Dec 27, 2018 21:36 Asia/Ashgabat

bölüm,823,süre, Saffat,Aýat 69-78

راهی بسوی نور (823)

Saffat süresi, 69, 70 we 71-nji aýatlar:

إِنَّهُمْ أَلْفَوْا آبَاءهُمْ ضَالِّينَ (69) فَهُمْ عَلَى آثَارِهِمْ يُهْرَعُونَ (70) وَلَقَدْ ضَلَّ قَبْلَهُمْ أَكْثَرُ الْأَوَّلِينَ (71)

<< olar atalarynyň gümradyklaryny gördiler // ( şondada ) olaryň yzyndan ylgadylar // we şübhesiz olardan ozal , öňkileriň köpsi (hem şolar ýaly ) gümradylar .>>

Geçen gepleşikde dowzaha düşen kapyrlaryň we günäkär adamlaryň ýowuz ýagdaýlaryny aýdyp berdik . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda dowzah ähliniň näme üçin dowzaha düşmekleriniň delilini açyklamak bilen : olar akyl etmän köre-körlük bilen ata- babalarynyň ýoluna eýerdiler hatda olaryň ýolunyň dogry däldigini bilýän ýagdaýlarynda hem şolaryň yzyndan ýöridiler şeýdipde özlerini betbagt etdiler diýip beýan edýär . gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar: köre-körlük bilen ata- babalara eýermeklik gadym eýýamlardan dürli milletleriň arasynda bolupdyr hatda kä adamlar , öz ata-babalarynyň giden ýollarynyň dogry däldigini bilseler , ony dile getirip halk ýanynda aýtmaklygamilt etmändirler. elbetde ata-babalarynyň ýadygär galdyran zatlaryny şeýlede taryhy eserleri we medeni miraslary gorap saklamaklyk köre-körlük bilen ata-babalaryňa eýermeklik manasynda däldir . adamzat özüniň ylym- bilimini kämil etmek üçin hiç mahal ata-babalarynyň ýeten ylym - bilimlerine kanagat eden däldir eýsem şol ylymlary öwrenmegiň ýanynda özi hem ony kämil etmek ugurda tagalla edendir. ýene bir ybaratda geçenleriň medeni we taryhy baýlyklaryny gorap saklamaklyk şol baýlyklaryň peýdaly taraplaryndan haýyrlanmak üçindir, bu bolsa ýagşy işdir .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- yslamyň usullaryny kabul etmekde bir kişiň ýene bir kişä hatda din alymlaryna eýermekligi dogry däldir eýsem onuň özi şol usullaryň dogrylygyna ýüregi bilen akly bilen ýetmelidir . her bir ynsan allanyň birligine we kyýamatyň haklygyna özi ýetmelidir we bu zatlarda palan kişä ýada palan ulama eýerip bolýan däldir .

2- köre körlük bilen bir adamyň ýene bir adama ýada öz ata-babalaryna eýermekligi ony dünýäde we ahyretdebetbagt etjekdir .

Ata-babalarymyzyň däp dessurlaryny we ynam ygtykatlaryny köre körlük bilen kabul etmeli däldiris eýsem olar barada oýlanyp amal etmelidiris.

Saffat süresi, 72, 73 we 74-nji aýatlar :

وَلَقَدْ أَرْسَلْنَا فِيهِم مُّنذِرِينَ (72) فَانظُرْ كَيْفَ كَانَ عَاقِبَةُ الْمُنذَرِينَ (73) إِلَّا عِبَادَ اللَّهِ الْمُخْلَصِينَ (74)

<<şübhesiz olaryň arasyna duýduryş berijileri iberdik // onda ser edip görüň duýduryş berlen adamlaryň soňy nähili boldy?// allanyň yhlasly bendelerinden aýry (olaryň hemmesi heläk boldular) . >>

Gurhan kerim geçen aýatlarda adamlaryň dowzaha düşmekleri barada gürrüň etmekden soň bu aýatlarda aýdýar : bu adamlaryň gümra bolmaklary asmanlyk we ylahy ýolbaşçylaryň ýoklygy üçindäldir sebäbi taňry tagala ynsanlary hedaýat etmek üçin dürli halyklaryň we kowumlaryň arasynda duýduryş beriji ynsanlary iberendir we ol adamlar ynsanlara , ýagşy ýaman işleriň soňy baradaduýduryş berendirler. alla tarapyndan kitap eýesi bolan pygamberleriň sany gaty az bolan bolsada ol pygamberleriň şerigatyny wagyz edýän pygamberleriň sany gaty köp bolandyr kä rowaýatlarda gelşine gürä bu wagyz ediji pygamberleriň sany 124 müň pygamber bolandyr.

