bölüm 820,süre saffat,Aýat 39-49
bölüm 820,süre saffat,Aýat 39-49
راهی بسوی نور (820)
Saffat süresi, 39-njy aýat :
وَمَا تُجْزَوْنَ إِلَّا مَا كُنتُمْ تَعْمَلُونَ (39)
<< edýän işlerinden başga zadyň hatyryna jezalandyrylmaz.>>
Geçen gepleşikde kapyrlaryň we müşrikleriň yslam pygamberne ýapýan myjabatlaryna şeýlede olaryň kyýamatda görjek güýçli azaplaryna yşarat etdik . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda allanyň berjek azabynyň derejesiniň nähili belli edilýänine yşarat edip : Alla günäkärlerden ar almak maksady bilen olara jeza berýän däldir eýsem günäkär adamlar özleriniň dünýäde eden- etmişleriniň we günä işleriniň netijesini azap şeklinde kyýamatda görjekdirler diýip beýan edýär .
Dini kitaplaryň berýän maglumatlaryna görä her bir ynsanyň edýän amallary diline getirýän sözleri we oýlanýan zatlary onuň ruhunda täsir galdyryp nähili adam bolup ýetişmeginde rul oýnaýandyr. Şol dini kitaplaryň berýän maglumatlary esasynda ynsanyň dünýäde tapan şahsyýeti kyýamatda onuň görjek azabyny ýada aljak serpaýny belli edýändir. bu arada ynsanyň dünýäde edýän kapyrlygy ýada öz nebsine ýada özgelere edýän sütemleri kyýamatda Dowzahyň ody şeklinde ynsanyň ýakasyndan ýapyşjakdyr . ýeri gelende aýdar bolsak ynsanyň dünýäde goýberýän hata işlerine kanun esasynda jeza berilýändir hamana , bir adam ýada bir sürji sürjiligiň kadasyny bozýar ýol polisiýasy şeýle bir ýagdy görende sürjini jerime edýär. indi jerimäň mukdary her bir ýurtda parhly bolup bilýär ýöne ol sürjiň goýberen hata işi bir ýurtdan ýene bir ýurt arasynda hiç parh etmez we onuň elhenç netijäni çykarmagy gaty mümkindir , kyýamatda beriljek jezaň hili ýaňky parhly bolan jerime esasynda däldirde eýsem şol howply netijäň şeklindedir.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- allanyň hatakär adamlara berjek jezasy adalat esasyndadyr sebäbi allanyň jezasy edil ynsanyň eden etmişne laýyklykdadyr . ne zyýatdyr nede kemdir.
2- kyýamat güni, ynsanyň eden etmişleriniň we amallarynyň miwesiniň dadylýan günidir.
Saffat süresi, 40, 41, 42, 43 we 44-nji aýatlar:
إِلَّا عِبَادَ اللَّهِ الْمُخْلَصِينَ (40) أُوْلَئِكَ لَهُمْ رِزْقٌ مَّعْلُومٌ (41) فَوَاكِهُ وَهُم مُّكْرَمُونَ (42) فِي جَنَّاتِ النَّعِيمِ (43) عَلَى سُرُرٍ مُّتَقَابِلِينَ (44)
<< meger allanyň yhlasly bendeleri bolmasalar // olar üçin bellije ryzk bardyr // dürli miwelerden. we olar hormata laýykdyrlar // içi nygmatdan doly baglardan // garşy- garşy tagtlara ( arkalaryny berip oturarlar. >>
Gurhan kerim geçen aýatlarda Dowzah ähliniň ýagdaýny beýan edeni soň bu aýatlarda Behişt äliniň nähili adamlardyklaryny açyklap : allanyň yhlasly bendeleri kyýamatda azap görmezler olar Behiştde dürli nygmatlardan paýly bolup arkaýynlykda günlerini geçirerler diýip aýdýar. gurhan kerim , amallaryny diňe allanyň razylygy üçin edýän ynsanlary tanadar bolanda olar hakynda "muhlys" ybaratyndan peýdalanýar ýagny yhlasy bitin bolan ynsanlar .
