Nov 29, 2017 13:32 Asia/Ashgabat

bölüm,716,süre änkäbut,aýat 1-7

برنامه راهی بسوی نور(716)

Änkäbut süresi, 1, 2 we 3-nji aýatlar:

الم (1) أَحَسِبَ النَّاسُ أَن يُتْرَكُوا أَن يَقُولُوا آمَنَّا وَهُمْ لَا يُفْتَنُونَ (2) وَلَقَدْ فَتَنَّا الَّذِينَ مِن قَبْلِهِمْ فَلَيَعْلَمَنَّ اللَّهُ الَّذِينَ صَدَقُوا وَلَيَعْلَمَنَّ الْكَاذِبِينَ (3)

<< Älif – läm – mim // adamlar “iman getirdik” diýip aýtsalar ( öz erklerine ) güberlip synagdan halas bolarys öýedýärlermi? //Olardan ozalkylary synawdan geçirşimiz ýaly ( olaryda hökman synap göreris ) dogrudanda Alla (iman barada ) kimiň dogry aýdýanlygyny we kimiň ýalan sözleýänligini belli etjekdir.>>

Gurhany kerimiň bu süresiniň ady gurhanyň beýleki süreleriniň kä biri ýaly haýwanlaryň adyndan alnandyr . Gurhany kerimiň bu süresiniň 41-nji aýatynda şirkiň binýady edil Möýüň öýi ýaly sus hasaplanandyr möýe bolsa araplar Änkäbut diýip aýdýarlar.

Şeýlede bu süräniň deslapky aýaty mugattaeh harplar bilen ýa şol kesik- kesik harplar bilen başlanandyr , Gurhany kerimiň ýene 28 süresi şu hili harplar bilen başlanandyr. Mugattaeh harplar bilen başlanan geçen süreleriň açyklamasynda hem aýdyşymyz ýaly bu harplaryň  syry anyk belli däldir .Belkide Taňry tagala bu harplar bilen “bu görýän Gurhanyňyz şu harplardan düzilendir egerde onuň mugjyzalygyna şek edýän bolsaňyz siz hem şu harplar bilen şu hili kitaby düzüň” diýip aýtjak bolýandyr.

Gurhany kerimiň bu süresiniň deslapky aýatlary bir üýtgemez ylahy kada yşarat edýändir şol kada esasynda hemmeler, hä dogry sözleýän bolsunlar hä ýalan , Alla tarapyndan synaljakdyrlar Alla synag bilen hem kimiň dogry adamdygyny kimiň egri adamdygyny mälim etjekdir . sebäbi özlerini hakyky mömin saýýan adamlar köpdir ýöne olaryň bir topary haçanda kyn ýagdaýlara gabat gelenlerinde aňsatlyk bilen imanlaryny  elden berýändirler  şeýlelik bilen ýowuz ýagdaýlarda bu hili ynsanlaryň hakyky kimligi aýan we äşgär boljakdyr .

Şeýlede yslamy köpçülikde ýaşaýan munapyklar özleriniň şahsy bähbitlerine ýetmek üçin özlerini mömin adamlar hökmünde görkezýändirler ýöne bu adamlar hem kyn ýagdaýlara gabat gelenlerinde özleriniň hakyky kimlikleri aýan bolup çyn mömin däldikleri mälim bolýandyr .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- diňe men mömin diýip mömin bolup bolýan däldir eýsem ynsan özüniň möminligini amalda görkezmelidir.

2- synag , taryh boýunda üýtgemän gelen ylahy kadadyr. her kim bir hili synagdan geçýändir baý özüniň baýlygy bilen, garyp hem özüniň garyplygy bilen, güýçli özüniň güýji bilen ejiz özüniň ejizligi bilen Alla tarapyndan synalýandyr.

