Dec 27, 2018 22:09 Asia/Ashgabat

bölüm,825,süre, Saffat,Aýat 93-101

راهی بسوی نور (825)

Saffat süresi, 93, 94, 95 we 96-njy aýatlar:

فَرَاغَ عَلَيْهِمْ ضَرْباً بِالْيَمِينِ (93) فَأَقْبَلُوا إِلَيْهِ يَزِفُّونَ (94) قَالَ أَتَعْبُدُونَ مَا تَنْحِتُونَ (95) وَاللَّهُ خَلَقَكُمْ وَمَا تَعْمَلُونَ (96)

<< şonda ( ybraýym butlaryň ýanyna baryp ) olara sag eli bilen mäkäm zarba urdy // halyk ylgap onuň ýanyna bardylar // (ybraýym olara aýtdy : öz eliňiz bilen ýasan zatlaryňyza çokunýarsyňyzmy ? // emma aslynda Alla , sizi we siziň ýasaýan zatlarňyzy ýaradandyr" diýip.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly hezreti ybraýym (a.s ) kapyrlary gaflat ukusyndan oýarmak üçin bir pursatyň yzyndady , hezreti ybraýym , butlaryň elinden hiç zadyň gelmeýändigini olara düşündirmegiň yzyndady. Bir baýramçylykda hezreti ybraýymyň gözleýän pursaty ýüze çykdy we şol günde kapyrlaryň we müşrikleriň hemmesi şäherden çykyp gitdiler . şonda hezreti ybraýym (a.s) eline paltany alyp şäheriň buthanasyna bardy we uly butdan gaýry butlaryň hemmesini ýumurdy . butparazlar şähere dolanyp gelenlerinde şeýle bir geň ýagdaýy görüp haýranlar galdylar we olaryň hudaý diýip çokunýan butlarynyň hemmesi döwülip butlaryň bölekleri ýeriň ýüzünde pyr-pytyr çaşyp dürdi. olar , hezreti ybraýymyň butlardan hoşunyň gelmeýändigini we butlary ýygrenýändigini bilýärdiler şeýlede hezreti ybraýym (a.s) olar bilen şäherden çykyp gitmändi we bir özi şäherde galypdy şonuň üçin olar "bu iş hökman ybraýymyň işidir" diýip onuň üstüne geldiler we bu işiň sebäbini hezreti ybraýym (a.s)-dan soradylar. hezreti ybraýym (a.s) bolsa olardan gorkman olaryň soraglaryna delil bilen jogap berdi we akyl adam özüniň ýasan zadyna çokunarmy? ýasalan zat alla bolup bilermi? ýasalan zat alla bolup bilýän bolsa ony ýasan adamyň özi bu orna iki esse mynasyprakdyr" diýip aýtdy . "ýasalan zat alla bolup bilmez, onda geliň älem – jahany we barça zatlary ýokdan bara getiren Alla bendelik edip şoňa çokunaly" diýip hezreti ybraýym aýtdy .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- azgynçylygyň sebäplerini aýyrmak üçin maksat namaly hereket etmelidir we bir mynasyp pursatda işe girişmelidir .

2- pygamberler şirkiň we butparazlygyň köküni gyrmak üçin ynsanlara duýduryş bermegiň we olary ägä etmegiň ýanynda gerek bolan ýerinde amalda hem herekete girişýändirler .

3- ynsanyň ýasan zatlary hä ýöneki zat bolsun ýada çylşyrymly zat bolsun aslynda allanyň ýaradan zadyrdyr sebäbi ynsanyň bütin döredijilikleriniň we aklynyň çeşmesi alla dolanýandyr.

