Nov 29, 2017 13:50 Asia/Ashgabat

bölüm,719,süre änkäbut,aýat 19-23

برنامه راهی بسوی نور( (719

Änkäbut süresi, 19 we 20-nji aýatlar :

أَوَلَمْ يَرَوْا كَيْفَ يُبْدِئُ اللَّهُ الْخَلْقَ ثُمَّ يُعِيدُهُ إِنَّ ذَلِكَ عَلَى اللَّهِ يَسِيرٌ (19) قُلْ سِيرُوا فِي الْأَرْضِ فَانظُرُوا كَيْفَ بَدَأَ الْخَلْقَ ثُمَّ اللَّهُ يُنشِئُ النَّشْأَةَ الْآخِرَةَ إِنَّ اللَّهَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ (20)

<< Allanyň ýaradylşy nähili başlap, soň ony öňki halnyna dolap bilýändigini görmediňizmi? Elbetde bu ( iş ) Alla üçin ( katy ) aňsatdyr.//(eý pygamber! halka ) : ýer ýüzünde aýlanyp ( Allanyň ) nähili ýaradylşy başlandygyny synlap görüň diýip aýt . soň Alla ahyreti dogrudanda Alla her bir işe kadyrdyr.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly hezreti ybraýym (a.s) müşrikler bilen gürrüň etdi, şol gepleşikde hezreti ybraýym ilaty Buta çokunup butlardan ryzk talap etmekden saklady . Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda we mundan soň gelýän bir näçe aýatda müşrikleriň inkär edýän ahyretini subut edýändir emma müşrikler hemişe ahyreti bolmajak iş bilýändirler.Gurhany kerim bu aýatlarda müşrikleri ýaradylyş hakynda we ölüp ýok olan zatlaryň ýaňadan direldilmekleriniň Alla üçin aňsat işdigi barada oýlanmaklyga çagyrdy şeýlede olary , Allanyň her bir işe kadyrlygyny biler ýaly älem- jahanyň azamatyna göz aýlamaklyga çagyrdy .

Hawa bu azamatly älem- jahany ýokdan bara getiren Alla ölen ynsanlary hem gaýtadan ýaradyp biler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Gurhany kerim ynsanlary elmydam barlyk we ýaradylyş hakynda oýlanmaga çagyrandyr.

2- ýaradylyş , Allanyň hem öldürüp hemem direldip bilýändigini subut edýändir.

3- yslam dini , hakykatlara göz ýetirmek üçin dünýä aýlanyň syýahat ediň diýip jahan keştelikden belli bir maksady yzarlaýandyr.

4- Allanyň barça zatlary ýokdan bara getirip bilmegi onuň ahyretde hem ölen zatlary direldip biljekligini subut edýändir.

Änkäbut süresi , 21 we 22-nji aýatlar :

يُعَذِّبُُ مَن يَشَاءُ وَيَرْحَمُ مَن يَشَاءُ وَإِلَيْهِ تُقْلَبُونَ (21) وَمَا أَنتُم بِمُعْجِزِينَ فِي الْأَرْضِ وَلَا فِي السَّمَاء وَمَا لَكُم مِّن دُونِ اللَّهِ مِن وَلِيٍّ وَلَا نَصِيرٍ (22)

<< (Alla ) her kimi islese azap bere we her kimi islese ýalkar we baryňyz onuň ýanyna dolanjaksyňyz .// we syz ne ýeriň ýüzünde we nede asmanda Allany ejiz edip bilmersiňiz we size Alladan gaýry hiç bir ýar we medetkär bolmaz.>>

Gurhany kerim geçen aýatlarda Taňry tagalanyň ahyretde ynsana ýaňadan jan berip ony direldip bilýändigini aýdyp beren soň bu aýatlarda aýdýar : zähmetiň we ekişiň döwri bolan dünýäň tersine ahyret, ekişi ormagyň we hasap bermegiň döwridir . bu arada kimiň öz borjunda dogry tapylýandygyny we kimiň bolsa dogry tapylmaýandygyny kesgitleýän tarap Allanyň özidir, ol ynsanlaryň bütin işlerinden doly habarlydyr. oňa görä Alla ahyretde her kimse çeken zähmetne görä serpaý berjekdir ýada wezipesinde dogry tapylmanlygy üçin jeza berjekdir.

Hawa , hiç kim dünýäde ýada ahyretde Allanyň hökmürowanlygynyň astyndan halas bolaryn diýen gümanda bolmaly däldir, hiç kim Allanyň hökmürowanlygyndan başyny alyp gidip bilmez.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ýagşy ynsanlar Allanyň mährinden umytly bolup telek ynsanlar onuň gazabyndan gorkarlar ýaly Allanyň mähri bilen gahary bir birne ýakyndyr .

2- Allanyň öz bendelerine bolan yradasy we islegi onuň adly we hikmeti esasyndadyr we Alla öznüň hiç bir bendesine iňiň ujy ýalyda sütem edýän däldir.

3- ynsanyň islegi we yradasy hergiz Allanyň islegne we yradasyna üstüm çykmaz , ynsanlaryň erkindäki bar mümkinçilikler we gudratlar Allanyň yradasynda zerre täsiri bolmaz .

Änkäbut süresi , 23-nji aýat :

وَالَّذِينَ كَفَرُوا بِآيَاتِ اللَّهِ وَلِقَائِهِ أُوْلَئِكَ يَئِسُوا مِن رَّحْمَتِي وَأُوْلَئِكَ لَهُمْ عَذَابٌ أَلِيمٌ (23)

<< ( kyýamatda ) Allanyň ( didaryna ) barmak baradaky akyda we ylahy aýatlara kapyr bolanlar meniň rahmetimdan numytdyrlar we olar , güýçli azap ýetişjek adamlardyrlar.>>

Gurhany kerim ozalky aýatlarda ahyretde käleriň Allanyň gazabyna griftar bolup käleriň hem onuň rahmetyna gabat gelýändigini beýan edeni soň bu aýatda Allanyň ýalkawyna gabat gelmejek adamlar hakynda gürrüň gozgap aýdýar: her kim Allanyň ýaradylyşda berkarar edip goýan kanunlarny äsgermäni Gurhanyň aýatlarny inkär etseler bilmelidirler ahyretde olara güýçli azap garaşýandyr we olaryň ýalkanjak gümanlary bolmaly däldir sebäbi olar hem ýaradylyşyň asly eýesi bolan Allany inkär edendirler hemem ahyreti ýalan bilendirler .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :   

1- Allanyň rahmet saçagy giňdir we her kim bu saçakdan özüniň ukybyna görä bähre alýandyr ýöne kapyrlyk etmeklik we haky inkär etmeklik ynsany bu rahmet saçagyň nygmatlaryndan mahrum edýändir.

2- bütin toparlaryň arasyndan diňe kapyrlar Allanyň giň rahmet saçagynyň nygmatlaryndan mahrumdyrlar.

 

/////////////