bölüm,826,süre, Saffat,Aýat 102-105
bölüm,826,süre, Saffat,Aýat 102-105
راهی بسوی نور (826)
Saffat süresi, 102-nji aýat :
فَلَمَّا بَلَغَ مَعَهُ السَّعْيَ قَالَ يَا بُنَيَّ إِنِّي أَرَى فِي الْمَنَامِ أَنِّي أَذْبَحُكَ فَانظُرْ مَاذَا تَرَى قَالَ يَا أَبَتِ افْعَلْ مَا تُؤْمَرُ سَتَجِدُنِي إِن شَاء اللَّهُ مِنَ الصَّابِرِينَ (102)
<< haçanda ( Ysmaýyl çagalykdan arany açyp ) işde we zähmetde atasyna kömekçi bolanda , atasy : oglum men bir düýş gördüm şol düýşde seni gurbanlyk etýärin , ser et (bu barada ) pikriňi aýt"didi . (ysmaýyl ) : eý atam ! buýrlan işi et , alla islese sen meni sabyrlylaryň hatarynda görersiň" diýip aýtdy .>>
Geçen gepleşikde hezreti ybraýym (a.s)-yň taňry tagaladan salyhy perzendi diländigini aýtdyk . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar : alla hezreti ybraýyma bir perzent bagyş etdi ol perzent çagalykdan arany açyp ýetginjeklik ýyllaryna gadam goýansoň işlerde atasy hezreti ybraýyma kömekçi boldy soň alla , hezreti ybraýymyň işinde , ysmaýyly allanyň ýolunda gurbanlyk etmegini ondan isledi hezreti ybraýym bu işi etmeli bolsa perzendi ysmaýylyň razylygyny hem gazanmalydy.şonuň üçin bu mesele barada oňa maslahat saldy we ondan allanyň ýolunda gurbanlyk edilmegine taýynmy ýada taýyn dälmi? diýip sorady . ýöneki adamlar şeýle bir ýagdaýa gabat gelenlerinde olar alladan şeýle bir işiň delilini soraýandyrlar : eý alla , seniň menden isleýän bu işiň gaty agyr zat , egerde gurbanlyk etmeli bolsam näme üçin men öz elim bilen öz perzendimi gurbanlyk etmeli? ony başga biri hem edip biler diýip aýtjakdyrlar.
Ýöne ylahy pygamberler bu meselä başgaça çemeleşýändirler. olar her bir zatdan ozal allanyň emrine boýundyrlar olaryň garaýşyndan taňry tagalanyň permanlary hekmet we ylym esasyndadir we alla hekmetsiz bir zady buýurýan däldir oňa gürä bende allanyň emriniň delilini düşünmese-de onuň allanyň emrinden boýun gaçyrmagy dogry däldir. hezreti ysmaýyl hem allanyň emriniň özüne mahsus hekmetiniň bardygyny düşünip öz atasy hezreti ybraýymdan allanyň aýdanyny etmegini isledi . "allanyň aýdany agyr zat bolsa men oňa boýundyryn we sen bu meselede men sabyrly adamlaryň hatarynda görersiň" diýip ysmaýyl aýtdy .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- pygamberleriň düýşi-de bir hili wahyýdyr ýöne bu mesele başgalar üçin bu hili däldir. ýöneki ynsanlar gören düýşlerini bitirmäge borçly däldirler.
2- ene-atalar bilen perzentleriň arasyndaky baglanşyklar bizi allanyň emrinden alyp galmaly däldir .
3- borjyňda tapylmaklyk sabyrlylygy we gaýduwsyzlygy talap edýändir allanyň emrinde tapylmak kyn diýip allanyň emrinden boýun gaçyrmaly däldir.
Saffat süresi, 103, 104 we 105-nji aýatlar:
فَلَمَّا أَسْلَمَا وَتَلَّهُ لِلْجَبِينِ (103) وَنَادَيْنَاهُ أَنْ يَا إِبْرَاهِيمُ (104) قَدْ صَدَّقْتَ الرُّؤْيَا إِنَّا كَذَلِكَ نَجْزِي الْمُحْسِنِينَ (105)
<< bes olaryň ikiside ( allanyň emrine ) boýun egdiler we ybraýym perzendiniň maňlaýny ýere sürtdi ( tä ony gurbanlyk etsin ) // ( şonda ) ony gygyryp eý ybraýym! // "hakykatdanda sen gören düýşüňi durmuşa geçirdiň ( we biziň emrimizde tapyldyň" diýip aýtdyk ) biz ýagşy ynsanlary şu hili sylaýandyrys. >>
Hezreti ysmaýyl allanyň ýolunda gurbanlyk bolmaga özüniň taýyndygyny yglan etmeginden soň hezreti ybraýym ony allanyň ýolunda gurban etmek üçin taýýarlyk gördi we ysmaýyly ýerde ýatyrdy şonda asmandan ses geldi : eý ybraýym! biz senden perzendiň başyny kesmegini talap etmedik eýsem perzendiňden we oňa bolan baglanşygyňdan el özmegi senden isledik indi sen bolsaň biziň bu synagmyzdan baş ýokary çykdyň we sen düýşüňde gören zatlaryňy doly suratda berjaý kyldyň we bu iş bilen hem allanyň emrine boýundygyňy we allanyň emrinde tapylmakda yradalydygyňy subut etdiň diýip ybraýymyň gulagyna eşidildi .
Hezreti ysmaýylyň başy kesilmedi ýöne hezreti ybraýym hakykatdan ony allanyň ýolunda gurban etjekdi.
Hezreti ybraýymyň şeýle bir niýeti , onuň bu işiniň alla tarapyndan kabul edilmegine sebäp boldy we ysmaýyly gurbanlyk eden hökmünde alla bu işi ybraýymdan kabul etdi .din düşünjesinde her bir işiň aňrysyndaky niýet şol işiň bahasyny belli edýändir we her bir işiň aňrysyndaky niýet dogryrak we päkräk bolsa şol işiň gadyr-gymmaty känräk we sogaplyrakdyr .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1-Pygamberleriň kämilliginiň nyşanalarynyň birisideolaryň allanyň emrine boýundyklarydyr . her bir işde allanyň razylygy bar bolsa we allanyň emrine laýyklykda ýerne ýetse şol iş söýerliräkdir .
2- ylahy buýruklaryň käleri ynsanlary synamak üçindir .
3- kemala ýetmek üçin çäklik ýokdur . kä wagtlarda hatda hezreti ysmaýyl ýaly bir ýetginjek kemalyň ýokary derejelerine ýetmegi başarýandyr.
4- ýagşylyk etmekligiň durly görnüşleri bardyr ýagşylyk diňä puldan we maldan edilýän ýagşylyklara çäklenýän däldir isem allanyň ýolunda öz janyňdan geçmeklik hem ýagşylyk etmekligiň bir gurnyşydyr.