Saffat süresi, 97 we 98- nji aýatlar :

قَالُوا ابْنُوا لَهُ بُنْيَاناً فَأَلْقُوهُ فِي الْجَحِيمِ (97) فَأَرَادُوا بِهِ كَيْداً فَجَعَلْنَاهُمُ الْأَسْفَلِينَ (98)

<< ( kapyrlar ) "onuň üçin beýik bina gürüň we ony oda ýakyň" didiler // şonda oňa hile etjek boldular ýöne biz olary har we zelil etdik. >>

Müşrikler,hezreti ybraýymyň gürrüňleri barada oýlanmagyň deregine ony aradan aýyrmagyň yzynda boldular şonuň üçin olar beýik küre salyp oň içini odundan dolduryp otladylar soň hezreti ybraýymy şol odyň içine okladylar.kapyrlar bu işleri bilen hem hezreti ybraýymyň elinden halas bolarys öýtdiler.ýöne Alla, hezreti ybraýymyň oda ýanmagyny islemedi we otdan hezretiybraýym üçin gülüstana öwrülmegini isledi ot gülüstana öwrülip hezreti ybraýyma zyýan ýetirmedi. şeýlelik bilen hezreti ybraýym oduň içinden sag - salamat çykyp kapyrlary we butparazlary haýranlar galdyrdy. Şeýlelik bilen duşmanlaryň naňşalary puça çykdy.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- kapyrlygyň we şirkiň yzynda dogry delil we mantyk ýokdur. Şonuň üçin hem kapyr we müşrikler din öwliýalary bilengarşylaşanlarynda hemişe zora daýanýandyrlar .

2- ylahy ynsanlar , zulumyň we kapyrlaryň garşysynda görüşmekde hiç bir zatdan gorkýan däldirler hatda olar oda ýanmakdan hem gorkýan däldirler .

3- tebigatyň kanunlaryda allanyň yradasyna boýundyrlar şonuň üçin alla islemese ot ýakmaz, suw söndürmez onuň aýdyň mysaly bolsa hezreti ybraýymy oduň ýakmazlygydyr.

Saffat süresi, 99, 100, 101-nji aýatlar :

وَقَالَ إِنِّي ذَاهِبٌ إِلَى رَبِّي سَيَهْدِينِ (99) رَبِّ هَبْ لِي مِنَ الصَّالِحِينَ (100) فَبَشَّرْنَاهُ بِغُلَامٍ حَلِيمٍ (101)

<< ( ybraýym bu howpdan sag- aman galdy ) we : öz perwerdigärime tarap barýaryn ol basymlykda maňa ýol görkezer" diýip aýtdy // şeýlede ol : bar hudaýa maňa bir salyhy (perzent) ber" diýip (alladan) diledi // bes biz oňa , bir sabyrly çagasynyň boljakdygyny buşladyk . >>

Hezreti ybraýym duşmanlaryň hilelerinden we ýakan odundan sag- aman galansoň Babyl ýurdundanŞam ülkesine gitmekçi boldy, sebäbi Şam ülkesi hemişe päk ynsanlaryň wepygamberlerň ýurdybolupdyr . hezreti ybraýym şam ýurduna gitmezden ozal özüniň agyr jogapkärçiliginde tapylmagy üçin alladan kömek sorady şeýlede ol alladan bir salyhy perzent diledi. alla hem onuň dogalaryny kabul edip oňa Ysmaýyl we Yshak ýaly salyhy perzentleri berdi. olaryň ikiside päk we salyhy ynsanlardylar we olardan beýik- beýik pygamberler hem amala geldiler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ylahy ynsanlaryň maksat myrady alla tarap ýakynlaşmakdyr we olar her bir işde allanyň razylygyny göz öňüne alýandyrlar . şonuň üçin hem olar öz işlerinde alla töwekgel edip alladan kömek soraýandyrlar .

2- barýan ýolumyz allanyň ýoly bolsa allanyň berýän tabşyryklaryna hem ynam edip ýolumyzy dowam etmelidiris .

3- alladan salyhy perzent dilemeklik ylahy pygamberleriň eden dogalaryndandyr we olar hem alladan salyhy perzent diländirler.

 

/////////////////