Nov 22, 2018 19:33 Asia/Ashgabat

bölüm 818,süre saffat,Aýat 22-30

راهی بسوی نور (818)

Saffat sürüsi, 22 we 23-nji aýatlar :

احْشُرُوا الَّذِينَ ظَلَمُوا وَأَزْوَاجَهُمْ وَمَا كَانُوا يَعْبُدُونَ (22) مِن دُونِ اللَّهِ فَاهْدُوهُمْ إِلَى صِرَاطِ الْجَحِيمِ (23)

“ ( Alla öz perişdelerine buýrar ) : zalymlary we olaryň ýaranlaryny we alladan gaýry çokunýan zatlaryny // ýygnaň. bes olaryň hemmesini jähennemiň ýolyna tarap alyp gidiň" diýip. >>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Dowzah ähli Tamugyň oduny görenleri soň özleriniň geçmişde eden- etmişlerinden puşman bolup ahu perýat ederler we şeýle bir güniň geljekligini inkär edendikleri üçin özlerine käýärler .

Gurhan kerim bu aýatlarda hem şol gürrüňi dowam edip: şol günde tamugyň garawuly bolan perişdelere buýrlar : kapyrlary , zalymlary we olaryň çokunýan zatlaryny başgalardan jyda edip Dowzaha tarap itekläp äkidiň diýip aýdýar .

Zalymyň näçe görnüşi bolýar. Gurhanyň garaýşynda zolmyň , şol biziň bilýän zulummyzdan aýry özüňe zulum etmek manasy hem bardyr. şu hasap bilen Alla şärik tutunmaklyk hem zolmuň uly görnüşidir .

Dünýäde allanyň ýerinä bendeligi edilen zatlaryň kyýamatda Dowzaha oklanmaklaryny iki jähetden barlap bolar. birinjiden Tagutlar we zalymlar ýaly bu magbutlaryň käleri , aslynda özlerini allanyň ýerne hudaýlyk edýän zalym adamlardyrlar . ikinjiden hem kapyrlaryň özleriniň çokunýan Butlary bilen birlikde kyýamatda bolmaklary olar üçin uly şerimsarlyk boljakdyr .

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda : olar Dowzaha tarap äkidiljekdirler diýip aýdýar . gurhan kerim zalymlar hakynda şu hili ybaratdan haýyrlanmak bilen : dünýäde öz meýilleri bilen allanyň bendeligini ýerne ýetirmedik adamlar kyýamatda mejburlykda Dowzaha tarap äkidiljekdirler we şol günde olaryň elinden hiç zat geljek däldir diýip aýtjak bolýandyr .

Gurhan kerim bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamatda her kim özüniň ýaranlary we ýoldaşlary bilen mähşür boljakdyrlar onda dünýädä kimler bilen dostluk açýandygymyza we kimlere eýerýändigimize esewan bolmalydyrys .

2- hiç kim we hiç bir zat ahyretde ynsanyň dadyna ýetişip ony Dowzahdan halas edip bilmez .

Saffat süresi, 24, 25 we 26-njy aýatlar :

وَقِفُوهُمْ إِنَّهُم مَّسْئُولُونَ (24)‏ مَا لَكُمْ لَا تَنَاصَرُونَ (25) بَلْ هُمُ الْيَوْمَ مُسْتَسْلِمُونَ (26)

<< soraga çekmek üçin olary saklaň // ( şonda olar aýdylar : ) "size näme boldy? bir-biriňizi goldamaýaňyz" diýlip // belkide olar bu gün ( emre ) boýundyrlar . >>

Gurhan kerim geçen aýatlarda zalymlary ýygnap Dowzaha tarap äkitjek perişdeleriň işleri barada gürrüň beren soň bu aýatlarda aýdýar : perişdelere aýdylar "zalymlary saklaň" diýip , sebäbi olar Dowzaha girmezden ozal bir näçe soraga jogap bermelidirler, elbetde bu soraglaryň jogabyny Alla özüniň ylymy bilen bilsede bu soraglaryň zalymdan we kapyrlardan edilmeginiň özüne görä peýdalary bardyr , olda zalymlaryň şol günde özleriniň eden-etmişlerine ykrar etmekleridir we olara näme üçin jeza berilýändiginiň olaryň özlerine bildirilmegidir.

