Nov 22, 2018 19:55 Asia/Ashgabat

bölüm 821,süre saffat,Aýat 49-61

راهی بسوی نور (821)

Saffat süresi, 50, 51, 52 we 53-nji aýatlar:

فَأَقْبَلَ بَعْضُهُمْ عَلَى بَعْضٍ يَتَسَاءلُونَ (50) قَالَ قَائِلٌ مِّنْهُمْ إِنِّي كَانَ لِي قَرِينٌ (51)‏ يَقُولُ أَئِنَّكَ لَمِنْ الْمُصَدِّقِينَ (52) أَئِذَا مِتْنَا وَكُنَّا تُرَاباً وَعِظَاماً أَئِنَّا لَمَدِينُونَ (53)

<< şonda olardan käleri kälerine ýüzlenip sorarlar. // olardan birsi aýdar: meň ( dünýäde ) dostum we ýoldaşym bardy ol menden: "sen (kyýamata ) ykrarlylardanmy?" diýip sorady //( we ) : haçanda ölüp soň guma öwrülemizde ( ýene direldilip ) jezalandyrlarysmy? diýip aýdardy.>>

 geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Behişt ähli , behiştde tagta arka berip öz dost- ýarlary bilen huş günleri geçirçekdirler. gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda kyýamatda adamlaryň arasynda boljak gürrüňlere yşarat edýär we şol ýerde, adamlaryň öz deň-duşlaryndan jyda duşup biriniň behişte we ýene biriniň hem Dowzaha tarap gitjekdiklerini aýdýar . gurhan kerim bu hili mysallary getirmek bilen hem adamlaryň gözüni açyp olary gaflat ukusyndan oýarmak ugurda tagalla edýär.

Gurhan kerim bu aýatlarda aýdýar : Behişt ähli bir- birleri bilen gürrüň edip dünýäde başdan geçiren ýagdaýlaryndan we hatyralaryndan gürrüň bererler, olaryň birsi dünýädäki dostlarynyň birsine yşarat edip onuň kyýamaty we kyýamatda ynsanlaryň gaýtadan direldilmeklerini inkär etmegini ýatlap geçer we şol dostunyň ondan kyýamat barada we onuň kyýamata ykrarly bolmaknyň delili barada sorandygyny gürrüň berer .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- imansyz ýada imanlary gowşak bolan adamlar bilen ýoldaş bolmakda we olar bilen gatnaşyk açmakda, adamyň imanyna zyýan ýetişmejek bolsa bu işi edip bolar hasym bu hili adamlary dine we imana çagyrmak üçin olar bilen gatnaşygyň açylmagy söýgülidir .

2- kyýamaty inkär etýän adamlaryň özleriniň bu işleri barada hiç hili delilleri ýokdyr isem olar diňä kyýamaty geň bilýändirler .

3- ynsanyň dünýäde görüp eşiden zatlary kyýamatda onuň ýadyndan çykýan däldir we ol kyýamatda dünýäde görüp eşiden zatlaryny ýatlap bilýändir.

Saffat süresi, 54, 55, 56 we 57-nji aýatlar:

قَالَ هَلْ أَنتُم مُّطَّلِعُونَ (54) فَاطَّلَعَ فَرَآهُ فِي سَوَاء الْجَحِيمِ (55) قَالَ تَاللَّهِ إِنْ كِدتَّ لَتُرْدِينِ (56) وَلَوْلَا نِعْمَةُ رَبِّي لَكُنتُ مِنَ الْمُحْضَرِينَ (57)

<<( soň behiştdäki dostlaryna ýüzlenip ) : siz olaryň (kyýamaty inkär edýänleriň) hal- ýagdaýyndan habar almagy isleýärsiňizmi? diýip aýdar. // bes habarly bolar we ony ( kyýamaty inkär edýän adamyny Dowzahyň ortasynda görer // oňa aýdar : alladan ant içýärin "tas meni heläk edip diň" diýip // "egerde perwerdigärimiň ynaýaty bolman bolsady menem (Dowzaha) çagyryljaklardan bolardym" diýip aýdar.>>