Änkäbut süresi, 4 we 5-nji aýatlar :

أَمْ حَسِبَ الَّذِينَ يَعْمَلُونَ السَّيِّئَاتِ أَن يَسْبِقُونَا سَاء مَا يَحْكُمُونَ (4) مَن كَانَ يَرْجُو لِقَاء اللَّهِ فَإِنَّ أَجَلَ اللَّهِ لَآتٍ وَهُوَ السَّمِيعُ الْعَلِيمُ (5)

<< günä iş edýän adamlar, bizden oňa düşendirler öýedýärlermi? olar ne erbet pikirdedirler. her kim Allanyň didarna umydygär bolsa ol , Allanyň belli eden wagtynyň hökman geljekdigini bilmelidir, we ol bilimli eşitgüjidir .>>

Gurhany kerim geçen aýatlarda ylahy synaw kadasyny beýan etmekden soň bu aýatlarda möminler we kapyrlar toparlaryna ýüzlenip, kapyrlar toparyna haýbat atmak bilen “olar Allanyň azabyndan gutulyp Allanyň gudratyndan oňa geçeris diýip guman edýärlermi? olaryň Allanyň emrinden boýun gaçyrmaklary we möminleri harlamaklary olaryň amal depterindeýazylandyr we olaryň hemmesine kyýamatda ýetişiklik boljakdyr diýip aýdýar.

Şeýlede Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda möminler topary barada aýdýar : hakyky möminler Allanyň bendeliginde gaýym durmalydyrlar we duşmanlaryň basyşlary netijesinde özleriniň imanlaryndan el özmeli däldirler, sebäbi kyýamat barada Allanyň beren wadasy hökmanydyr şol günde perdeleriň gyryga gitmegi bilen hakykatlar aýan we äşgär boljakdyr. We Alla bilen onuň bendesiniň arasynda hiç bir perde boljak däldir we bende hakyň jylwasyny aýan we äşgär görjekdir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- günä işleriň gaýtalanmagy, ynsanyň durkynda özüniň ýaramaz täsirni galdyrýandir we ony Alla barada ýaramaz gumanlara düşmegine sebäp bolandyr.

2- günäkär adamlar Allanyň beren möhleti hemişelik mykam diýip pursatlary elden bermeli däldirler eýsem bu pursatlar bir gün soňlap kyýamat hökman gopjakdyr .

Ýagşy adamlar hem kynçylyklara sabyr etmelidirler sebäbi Allanyň beren wadasy hökmanydyr.

Änkäbut süresi, 6 we 7-nji aýatlar :

وَمَن جَاهَدَ فَإِنَّمَا يُجَاهِدُ لِنَفْسِهِ إِنَّ اللَّهَ لَغَنِيٌّ عَنِ الْعَالَمِينَ (6)‏ وَالَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ لَنُكَفِّرَنَّ عَنْهُمْ سَيِّئَاتِهِمْ وَلَنَجْزِيَنَّهُمْ أَحْسَنَ الَّذِي كَانُوا يَعْمَلُونَ (7)

<< her kim tagalla etse özi üçin edýändir dogrudanda Alla älem jahandakylara mätäç däldir.//Iman getirip ýagşy işleri eden adamlaryň ýazyklaryny hökman basyrarys we olara edýän  ýagşy amallary üçin (ondan zyýadarak ) serpaý bereris.>>

Imanly adamyň ýoly bellidir, ol hiç mahal ugruny ýitirmez . ol yslamy ösdürmek ugurda tagalla edýändir we gerek bolan ýerinde duşmanlaryň öňünde berk durup jyhad edýändir . elbetde Taňry tagalanyň möminlere we olaryň dini goramak ugurda edýän tagallalaryna hiç hili mätäçligi ýokdur we bu hili işleriň bähbidi ilki bada mömin adamyň özüne ýetişýändir . şondan gelende Taňry tagala özüniň merhemeti bilen bu hili ynsanlary goldajakdygy barada söz berendir Alla hem olaryň ýazyklaryny geçýändir hemem olaryň ýagşy işlerine zyýada serpaý berýändir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- jyhatdan maksat diňe gylyç bilen duşmana garşy göreşmeklik däldir eýsem Allanyň ýolynda edilýän her hili tagalla jyhat hasaplanýandyr elbetde jyhadyň dürli gysymlary bolýar . mümkin syýasy , yktysady , medeni we jemgyýetçilik ýerliklerde duşmanlaryň hilelerini puja çykarmak bolsun, mümkinde öz nefsiňi düzeltmeklik bolsun, bu hili jyhatlaryň bähbidi hökman musulmanlaryň özüne ýetjekdir.

2- Allanyň ýolunda tagalla etsek , jyhat etsek , Alla hem biziň ýalňyşlykmyzy geçip çeken zähmetlerimize gowy suratdy serpaý berjekdir.

 

/////////////