bölüm,824,süre, Saffat,Aýat 79-92
bölüm,824,süre, Saffat,Aýat 79-92
راهی بسوی نور (824)
Saffat süresi , 79, 80, 81 we 82-nji aýatlar :
سَلَامٌ عَلَى نُوحٍ فِي الْعَالَمِينَ (79) إِنَّا كَذَلِكَ نَجْزِي الْمُحْسِنِينَ (80) إِنَّهُ مِنْ عِبَادِنَا الْمُؤْمِنِينَ (81) ثُمَّ أَغْرَقْنَا الْآخَرِينَ (82)
<< älem jahanda Nuha salam bolsun // biz salyhylary şu hili sylaýandyrys // dogrudanda ol biziň mömin bendelerimizden-di // soň ( Nuhdan we Nuhyň ýaranlaryndan) özgeleri gark etdik .>>
Gurhan kerimiň geçen aýatlarynda hezreti Nuh (a.s) we onuň ýaranlarynyň tupandan gutulyşlary barada gürrüň boldy. Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar: kapyrlaryň we hezreti Nuh (a.s)yň pygamberligini inkär edýän adamlaryň hemmesi allanyň gazabyna giriftar bolup heläk boldular.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň aýtmagyna görä , hezreti Nuh (a.s) taryh boýundaky möminleriň salam salawatyna laýyk bolan ynsandyr. bu bolsa bir uly bagtdyr sebäbi hezreti Nuh (a.s) öz kowumyny gümralykdan halas etmek üçin 950 ýyllap zähmet çekdi we köp azaplary gördi. kapyrlar oňa köp azarlary berselerdeol gaýduwsyzlyk bilen öz ýoluny dowam etdi şonuň üçin Taňry tagala , hezreti Nuh (a.a)-a şu hili orun mertebe berip möminlerden hezreti nuh (a.s)-a salam salawat ibermeklerini isledi.
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda : Nuha iberilýän salam salawatlar diňe onuň özüne mahsus däldir eýsem bütin salyhy ynsanlary hem öz içine alýandyr diýip aýdýar.
Gurhan kerim bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
- dünýäden öten öwliýalar we allanyň iberen pygamberleri biziň salam salawatlarymyzy eşidip olary kabul edýändirler . eşitmeýän zatlara allanyň salam salawat ibermegi ( akla sygmaýar ) mundan belli bolýar weli dünýäden öten öwliýalar we pygamberler edil diri ynsanlar ýaly biziň iberýän salam salawatlarymyzy eşitýändirler .
- ylahy kada esasynda taňry tagala salyhy ynsanlary serpaýdan mahrum edýän däldir kä wagtlarda Alla salyhy ynsanlaryň serpaýny şu dünýäde berýändir.
- ýagşylyk iman bilen hemra bolan ýagdaýlarynda täsirli bolup bilýändirler bu zatlaryň her gaýsynyň bir özi ýeterlik däldir.
- Allanyň azaby inen mahaly taňry tagala özüniň mömin bendelerini bela - beterlerden goraýandyr.
Saffat süresi, 83, 84, 85, 86 we 87- nji aýatlar :
وَإِنَّ مِن شِيعَتِهِ لَإِبْرَاهِيمَ (83) إِذْ جَاء رَبَّهُ بِقَلْبٍ سَلِيمٍ (84) إِذْ قَالَ لِأَبِيهِ وَقَوْمِهِ مَاذَا تَعْبُدُونَ (85) أَئِفْكاً آلِهَةً دُونَ اللَّهِ تُرِيدُونَ (86) فَمَا ظَنُّكُم بِرَبِّ الْعَالَمِينَ (87)
<<şübhesiz Ybraýym Nuha uýan adamlardandy // päk ýürek bilen öz perwerdigäriniň huzuryna ýüzlenen mahaly // atasy we kowumyna "näme zada çokunýarsyňyz" diýip aýdan mahaly // ýalandan alladan gaýry taňrylary çagyrýarsyňyzmy? // onda siziň älem- jahanyň perwerdigärine bolan gumanyňyz nähili ?>>
zaman we taryhy jähetlerden hezreti nuh (a.s) bilen hezreti Ybraýym (a.s)yň arasynda köp ýyllar ýatandyr. olar aýry- aýry asyrlarda ýaşap geçendirler ýöne allanyň birligini wagyz etmekde we ynsanlary allanyň bendeligine çagyrmakda / hezreti ybraýym (a.s)yň ýol -ýodasynyň dowamy hasaplanansoň gurhan kerim bu aýatlarda hezreti ybraýymy hezreti nuha eýeren we hezreti nuha uýan adam tanatýar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarda hezreti ebraýymy tanatmakda ulanan ybaratlarynyň iň möhümsi hezreti ybraýymyňýüreginiň arassalygy we sagdynlygydyr . gurhan kerimiň bu aýatda ulanan "sälim"ybaratynyň iki manasy bardyr bu ybarat bir jähetden hezreti ybraýymyň ýüreginiň päk we sagdynlygyny belli edýändir aýry bir jähetden hem hezreti ybraýymyň allanyň emrine boýun we teslimdigini mälim edýändir.
