw edersiň diýip aýdýar .

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : kapyrlar nadanlyk ýüzünden dälde eýsem hak bilen jedel edip bu işe baş goşandyrlar ona görä olara haçanda kyýamatdan gürrüňi berilende olar ony eşitmejek bolup talaş edýändirler hata kyýamat barada olaryň gözüne gudrat görkezlen ýerinde hem olar ony masgara edip başgalaryda bu işe şowuklandyrýarlar we halky aldamak üçin : bu görýän zadyňyz jadygöýlikdir diýip aýdýarlar. Emma asyl jadygöýlik bilen mugjyzanyň we gudratyň arasynda esasy tapawut bardyr we bu tapawut bolsa hemmelere aýan we äşgärdir . jadygöý köp ýyllar zähmet çekip gözbagçylygyň ýollaryny öwrenýändir we öwrenen zatlarynyň üsti bilen hem halkyň aklyny ogurlaýandyr. emma pygamberler mugjyza we gudrat görkezmek üçin onuň ýollaryny öwrenýän däldirler eýsem olar allanyň islegi we yradasy bilen halkyň gözüne gudrat we mugjyza görkezýändirler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanyň ýüregi haky kabul eder ýaly arassa bolmasa gowy adamlaryň hata pygamberleriň sözleri-de olara kär etmez .

2- hak bilen tersleşýän adamlar , masgara etmeklik bilen hak bilen tersleşýändiklerini mälim edýändirler .

3- müşrikler gurhanyň adatdan daşgary kitapdygyny ykrar edýärdiler ýöne olar gurhanyň adatdan daşgary bolmagyny jadygöýlik bilen ilteşikli görkezjek bolup tagalla edýärdiler .

Saffat süresi, 16, 17 we 18-nji aýatlar :

أَئِذَا مِتْنَا وَكُنَّا تُرَاباً وَعِظَاماً أَئِنَّا لَمَبْعُوثُونَ (16) أَوَآبَاؤُنَا الْأَوَّلُونَ (17) قُلْ نَعَمْ وَأَنتُمْ دَاخِرُونَ (18)

<< ölüp guma öwrülip süňklerimiz çüýrände gaýtadan bize jan berilermi? // we biziň ata- babalarymyz hem ( toprakdan gopup turarlarmy? )// olara: "hawa ( gopup turarlar ) har we kiçelen hallarynda" diýip aýt.>>

Gurhan kerim geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda kyýamaty inkär eden kapyrlar bilen yslam pygamberiň arasynda bolup geçen gürrüňlere yşarat edýär. bu ýerde üns berilmeli zat, olara kapyrlaryň öz aýdýan zatlary üçin ellerinde hiç hili deliliň ýoklugydyr ýene bir ybaratda olar , kyýamaty näme üçin inkär edýändikleri barada hiç hili delili getirmezden ony inkär edýärdiler. olar kyýamaty näme üçin inkär edýändikleri barada delil getirmezden yslam pygamberine sorag bilen ýüzlenip : hide bir ölen adam direlermi ? ölüminiň üstünden uzak ýyllar geçen we jesetleri guma garylyp giden biziň ata- babalarymyz gaýtadan direlermi? bu iş boljak işmi diýip ynsanyň ölümden soň direlmegini geň görýärdiler . bi hili soragy her bir ynsan edip biler ýöne allanyň gudratyna imany bitin bolan mömin adamlaryň ýanynda bu soraglaryň jogaby bellidir olda ynsany ýokan bara getiren allanyň her bir işe kadyrdygydyr Alla her bir işi yrada etse ony edip bilýändir oňa görä ölen ynsanlaryň kyýamatda ýaňadan direlmekleri allanyň ýanynda kyn iş däldir .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamaty inkär edýän kapyrlar , özleriniň bu inkärleri üçin belli bir delili ileri sürýän däldirler eýsem olar kyýamatda ynsanyň gaýtadan direlmegini geň görüp ony ret edýändirler .

2- kapyrlar bahana arap yslamyň taglymatyna şübhe girizjek bolýan bolsalarda olaryň ileri sürýän şübhelerine belli- belli jogaplary bermelidir .

3- hak bilen tersleşmeklik ahyretde ynsanyň har we zelil bolmaklygyna sebäp bolýandyr.

Saffat süresi, 19, 20 we 21-nji aýatlar :

فَإِنَّمَا هِيَ زَجْرَةٌ وَاحِدَةٌ فَإِذَا هُمْ يَنظُرُونَ (19) وَقَالُوا يَا وَيْلَنَا هَذَا يَوْمُ الدِّينِ (20) هَذَا يَوْمُ الْفَصْلِ الَّذِي كُنتُمْ بِهِ تُكَذِّبُونَ (21)

<< dogrudanda ol ( diňe ) bir aýylganç sesdir şonda birdenkä (toprakdan gopup ) töwereklerine ser ederler // we aýdarlar: "waý bize. Bu (gün) , sorag- jogap günidir" diýip // ( hawa ) bu gün ( hakyň batyldan ) başgalanýan günidir ( siz kapyrlar ) ony inkär edýärdiňiz. >>

Gurhan kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda ahyretde ölen ynsanlary direltmekde allanyň gudratyna yşarat edip : taryh boýunda ýaşap geçen miliýartlarça ynsan kyýamatda topar-topar, bir-birden toprakdan baş galdyrarlarmykam diýmäň ýok , eýsem allanyň yradasy bilen kyýamatda bir aýylganç ses eşitdiler weli şol bada ynsanlaryň hemmesi bir salymda toprakdan başlaryny galdyryp töwereklerine ser salarlar diýip aýdýar .

Dünýäde kyýamaty inkär edýän kapyrlar , bütin ynsanlaryň toprakdan başlaryny galdyrmaklaryny görenleri soň kyýamatyň ber-haklygyna göz ýetirip : "waý biziň halymyz neneň bolar, indi bize nähili çemeleşiler" diýip aýdarlar .

Kapyrlaryň kyýamatyň ber-haklygyny ykrar etmeklerinden soň perişdeler hem olara ýüzlenip : bu gün hak bilen batylyň möminler bilen müňkürleriň jyda edilýän günidir we allanyň ýagşylar bilen ýamanlaryň amallaryna adalat bilen ýetişiklik edýän günidir diýip aýdarlar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamatyň gopup ynsanlaryň toprakdan baş galdyrmaklary bir salymda ýüze çykjakdyr.

2- kapyrlar we müşrikler kyýamatda haýranlar galyp özleriniň şum ykballaryna garaşyp durjakdyrlar .

3- kyýamat güni hasratyň günidir puşmanlygyň günidir onda kyýamatda hasrat çekip puşman bolmajak bolsak dünýäde dogry ýoly saýlap dogry ýolda bolmalydyrys.

///////////////////