Dec 27, 2018 21:23 Asia/Ashgabat

bölüm 822,süre saffat,Aýat 62-68

راهی بسوی نور (822)

Saffat süresi, 62 we 63- nji aýatlar :

أَذَلِكَ خَيْرٌ نُّزُلاً أَمْ شَجَرَةُ الزَّقُّومِ (62) إِنَّا جَعَلْنَاهَا فِتْنَةً لِّلظَّالِمِينَ (63)

<< düşlemek üçin Behişt gowymydyr ýada Zakgum agajy?// biz ony (Zakgum agajyny) zalymlara azap we azar bermek üçin goýandyrys. >>

Gurhan kerim geçen aýatlarda behiştdäki nygmatlaryň kälerine we şol nygmatlardan behişt ähliniň paýly bolmaklaryna yşarat etmekden soň bu aýatlarda hem behişt ähliniň hal ýagdaýny Dowzah ähliniň hal ýagdaý bilen deňeşdirip : behişt ähli dürli iýmitler we içgiler bilen garşy alynýandyrlar ýöne Dowzah ähliniň iýmiti we içgisi ajy Zakgumdyr diýip aýdýar.

Elbetde behişt ähliniň iýýän we içýän zatlaryny dowzah äliniň iýýän we içýän zatlary bilen deňeşdirip bolmaz .haýsy biriniň gowydygy we haýsy biriniň telekdigi öz-özünden bellidir. asla dowzah dinjik almagyň we hoş geçirmegiň ýeri däldir. egerde dünýäde käler geler- geçer haram zatlara ulaşyp huş salymlary geçirýän bolsalar olaryň kyýamatda şol zatlar üçin soraga çekilip görjek azaplaryny bir göz öňüne alyp gürrüň we olaryň behiştiň hemişelik nygmatlaryndan we hoşluklaryndan mahrum boljakdyklaryna bir oýlanyň. haýsy biri gowydyr? Dünýäň geler- geçer huşlyklary gowymy? ýada behiştiň hemişelik nygmatlary?

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwretýän sapaklary :

  1. işleri deňeşdirmekde olaryň wagtlaýyn netijelerini görmäli eýsem şol işleriň ahyretde söýerlimi? Ýada söýerli dälmi? Şony hem göz öňüne alyp göreli .
  2. dowzaha girmekligiň asly sebäpkäri zulumdyr. her kim özüne zulum etse, özgelere zulum etse , dine zulum etse allanyň söýen bendelerine zulum etse ol dowzah ählinden boljakdyr.

Saffat süresi, 64, 65 we 66-njy aýatlar:

إِنَّهَا شَجَرَةٌ تَخْرُجُ فِي أَصْلِ الْجَحِيمِ (64) طَلْعُهَا كَأَنَّهُ رُؤُوسُ الشَّيَاطِينِ (65) فَإِنَّهُمْ لَآكِلُونَ مِنْهَا فَمَالِؤُونَ مِنْهَا الْبُطُونَ (66)

<< ol agaç dowzahyň düýbinden gögerip çykýandyr .// onuň ýapraklary we gülleri Şeýtanlaryň kelleleri ýalydyr // dowzah ähli ondan iýip garynlaryny doldurarlar. >>

 

Gurhan kerim bu aýatlarda Zakgum agajynyň nähili agaçdygyny aýdyp berýär. elbetde gurhan kerim Duhan sürüsiniň 43, 44, 45 we 46-njy aýatlarynda hem zakgum hakynda şu hili ybaratlardan peýdalanandyr. gurhan kerim bu aýatlarynyň berýän maglumatlaryndan belli bolşyny görä zakgum agajy bir hili agaçdyr weli ol dowzahyň lowurdap duran oduň içinde gögerýändir we dowzah ähli bolsa onuň miwelerinden iýýändirler onsoňda oduň içinde gögerýän agaç nähili agaç bolup biler ? ol agaç ýakyp ýalnadyp barýan agaç bolar we onuň miweside ýöneki miwe bolmaz eýsem ony iýen adamyň içini- bagryny ýakyp ýalnadar . şeýlede dowzahdaky zakgum agajynyň ýokumsyz isi bardyr şonuň üçin gurhan kerim onuň miwesini şeýtanyň kellesine meňzedendir . ynsanlar gadym eýýamlardan bäri bir adamyň gözlegini wasp etmekde ony perişdä meňzedipdirler we bir adamyň keşbiniň erbetligini bildirmek üçin ony şeýtana we döwe meňzedipdirler . gurhan kerim bu ýerde zakgum agajynyň gelşiksizligini bildirmek üçin onuň miwesini şeýtanyň kellesine meňzedendir.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

  1. ahyretiň düzgüni dünýäniň düzgüni bilen parh edýändir şonuň üçin hem ahyretde dowzahyň düýbinden duran oduň içinden bir agajyň gögerip miwe bermegi geň zat däldir .
  2. dünýäde şeýtanyň aýdanlaryny edýän ynsanlar ahyretde miwesi şeýtanyň kellesine meňzeş bolan agaçlara gabat gelip şol agaçlaryň miwelerinden iýmeli boljakdyrlar .

saffat süresi, 67 we 68-nji aýatlar :

ثُمَّ إِنَّ لَهُمْ عَلَيْهَا لَشَوْباً مِّنْ حَمِيمٍ (67) ثُمَّ إِنَّ مَرْجِعَهُمْ لَإِلَى الْجَحِيمِ (68)

<< soň onuň ( diýmek şol iýmitiň ) üstünde gaýnap duran suwyň hapalygy boljakdyr // soň olaryň dolanjak ýeri dowzah bolar. >> zakgum agajynyň miwesini iýmek bilen ynsanyň suwsajakdygy öz-özünden aýandyr şonuň üçin gurhan kerim bu aýatlarda aýdýar: zakgum agajyň mywesinden iýen adamlar özleriniň suwsyzlygyny gandarmak üçin bir suwdan içerler weli ol suw olaryň suwsyzlygyny gandarmaz eýsem olaryň gaty suwsamaklaryna sebäp bolar , olaryň suwsyzlygyny artdyrar .

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : olar bu zatlary geçirenleri soň hem dowzaha girerler .

Dowzah ähliniň zakgum agajynyň miwesi bilen garşy alynmaklaryndan belli bolşyna görä olaryň dowzahyň içinde başdan geçirjek ýagdaýlary gaty erbet boljakdyr.

Ynsanlar öz myhmanlaryny datly tagamlar we süýji süýjilikler bilen garşy alýarlar indi dowzah ähli dowzaha giren batlaryna olar zakgum ýaly ajy we ýaramaz zatlar bilen garşy alynýan bolsalar olaryň dowzahdaky hal- ýagdaýlary nähili boljakdyr ?

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- behişt ähliniň içgileri we iýmitleri bolşy ýaly dowzah ähliniň hem özlerine mahsus içgileri we iýmitleri bolýandyr ýöne olaryň iýmitleri we içgileri zäher ýaly awylukly zatlardyr.

2-duzah ähli dünýäde allanyň aýdanlaryny etmän öz garynlaryny günä işler we günä zatlar bilen doldurýandyrlar kyýamatda hem olaryň garynlaryny zakgum ýaly awylykly zatlar bilen dolduryljakdyr.

Kyýamatda ynsanlaryň wagtlaýyn durjak mekanlar düregeýdir dowzah ähli hem barýan ýollarynda dürli ýerlerde wagtlaýyn duranlary soň ahyrda , özleriniň barmaly mekany bolan dowzahyň içine girip şol ýerde mesgen tutjakdyrlar.

 

  •