Ýaňky Behişte giren adam özüniň hatyralaryny aýdyp durşyna aýdar: dünýäde bir adam meni , kyýamata ykrarlylygym üçin masgara edýärdi indi onuň özi Dowzahyň oduna giriftardyr egerde isleseňiz ony Dowzahda görüp bilersiňiz elbetde men hem oň bilen ýoldaş bolanlygym üçin aýagymyň taýyp şol adam ýaly bu gün Dowzah ählinden bolmagym mümkindi ýöne Alla meni gorady we men allanyň ynaýaty bilen iman ählinden bolup kyýamat heläkçiliginden gutuldym.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- gurhanyň aýatlary esasynda , Behişt ähli Dowzah ähliniň hal- ýagdaýyndan habarlydyrlar we islän mahallary olaryň ýagdaýyndan habar alyp bilýändirler . ýöne Dowzah ähli Behişt ähliniň ýagdaýyndan habarly däldirler we habar hem alyp bilýän däldirler.

2- dinsiz adamlar bilen ara baglanşykda bolmaklyk ynsanyň imanyna zyýan ýetirmejek bolsa ony edip bolar ýöne adamyň imanyna zyýan ýetirjek bolsa bu hili ara baglanşygy üzmelidir.

Saffat süresi, 58, 59, 60 we 61-nji aýatlar :

أَفَمَا نَحْنُ بِمَيِّتِينَ (58) إِلَّا مَوْتَتَنَا الْأُولَى وَمَا نَحْنُ بِمُعَذَّبِينَ (59) إِنَّ هَذَا لَهُوَ الْفَوْزُ الْعَظِيمُ (60) لِمِثْلِ هَذَا فَلْيَعْمَلْ الْعَامِلُونَ (61)

<< ( şonda ol özüniň behiştdäki ýoldaşlaryna ýüzlenip) : indi biz hergiz ölmeýärismi? // (dünýäde başdan geçiren ölümizden gaýry) ölüm indi biziň başymyza gelmezmi? we biz hergiz azap görmerismi?// ( şeýle bolýan bolsa ) şübhesiz bu zat, şol (wadasy berilen ) uly bagtdyr // onda bu hili (bagta ýetmek üçin ) amal ähli tagalla etmelidirler” diýip aýdar. >>

Behişte giren adam ol ýerde azap görmejekdigini aýan bilýändir, sebäbi egerde azap görmeli bolsa ol behiştden ozal şol azaby görerdi ýöne bu ýerde bu meseläň ýatlanyp geçilmeli iki mesele üçindir. birinjiden , allanyň öz halys bendesine bolan lutfy keremini ýatlamagykdyr. allanyň lutfy keremini ýatlanyp durulmagy, bendäniň allanyň şükrüni berjaý kylmaklygyna sebäp bolýandyr. ikinjiden , ynsanyň iň uly bagtyýarlygy, onuň behişte girmekligidir. behişt şeýle bir jaýdyr weli ol ýerde ne ölüm bardyr we nede hassalyk we garrylyk . ynsan ol ýerde hemişe huşlykda we şatlykda ýaşajakdyr. Bu bolsa uly bagtdyr gurhan kerim bu aýatlaryň soňkysynda Behişt ähliniň ynsanlara bolan sargydyny ýatlap aýdýar : eý dünýäde ýaşap ýörän ynsanlar! ölüm ýakaňyzdan ýapyşmaga , pursatlaryňyzyň gadyryny biliň we öz ömrüňizden allanyň bendeliginde tapylyp sogap işleri etmek üçin habarlynyň, kyýamatda ynsanyň mal-mülkleri hasaba alynmaz eýsem onuň sogaply işleri hasaba alynar we sogaply işler ony Dowzahdan halas edip biler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- behiştde ölüm ýokdur hassalyk ýokdur ýöne Dowzahda günäkär adamlar azap bilen öldirler we ýene direldilip azap berler.

2- ynsan özüni dürli pysatlardan we günäli işlerden gorap bilse hakyky bagtyýarlyk hasaplanýan behişte girip biljekdir.

3- ynsan öz ömründen we pursatlaryndan sogaply işleri edip hudaýlykly maksatlara ýetmek ugurda peýdalanmalydyr ýogsa uly zyýankärlige uçrap ahyretde azap görjekdir.

///////////////