Pygamberleriň iň möhüm borçlarynyň birsi ynsanlary şirk , kapyrlyk we gümralyk belalaryndan halas edip olary dogry ýola salmak bolandyr . ýöne gynanç bilen ynsanlaryň köpsi pygamberleriň duýduryşlaryny gözden sowyp dünýäde we ahyretde özlerini betbagtçylyga uçradandyrlar . elbetde bu arada öz ýaşaýyşlarynda diňe allanyň razylygyny gazanmak ugurda tagalla eden allanyň yhlasly bendeleri hem az däldir olar özleriniň ýagşy we sogaply işleri bilen iki dünýäň bagtyna eýe bolandyr .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- dowzahyň ody barada gümra adamlara duýduryş bermeklik edil ýanyp duran öýüň ýaşaýjylaryna duýduryş bermek ýalydyr we hökman gerekli işleriň birisidir.

2- eger bir köpçüligiň ýaşaýjylarynyň köpsi gümralyga uçran bolsalar başgalar hem olara meňzeş boljak bolup ýörmeli däldir eýsem olary dogry ýola getirjek bolup tagalla etmelidirler .

3- hak bilen batyly saýgarmak üçin taryh boýunda ýaşap geçen ynsanlaryň we kowumlaryň ykballaryny öwrenmelidir we şolaryň ykbalyndan sapak almalydyr .

4- allanyň bendeliginde dogry tapylmaklyk ynsana hakyky bagtyýarlygy sowgat edýändir.

Saffat süresi, 75, 76, 77 we 78-nji aýatlar:

وَلَقَدْ نَادَانَا نُوحٌ فَلَنِعْمَ الْمُجِيبُونَ (75) وَنَجَّيْنَاهُ وَأَهْلَهُ مِنَ الْكَرْبِ الْعَظِيمِ (76)‏ وَجَعَلْنَا ذُرِّيَّتَهُ هُمْ الْبَاقِينَ (77) وَتَرَكْنَا عَلَيْهِ فِي الْآخِرِينَ (78)

<<>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda taňry tagala dürlikowumlaryň arasyna pygamberleri iberendigine yşarat etmekden soň bu aýatlarda şol pygamberleriň birisine ýagny hezreti Nuh (a.s)-a yşarat edýär.hezreti Nuh (a.s) allanyň beýik pygamberleriniň birisidi.hezret Nuh (a.s) öz kowumny gümralykdan halas etjek bolup uzak ýyllar tagalla eden bolsada onuň kowumynyň köpüsi dogry ýola gelmediler eýsem hezreti Nuh (a.s)-yň berýän duýduryşlaryny we aýdan zatlaryny ýalan bildiler ahyr soň hem hezreti Nuh (a.s) öz kowumyndan olaryň dogry ýola girmeklerinden numyt boldy we alladan kapyrlaryň kökini gyryp möminleri olaryň elinden halas etmekligi haýyş etdi. Alla hem onuň dogasyny kabul edip uly tupan iberdi we şol tupan bilen kapyrlary ýok etdi we hezreti Nuh (a.s)-yň ýanynda bolup ol bilen birlikde gämä münen mömin adamlar hem şol äpet tupandan gutuldylar.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- doga etmeklik ylahy goldawdan paýly bolmaklygyň bir ýoludyr ýene bir ybaratda doga edip alladan kömek sorap bolýandyr .

2- nesilleriň dowamaty ýada gyrylyp ýok olmaklary allanyň elindedir islese her bir guwmy ýok edip bilýändir hezreti Nuhyň kowumyny tupan bilen ýok edendiredil şol mahal hem hezreti Nuh bilen onuň ýaranlaryny bu tupandan halas edendir.

3- salyhy we päk ynsanlar ahyr soňda bela- beterlerden we gamlardan gutulyp bagtyýarlyga uçrajakdyrlar. bu zat allanyň beren wadasydyr.

 

  •