Nov 29, 2017 13:45 Asia/Ashgabat

bölüm,718,süre änkäbut,aýat 14-18

برنامه راهی بسوی نور( (718

änkäbut süresi, 14 we 15-nji aýatlar:

وَلَقَدْ أَرْسَلْنَا نُوحاً إِلَى قَوْمِهِ فَلَبِثَ فِيهِمْ أَلْفَ سَنَةٍ إِلَّا خَمْسِينَ عَاماً فَأَخَذَهُمُ الطُّوفَانُ وَهُمْ ظَالِمُونَ (14)‏ فَأَنجَيْنَاهُ وَأَصْحَابَ السَّفِينَةِ وَجَعَلْنَاهَا آيَةً لِّلْعَالَمِينَ (15)

<< dogrudanda biz Nuhy öz kowumnyň üstüne ( pygamber edip) iberdik ol müň ýyldan 50 ýyl az olaryň arasynda ýaşady ( ýöne halkyň köpüsi oňa iman getirmediler ) bes tupan olary gurşap aldy we ( olar şol mahal) sütemkärdiler.// We biz ony (Nuhy) we gämä münenleri halas etdik we ony älem ähli üçin nyşana aýlandyrdyk .>>

Gurhany kerimiň bu aýaty we mundan soň gelen aýatlary Nuh , Ybraýym we Musa ýaly pygamberleriň döwründe ýaşap geçen kowumlaryň ykbalyna yşarat edip olaryň arasyndan kimleriň mömin we kimleriň kapyr bolandyklaryny we kimleriň bu pygamberlere eýerendiklerini we kimleriň hem olara garşy göreşendiklerini aýdyp berýär .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynda gelşine görä Nuh pygamber mezende müň ýyl öz kowumnyň arasynda ýaşap olary dindarlyga çagyran hem bolsa olaryň sanlyjasyndan başga hiç kim iman getiren däldir we olaryň köpüsi şol kapyrlykda galandyrlar hata olar hezreti Nuha duşmançylyk edendirler . şonuň üçin hem Allanyň yradasy bilen olaryň başyna ylahy azap inendir we güýçli tupanyň ýüze çykmagy babatly olaryň hemmesi suwa gark bolup ýok olandyr .Nuhyň kowumundan diňe möminler bu azapdan gutulandyrlar we Alla geljekki kowumlara sapak we ybrat bolar ýaly diňe möminleri bu tupandan halas edip kapyrlary heläk edendir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-imanly ýada imansyz bolmaklyk kowumlaryň şu dünýäde heläkçilige uçramaklarynda ýada heläkçilikden gutulmaklarynda täsirlidir.

2- gurhanyň garaýşyndan ynsanlaryň gaty ozak ýaşamaklary bolmajak iş däldir oňa görä hezreti Mätiniň bir müň ýyldan bäri diri bolmaklyky bolarly işdir.

3- dini wagyz etmekde sabyrly bolmalydyr we näme üçin hemmeler iman getirmeýärler diýip sabyrsyz bolmaly däldir.

Änkäbut süresi, 16 we 17-nji aýatlar:

وَإِبْرَاهِيمَ إِذْ قَالَ لِقَوْمِهِ اعْبُدُوا اللَّهَ وَاتَّقُوهُ ذَلِكُمْ خَيْرٌ لَّكُمْ إِن كُنتُمْ تَعْلَمُونَ (16) إِنَّمَا تَعْبُدُونَ مِن دُونِ اللَّهِ أَوْثَاناً وَتَخْلُقُونَ إِفْكاً إِنَّ الَّذِينَ تَعْبُدُونَ مِن دُونِ اللَّهِ لَا يَمْلِكُونَ لَكُمْ رِزْقاً فَابْتَغُوا عِندَ اللَّهِ الرِّزْقَ وَاعْبُدُوهُ وَاشْكُرُوا لَهُ إِلَيْهِ تُرْجَعُونَ (17)

