Nov 22, 2018 19:44 Asia/Ashgabat

bölüm 819,süre saffat,Aýat 31-38

راهی بسوی نور (819)

Saffat süresi, 31-32 we 33 nji aýatlar:

فَحَقَّ عَلَيْنَا قَوْلُ رَبِّنَا إِنَّا لَذَائِقُونَ (31) فَأَغْوَيْنَاكُمْ إِنَّا كُنَّا غَاوِينَ (32) فَإِنَّهُمْ يَوْمَئِذٍ فِي الْعَذَابِ مُشْتَرِكُونَ (33)

<< onda , repbimiziň bize beren wadasy durmuşa geçdi we şübhesiz biz (azapdan ) dadarys. // ( hawa ) biz sizi gümra etdik sebäbi özümizde gümradyk // onda olar şol günde (allanyň ) azabyny ( datmakda ) şärik bolarlar. >>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly kyýamat gününde , gümra adamlar öz ýazyklaryny başgalaryň şol sanda özleriniň kapyr başlyklarynyň üstüne oklajak bolup tagalla edip: şolar bizi gümra etdiler diýip aýdarlar. ýöne olaryň kapyr başlyklary bu sözüň jogabynda : siz özüňiz hakdan ýüz öwürdiňiz we biz sizi gümralyga mejbur etmedik biz gümradyk we biziň gümradygymyzy özüňiz bilýärdiňiz şondada siz biziň yzmyza duşup gümra bolduňyz diýip aýdarlar . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : kapyrlar bilen olaryň kapyr başlyklary kyýamatda bu dawaly gürrüňlerden özlerine hiç peýdanyň ýetmejekdigini bilerler şonuň üçin hem allanyň azabyny datmakdan aýry çäreleriniň ýokdygyna göz ýetirerler. olaryň hemmesi bu ylahy azaby datmakda bir- birleri bilen dertdeşdirler olaryň jaýy Dowzahdyr elbetde olaryň çekjek azaplary bir- birleri bilen deň däldir we olaryň her gaýsy özüniň eden-etmişlerine gürä azap görjekdir

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamatda kapyrlar we günäkärler ynsanlar allanyň wada beren azabynyň ber-haklygyna göz ýetirjekdirler ýöne olaryň şol günde göz ýetirmekleri olara zerre bähbidi boljak däldir .

2- günäkär we gümra adamlara ýoldaş bolmaklyk, ynsany gümralyga tarap çekip kyýamatda olaryň bilelikde allanyň gahar -gazabyna giriftar bolmaklaryna sebäp boljakdyr.

3- günäkär we pasyk adamlary köpçüligiň başlyklary hökmünde ykrar etmeklik , zalymlaryň kuwwatlanyp köp adamlaryň allanyň azabyna giriftar bolmaklaryna sebäp bolýandyr .

Saffat süresi, 34 we 35 nji aýatlar :

إِنَّا كَذَلِكَ نَفْعَلُ بِالْمُجْرِمِينَ (34) إِنَّهُمْ كَانُوا إِذَا قِيلَ لَهُمْ لَا إِلَهَ إِلَّا اللَّهُ يَسْتَكْبِرُونَ (35)

<< ( hawa ) biz günäkärler bilen şeýdýändiris // ( sebäbi ) olara haçanda "ýeke alladan gaýry hiç taňry bolmaz" diýlip aýdylanda olar tekepbirlik edýärdiler. >>

Gurhan kerim bu aýatlarda Taňry tagalanyň ýazykly we günäkär adamlara çemeleşmekde ýörden ylahy kadasyna yşarat edip aýdýar : haçanda pygamberler ynsanlary allanyň bendeligine çagyranlarynda kä adamlar tekepbirlik edip pygamberleriň sözlerine gulak asyp olar hakda oýlanmakdan ýüz öwürýärdiler hak bilen jedel edýän bu hili ynsanlara kyýamatda güýçli azap garaşýandyr. bu arada kä adamlar özleriniň baýlyklaryna , orun-mertebelerine we mal-mülklerine magtanyp şu hili hak bilen jedel edýärdiler , kä adamlar hem özleriniň ata-babalarynyň ýalňyş ýollaryna we ynam- ygtykatlaryna eýerip pygamberleriň hak sözüni kabul etmekden saklanýardylar. dogrusy tekepbirlik ynsany hakdan daşlaşdyrmagyň ýanynda ynsany hak bilen tersleşip hak sözi masgara etmeklige tarap iterýändir .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- allanyň dünýäde we ahyret barada beren wadalary hökmanydyr we olaryň ýüze çykjaklygyna zerre şek etmeli däldir .

2- günä işleriň köki tekepbirçilikdir, hak bilen tersleşmeklikdedir.

3- pygamberler ynsanlary özlerine tarap dälde eýsem Alla tarap çagyrandyrlar. olar bu çakylykda peýdaň yzynda bolan däldirler eýsem olar özleriniň edýän çakylyklary üçin duşmanlar tarapyndan yza- ezýet hem görendirler .

Saffat süresi, 36, 37 we 38-nji aýatlar:

وَيَقُولُونَ أَئِنَّا لَتَارِكُوا آلِهَتِنَا لِشَاعِرٍ مَّجْنُونٍ (36) بَلْ جَاء بِالْحَقِّ وَصَدَّقَ الْمُرْسَلِينَ (37) إِنَّكُمْ لَذَائِقُو الْعَذَابِ الْأَلِيمِ (38)

<< ( müşrikler ) : "öz taňrylarymyzy bir däli -telbe şahyr adamyň hatyrna gyrakda goýalymy?" diýip aýdýarlar. // ( hergiz beýle däldir ) eýsem olar hak kelamyny getirip ( ozalky ) pygamberleri tassyklandyr. // şübhesiz siz allanyň güýçli azabyny datjaksyňyz .>>

Gurhan kerim bu aýatlarda , müşrikleriň pygamberleriň çakylygyny ret etmekde ileri sürýän delillerine yşarat edip aýdýar: olar , pygamberleri öz hyýallarynda ýaşaýan şahyrlara meňzedip hyýallaryna gelen zatlary dile getirmeklikde aýyplaýardylar , şeýlede müşrikler : yslam pygamberi şahyrçylygy jynlardan öwrenipdir we özünden aýdýan zady ýokdyr" diýip aýdýardylar. taryhda gelşine gürä, Arap ýarym adasynda ýaşaýan araplar "şahyrlar jynlar bilen arabaglanşykda bolansaňlar gözel ybaratlary goşgy şeklinde düzüp bilýärler" diýen pikre gulluk edipdirler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ata-babalaryň nädogry ynam-ygtykatlaryna eýerip şol ynam-ygtykatlaryň täsibini çekmeklik , ynsany hakdan daşlaşdyrýandyr.

2- garşy tarapyňy kiçeldip oňa töhmet ýöňkemeklik, pygamberleriň çakylygynyň öňüni almakda müşrikleriň ulanan şiwelerindendir.

3- bütin pygamberleriň çakylygy bir ugurdadyr . olaryň hemmesi ynsanlary , allanyň bendeligine we allanyň birligini ykrar etmeklige tarap çagyrandyrlar.

////////////////