Şol günde ediljek soraglaryň dowamynda zalymlara ýüzlenip : siz näme üçin öz ýaranlaryňyzdan we pikirdeşleriňizden kömek soramaýaňyz. Dünýäde siz kynçylyga uçraňyzda olardan haraý soraýardyňyz indi näme üçin haraý soramaýarsyňyz diýlip aýdyljakdyr .

Şol günde olar allanyň emrine boýun boljakdyrlar sebäbi olar kyýamatda özlerine kömekçi bolup biljek hiç bir kömekçiň bolmajakdygyny biljekdirler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamat güni sowal-soragyň günidir we şol günde ynsandan eden-etmişleri barada , hakydasy barada we ömrüni haýsy ýolda saryp edenligi barada şeýlede ýagşy-ýaman amallary hakynda sorag ediljekdir.

2- Tagutlar we zalymlar , kyýamatda allanyň emrinden çykyp bilmezler kyýamatda hemmelere emre tabyn bolarlar.

3- dünýäde bolşy ýaly kyýamat gününde zalymlar we jenaýatkärler bir-birlerini goldap bilmezler.

Saffat süresi, 27, 28, 29 we 30-njy aýatlar :

وَأَقْبَلَ بَعْضُهُمْ عَلَى بَعْضٍ يَتَسَاءلُونَ (27) قَالُوا إِنَّكُمْ كُنتُمْ تَأْتُونَنَا عَنِ الْيَمِينِ (28) قَالُوا بَل لَّمْ تَكُونُوا مُؤْمِنِينَ (29) وَمَا كَانَ لَنَا عَلَيْكُم مِّن سُلْطَانٍ بَلْ كُنتُمْ قَوْماً طَاغِينَ (30)

<< olaryň käleri kälere ýüzlenip sorarlar. // : şol hamala ýagşylyk eden bolup bize tarap gelenler hökman sizlersiňiz diýip aýdarlar. // olar (jogapda aýdarlar): belkide siziň özüňiz iman ählinden bolan dälsiňiz // ýogsa biz size üssem däldik eýsem siziň özüňiz togýan edensiňiz" diýip.>>

 Gurhan kerim bu aýatlarda kyýamat gününde , Tagutlar bilen tagutlara eýerýän adamlaryň arasynda bolup geçjek ýagdaýy teswire çekendir . gurhan kerimiň bu aýatlarda getirşine görä gümra bolan ynsanlar, özleriniň gümralygynda ýazykly tanaýan kimselerine ýüzlenip: siz, hamala biziň ýagşylygymyzy aran bolup ant içip awy ýalap bizi gümralyk ýoluna çekdiňiz egerde siz bolman bolsadyňyz biz gümra bolmazdyk diýip aýtjakdyrlar . Tagutlar we ynsanlaryň gümralygyna sebäp bolan kimseler olaryň bu sözleriniň jogabynda : siziň özüňiz iman ähli däldiňiz şonuň üçin hem pygamberlere we asmanlyk kitaplara eýermegiň ýerne bize eýerdiňiz biz sizi bu işe mejbur etmedik" diýip aýdarlar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Tagutlara we zalymlara eýerýän kapyrlara we müşrikler kyýamatda öz ýüzlerini ýuwjak bolup özleriniň gümralygynda şol tagutlary we zalym başlyklaryny ýazykly tanatjak bolarlar, ýöne olardan kabul edilmez .

2- kapyrlaryň we müşrikleriň başlyklary hamala başgalaryň bähbidini aran bolup halky aldap olary gümra edýändirler .

3- daşky sebäpkär ynsany günä işe mejbur edip bilmez eýsem ynsanyň içindäki ymtylmalar ony günä işlere tarap iterýändir we ony jenaýatkärlere we tagutlara ýoldaş edýändir.

//////////////////