<< ( ýat et ) Ybraýymdan, haçandan öz kowumyna ( ýüzlenip ) aýtdy : Alla-ga ybadat ediň we ondan gorkyň , bilseňiz bu iş size ýagşyrakdyr.// emma siz Allanyň ýerne butlara çokunýarsyňyz we ( bu işňiz bilen ) oly ýalana baş goşýarsyňyz . dogrusy , siziň Allanyň ýerine ybadat edýän zatlaryňyz siziň ryzkyňyzyň eýesi däldir. ryzkyňyzy Allanyň ýanynda gözläň we oňa bendelik ediň we oňa şükür ediň çünki (iň soňda ) oňa tarap dolanjaksyňyz.>>

Nuh pygamberden soň halky butlara bendelik etmekden saklap Allanyň bendeligine çagyran ilkinji Olulazym pygamber, hezreti Ybraýym(a.s)dyr. Hezreti Ybraýym (a.s) , halkyň butlara çokunmaklarynyň sebäpleriniň birisiniň olaryň maddy mätäçlikleridigini bilip halkyň mady mätäçliklerini ýok etmekde butlaryň elenden hiç zadyň gelmeýändigini aýdyp berdi . egerde butlara çokunup özüňiziň maddy mätäçligini aradan aýyrjak bolýan bolsaňyz , siziň bu mätäçligiňizi aradan aýryp ýaşaýşyňyza bereket bagyş etmekde butlaryň elinden hiç zadyň gelmeýändigini bilmelisiňiz diýip hezreti Ybraýym aýtdy.

Şeýlede ol : egerde Alla-ga çokunup oň beren nygmatlaryna şükür etseňiz botlar , bendelik etmekden halas bolup ýaşaýşyňyzyň we ryzkyňyzyň asly eýesi bolan Alla-ga ýakynlaşyp Allanyň bendeligini edersiňiz, elbetde ölümden soň hem siziň ykbalňyz onuň elindedir diýip ýatlap geçdi.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Allanyň ybadatyny ýerne ýetirip oňa bendelik etmek üçin ynsan, günälerden daş durup takwa bolmalydyr günäkärlik we takwasyzlyk bilen Allanyň bendeligini edip bolmaz .

2- özleriniň maddy ýaşaýyşlarynda Alladan gaýryny täsirli bilýän adamlar bir hili şirk belasyna giriftar bolandyrlar.

3- din adamlary maddy mümkinçilikleri el-gerip gowy ýaşamaklyga çagyrmagyň ýany bilen olardan Allanyň beren nygmatlaryny şükür kylmagy isleýändirler.

Änkäbut süresi, 18-nji aýat :

وَإِن تُكَذِّبُوا فَقَدْ كَذَّبَ أُمَمٌ مِّن قَبْلِكُمْ وَمَا عَلَى الرَّسُولِ إِلَّا الْبَلَاغُ الْمُبِينُ (18)

<< Eger meni inkär etseňiz ( men geň galmaryn, sebäbi ) ozalky ymmatlar hem öz pygamberlerini inkär edendirler we pygamberleriň boýnuna ( dini ) açaçan ýetirmekden aýry zat parz däldir.>>

Ozalky aýatlaryň dowamynda hezreti Ybraýym bu aýatda butparazlara ýüzlenip : men siziň baryňyz iman getirersiňiz diýen umytda däldirin sebäbi sizden ozalky kowumlaryň köpüsi hem öz pygamberlerini inkär edendirler, meň borjum we bütin ylahy pygamberleriň borçlary ylahy çakylygy halka ýetirmekdir we olaryň bu çakylygy kabul etmekleri ýada ret etmekleri bize degişli däldir meň borjum diňe ylahy dini wagyz edip ony halka ýetirmeklikdir indi halkyň hiç birisi bu çakylygy kabul etmese-de,  ol barada meň gerşimde ýazyk bolmaz diýip aýtdy.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- pygamberleriň borjy diňe diniň taglymatyny halka ýetirmeklikdir we olary dindarlyga mejbur etmäge hakly däldir.

2- möminler, hemmeleriň Alla-ga iman getirmeklerine garaşmaly däldirler, möminleriň borjy diňe dini wagyz edip kapyrlaryň gulagyna ýetirmeklikdir, möminler şu borçlarynda tapylan ýagdaýynda kapyrlaryň dini kabul etmezliklerin de olaryň üstüne jogapkärçilik düşjek däldir.

 

//////////////