Gurhan kerim şeýlede , Züliýha atly bir zenanyň hilesinden özüni gorap bilen we onuň haramy isleginiň garşysynda durup öz päkligini gorap bilen hezreti Ýüsüp (a.s) hakynda hem şu ybaratdan peýdalanyp : Ýüsüp allanyň muhlys bendesidi diýip aýdýar. Elbetde bir ynsan özi öz yhlasyny düzeltmese Alla ony bu işe mejbur etmez . indi bir ynsan öz yhlasyny düzeltjek bolup tagalla etse Alla hem bu ýolda ony goldajakdyr. her halda ynsanyň yhlasynyň düzeldilmegi onuň öz islegne we yradasyna baglydyr . Alla yhlasy bitin bolan ynsanlar kyýamatda azap görmezler eýsem olar allanyň berjek ser paýyndan we durly nygmatlaryndan paýly boljakdyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Allanyň bendeliginde tapylmaklyk ynsanyň yhlasynyň düzeldilip onuň her hili şirkden we ryýadan päklenmegine sebäp bolýandyr .
2- Taňry tagala günäkär adamlara özüniň adly esasynda jeza berýändir ýöne imanly we gowy ynsanlara özüniň fazly keremi esasynda näçe esse serpaý berýändir.
3- Behişt ähliniň ryzklary belli edilendir.
4- Allanyň söýen bendeleri bilen didarlaşyp durmaklyk behiştdäki nygmatlaryň birsidir.
Saffat süresi, 45, 46, 47, 48 we 49-njy aýatlar :
يُطَافُ عَلَيْهِم بِكَأْسٍ مِن مَّعِينٍ (45) بَيْضَاء لَذَّةٍ لِّلشَّارِبِينَ (46) لَا فِيهَا غَوْلٌ وَلَا هُمْ عَنْهَا يُنزَفُونَ (47) وَعِنْدَهُمْ قَاصِرَاتُ الطَّرْفِ عِينٌ (48) كَأَنَّهُنَّ بَيْضٌ مَّكْنُونٌ (49)
<< olaryň Dört töwereginde päk şerapdan doly bolan jamlar gezdirler // ( ol şerap ) içýän adamlaryň janyna noş bolýan (ýalpyldap duran) ak şerapdyr // onda ne akla zeper ýetirýän zat bardyr we nede ( ony içýän adamlar ) ondan mes bolýandyrlar. // we olaryň ýanynda gözlerini kesekä baglaýan uly gözli başdaşlar bardyr. // olar diýersiň basyrgyly we gözlerden pynhan galan ( we hiç kimiň eli degmedik ) ýumurtgalar ýalydyr. >>
Gurhan kerim geçen aýatlaryň soňunda Behişt ähliniň Behiştde arkalaryny tagta berip başgalar bilen günlerini hoş geçirmeklerine yşarat edeni soň bu aýatlarda aýdýar:
Olaryň tagtlarynyň töwereginden aýlanyp duran garawullar bolar. ol garawullar datly tagamlary we içgileri olara hödürläp durarlar we behişt ähli bolsa şol tagamlardan we içgilerden iýip içip huş salymlary başdan geçirjekdirler.
Dünýäde hem käler , şol sanda günbatar ýurtlarynda , günbataryň medeniýeti bilen önüp ösen adamlar öz myhmanlaryna sylag hormat etmekde olara şerap bilen hödür kerem edýändir. ýöne gurhan kerimiň bu aýatlarda getiren şeraby dünýädäki şerap bilen parh edýändir we behiştiň şeraby Ynsan süresiniň 21-nji aýatynda gelşine görä päk şerapdyr we dünýädäki şeraby ýaly ynsanlaryň akyllaryna zyýan ýetirip olary mes edýän däldir.
Gurhan kerim bu aýatlaryň bir bölüminde hem behiştdäki nygmatlaryň ýene birsine yşarat edip aýdýar: erkek adamlaryň behiştdäki başdaşlary, öz adamlaryndan başga hiç kimi gözleýän däldirler behiştdäki bu zenanlar şeýle bir gözel bolsalarda olar Towugyň ganatlarynyň we ýelekleriniň arasynda basyrgyly ýatan ýumurtga ýalydyrlar we olar öz bedenlerini we gözelliklerini kesekilerden basyrýandyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Kyýamat bir jisimi gopgundyr we ol ýerde Behişt ähliniň öz jisimleri bilen durly nygmatlardan bähre almaklary we Dowzah ähliniň hem öz jisimleri bilen azap çekmekleri hakdyr.
2- ýagtylygyň , gözelligiň we päkligiň nyşany bolan ak reň Behiştiň reňklerindendir.
3- Behiştdäki zenanlar, hem gözeldirler hemde päk we agrasdyrlar.
///////////////