bölüm,717,süre änkäbut,aýat 8-13
bölüm,717,süre änkäbut,aýat 8-13
(717) برنامه راهی بسوی نور
Änkäbut süresi, 8 we 9-njy aýatlar:
وَوَصَّيْنَا الْإِنسَانَ بِوَالِدَيْهِ حُسْناً وَإِن جَاهَدَاكَ لِتُشْرِكَ بِي مَا لَيْسَ لَكَ بِهِ عِلْمٌ فَلَا تُطِعْهُمَا إِلَيَّ مَرْجِعُكُمْ فَأُنَبِّئُكُم بِمَا كُنتُمْ تَعْمَلُونَ (8) وَالَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ لَنُدْخِلَنَّهُمْ فِي الصَّالِحِينَ (9)
<< ene – ataňa ýagşylyk ediň diýip ynsana tabşyrdyk, we egerde bilmeýän zadyňyzy maňa şärik tutunyň diýip ol ikisi tagalla etseler olara eýermäň , onda sizi edýän işleriňizden habarly ederis. //we iman getirip ýagşy işleri etýänler şübhesiz olary salyhynlaryň hatarynda ýerleşdireris.>>
Yslam dininiň başlarynda ýaşlaryň bir topary yslam pygamberine iman getirip butparazlykdan ýüz dönderdiler. ýöne olaryň ene – atalary kapyr bolanlary sebäpli , olardan ysam dininden ýüz döndermeklerini isleýärdiler . hata kä eneler musulman bolan perzentlerini ruhy taýdan basyş astynda goýup yslam dininden ýüz döndermek maksady bilen damak iýmekden saklandylar. Şondan gelende olaryň perzentleri öz ynamlarynda mäkäm durup yslamdan el özmediler .
Gurhany kerim bu aýatlarda ene atalary kapyr bolan içeri – maşgalalarda ýaşaýan ýaşlara ýüzlenip aýdýar : perzentler bilen ene – atalaryň arasyndaky baglanşyklar din baglanşyklaryna çapraz gelýän ýagdaýynda perzentler, ene – atalaryň ýada dogan – garyndaşlaryň razylygy üçin öz dinlerinden el çekmeli däldirler eýsem ene –atalaryna hormat goýýan ýagdaýlarynda öz dinlerini hem saklamalydyrlar.
Hawa gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda ogul gyzlara we ene atalara ýüzlenip :siziň bary amallaryňyz ýazylýandyr we bir gün oňa jogap bermeli bolarsyňyz we kyýamatda diňe iman ähli bolanlar, salyhy ynsanlaryň ýanynda boljakdyrlar diýip aýdýar .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Ogul-gyzlar ene atalary hä musulman bolsalar hä kapyr olara sylag-hormat etmelidirler , bu mesele olaryň ynsany borjudyr .
2- Şirke çagyrmak haýyrsyz işe çagyrmaklykdyr , sebäbi şirkiň hiç bir esasy ýokdur .
3- Perzentler dogry ýoly saýlap bilmelidirler . ene – atalar olary özleriniň giden ýollaryndan gitmeklige zor etmeli däldirler.
Änkäbut süresi, 10 we 11-nji aýatlar:
وَمِنَ النَّاسِ مَن يَقُولُ آمَنَّا بِاللَّهِ فَإِذَا أُوذِيَ فِي اللَّهِ جَعَلَ فِتْنَةَ النَّاسِ كَعَذَابِ اللَّهِ وَلَئِن جَاء نَصْرٌ مِّن رَّبِّكَ لَيَقُولُنَّ إِنَّا كُنَّا مَعَكُمْ أَوَلَيْسَ اللَّهُ بِأَعْلَمَ بِمَا فِي صُدُورِ الْعَالَمِينَ (10) وَلَيَعْلَمَنَّ اللَّهُ الَّذِينَ آمَنُوا وَلَيَعْلَمَنَّ الْمُنَافِقِينَ (11)
< <
Gurhany kerim öňki aýatlaryň dowamynda , asudalykda we bol elin ýaşaýyşda iman ähli bolup kynçylyklarda we ýowuz ýagdaýlarda imandan we musulmanlara ýardam bermekden el özýän adamlara yşarat edip aýdýar : olar kynçylyklar we ýowuz günleri geçip musulmanlar iş başyna gelenlerinde olara ýagşy görünjek bolup : biz hemişe siziň ýanyňyzda bardyk onda bu üstünlikde bizide şärik biliň diýip aýdýarlar .
Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : elbetde Alla ynsanlaryň ýüreklerinden habarlydyr kimiň çyn musulmandygyny we kimiň bolsa özüniň nepi üçin özüni musulman ählinden görkezjek bolup tagalla edýändigini ýagşy bilýändir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarnyň öwredýän sapaklary :
1- Käler dilde özlerini musulman görkezýärler, emmä ýüreklerinde imandan nyşan ýokdur . oňa görä hakyky musulman adamy başgalardan saýgarmak üçin olaryň amallaryna ähmiýet bermelidirler .
2- Kä zamanlarda iman getirmegiň ýada imanyňy goramagyň harjy bardyr , çyn musulman adam oňa düz gelýändir.
3- kapyrlar pursatyň yzyndadyrlar we diňe özleriniň geler – geçer neplerini araýandyrlar we haçanda kyn ýagdaýlara gabat gelenlerinde özlerini kenara çekýändirler .
änkäbut süresi, 12 we 13-nji aýatlar :
وَقَالَ الَّذِينَ كَفَرُوا لِلَّذِينَ آمَنُوا اتَّبِعُوا سَبِيلَنَا وَلْنَحْمِلْ خَطَايَاكُمْ وَمَا هُم بِحَامِلِينَ مِنْ خَطَايَاهُم مِّن شَيْءٍ إِنَّهُمْ لَكَاذِبُونَ (12) وَلَيَحْمِلُنَّ أَثْقَالَهُمْ وَأَثْقَالاً مَّعَ أَثْقَالِهِمْ وَلَيُسْأَلُنَّ يَوْمَ الْقِيَامَةِ عَمَّا كَانُوا يَفْتَرُونَ (13)
<
<
>
Kapyrlar musulmanlary imandan dönderüp olary özleri ýaly etjek bolup tagalla edýärdiler . gurhany kerim bu aýatlarda kapyrlaryň bu işine yşarat edip aýdýar : olar musulmanlary imandan alyp galmak üçin olara ýüzlenüp : biziň ýolumyza we ata – babalarymyzyň ýoluna giriň we pygamberden ýüz öwüriň egerde şeýtseňiz we olda ýalňyş bolmasa bize we size boljak zat ýok , egerde ýalňyş bolsa oň günäsini biz öz boýnumyza alarys we size boljak zat ýok diýip aýdýardylar .
Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : elbetde olar ýalan sözleýärler sebäbi günäkär adama jeza bermeklik olaryň ellerinde dälde Allanyň elinde we olar günäkäriň jezasyny onuň üstünden aýryp bilmezler , elbetde her kim biriniň gepine gidip imandan el özse ol kyýamatda jeza görer we ony gümra eden adam hem özüniň eden etmişleriniň ýanynda ýene birini gümra edenligi sebäpli jeza görer ýene bir ybaratda onuň jezasy iki esse bolar .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Duşmanlar musulmanlary öz erkine goýýan däldirler eýsem kä zamanlar olary horlap kä zamanlar hem boş wadalar bilen olary dogry ýoldan çykarmagyň aladasyny edýändirler.
2- Yslamyň garaýşynda hiç kim ýene bir kişiniň günäsini öz boýnuna alyp bilmez ýada seniň günäň meň boýnuma diýip bilmez .
3- Ýöne her kim ýene birini gümra etse bu gümralygyň netijesinde onuň eden etmişlerine ortak bolar , elbetde gümra bolan adamyň özi hem özüniň eden etmişleriniň jezasyny görjekdir.
/////////////////