Hezreti ybraýym (a.s)yň ýüregi päk we arassa bolansoň ol öz kowumynyň butparaz bolmaklaryny çekip jydamady şonuň üçin hem olara ýüzlenip : siz nähili jansyz zatlara çokunyp jansyz zatlara bendelik edýärsiňiz ? çyn taňryny goýup ýalan taňrylara eýerýärsiňiz ? älem- jahanyň perwerdigäri bolan allany gyrakdagoýup ýene onuň rahmatynaumydygärmisiňiz? Diýip aýddy .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
- ylahy pygamberleriň hemmesiniň ýoly birdir we olaryň arasynda hiç hili parh ýokdyr hezretiAdamdan hezreti hatäm (s.a.w)-e çenli bütin pygamberler bir zady wagyz edendirler olda allanyň birligi bolandyr .
- allanyň emrine eýerip hapalyklardan daş durmaklyk bütin ylahy pygamberleriň we olara eýerýän ynsanlaryň ýöriteliklerindendir.
- Her bir ynsan töwerek-daşyna jogapkär çemeleşmelidir we özüniň kowum garyndaşlaryny dogry ýola hedaýat etjek bolup tagalla etmelidir .
- Ylahy ynsanlar ýaramaz köpçüligiň içinde özlerini saklap bilýändirler eýsem olar hatda şol köpçüligi dogry ýola getirjek bolup tagalla edýändirler .
Saffat süresi, 88, 89, 90, 91 we 92-nji aýatlar :
فَنَظَرَ نَظْرَةً فِي النُّجُومِ (88) فَقَالَ إِنِّي سَقِيمٌ (89) فَتَوَلَّوْا عَنْهُ مُدْبِرِينَ (90) فَرَاغَ إِلَى آلِهَتِهِمْ فَقَالَ أَلَا تَأْكُلُونَ (91) مَا لَكُمْ لَا تَنطِقُونَ (92)
<< (ybraýym) ýyldyzlara ser etdi // we “ men sökül” diýip aýtdy. // şonda ondan ýüz öwrüp dolandylar // soň ( ybraýym ) ýaşrynlykda olaryň hudaylarynyň ýanyna baryp ( gülümsiräp ) : "näme üçin damak eýermeýärsiňiz? // size näme boldy?dil ýaramaýarsyňyz" diýip aýtdy. >>
Gurhan kerim geçen aýatlarda hezreti ybraýymyň butparazlary dogry ýola çagyrmakda olara beren soraglaryny beýan etmekden soň bu aýatlarda hezreti ybraýymyň butparazlary gaflat ukysyndan oýarmakda ulanan şiweleriniň ýene birisine yşarat edýär .ezreti ybraýymň ýaşlykda ýaşaýan şäheriniň adyna Babel diýarlar ekeni.Babel şäheriniň ýaşaýjylary baýram günlerinde şäherden çykyp şäheriňdaşynda şatlyk şagalaň edýän myşlar olar baýram günüň öň ýanynda hemhezreti ybraýymdan özlerine birikmegini haýyş edýärler. ýöne butlary ýumurmagyň yzynda bolan hezreti ybraýym Babel halkynyň çokunýan zatlaryndan bolan ýyldyzlara ser edip : ýyldyzlaryň ýagdaýyndan belli bolşyna gürä men şäherden çyksam hassalaýan gowysy men şäherde galaýyn diýip şäherde galýar .
Elbetdehezreti ybraýymyň ýyldyzlara ygtykady ýokdy we ol ( ýyldyzlaryň elinden bir iş geler ) diýen pikre eýermeýärdi ýöne Babel halkynyň ynamyny gazanjak bolup şu şiweden haýyrlandy şeýlelik bilen hezreti ybraýym babel halky bilen şäherden çykmady we kapyrlar şäherden çykanlary soň ol butlaryň ýanyna baryp : näme üçin müşrikleriň getiren sowgatlaryndan we tagamlaryndan datmaýarsyňyz? näme üçin meň bilen gepleşip maňa jogap bermeýärsiňiz ? megerde müşrikler sizi hemme zatlarda täsirli bilmeýärlermi? onda näme üçin eliňizden sogan soýma gelmeýär? diýip aýtdy .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
- dini we hak ýoluny wagyz etmekde her kim bilen her topar bilen gepleşmeli bolanda olaryň öz dilleri bilen gepleşmelidir şonuň üçin hem dürli milletleriň ynam – ygtykatlaryny we däp dessurlaryny öwrenmeklik şu jähetden möhüm bolup durýandyr.
2- köpçülikdäki ýaramaz pikirlere we ynam-ygtykatlara garşy görüşmekde döredijilikli hereket edip hüşgärlik bilen pursatlardan haýyrlanmalydyr.
- pygamberleriň butparazlygy we kapyrçylygy ret edip ynsanlary allanyň bendeligine çagyrmakda ulanýan şiweleri we ileri sürýän delilleri aýdyň we akla laýyk gelýändir.
////////////////