Nov 29, 2017 13:55 Asia/Ashgabat

bölüm,720,süre änkäbut,aýat 24-26

برنامه راهی بسوی نور( (720

Änkäbut süresi, 24-nji aýat :

‏ فَمَا كَانَ جَوَابَ قَوْمِهِ إِلَّا أَن قَالُوا اقْتُلُوهُ أَوْ حَرِّقُوهُ فَأَنجَاهُ اللَّهُ مِنَ النَّارِ إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَاتٍ لِّقَوْمٍ يُؤْمِنُونَ (24)

<< (Ybraýym ) kowumnyň jogaby mundan başga zat bolmady, aýtdylar : ony öldüriň ýada otlaň diýip , ýöne Alla ony otdan halas etdi dogrudanda bu ( wakada ) iman getiren adamlar üçin nyşanalar bardyr.>>

Gurhany kerim bu sürede , hezreti Nuh(a.s )-yň dessanyny beýan edeni soň hazreti Ybraýym(a.s)-yň dessanyna girişýär . geçen aýatlarda gelşine görä hezreti Ybraýym (a.s) näme üçin özüniň müşrikleri Allanyň bendeligine çagyrýandygyny we näme üçin ahyrete üns bermegiň gereklidigini beýan edýär. Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda , bu aýatda , müşrikleriň hezreti Ybraýym(a.s)-yň bu isleginiň öňünde nähili çykyş edýändiklerini beýan edip aýdýar : olaryň hezreti Ybraýymyň bu mantygy isleginiň garşysynda aýdara zatlary bolmansaň zora daýanyp zor bilen hezreti Ybraýym(a.s)-yň öňüni almakçy boldular şonuň üçin hem olaryň bir topary " Ybraýymy öldürmeli” diýip maslahat beren bolsalar ýene bir topary ony otlamaly diýip aýtdylar.

Änbiýa süresiniň 68 tä 70-nji aýatlary aralygynda hem gelşine görä , müşrikler ahyr soňda oly ody ýakyp hezreti Ybraýymy şoňa oklamakçy bolýarlar . Gurhany kerim hem bu aýatyň dowamynda aýdýar : olar Allanyň resulynyň janyna kast etdiler ýöne Alla Ybraýymy otdan halas etdi .

Gurhanyň beýleki aýatlarynda hem gelşine görä Allanyň emri bilen ot hezreti Ybraýyma gülüstan boldy we oňa zerre zyýan ýetirmedi bu bolsa iman ähline Allanyň gudratynyň hemme gudratlara össemligini bilmek barada bir gowy nyşanadyr .

 

Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary:

1- diniň ganymlarynyň bilýän zady , möminleri harlamak we olary öldürmeklikdir. Olar hakykaty bilmegiň yzynda däldirler eýsem başarsalar özleriniň güýç – guwwtlaryny we baýlyklaryny goramagyň yzyndadyrlar .

2- möminler " biziň sanymyz az” diýip ezijilere we zalymlara boýun bolmaly däldirler .hezreti Ybraýym(a.s) hem bir özidi şondan gelende kapyrlaryň we müşrikleriň öňünde dürdi Alla hem ony goldady .

3- Allanyň islegi we yradasy barça zatlara össemdir Alla hem bir zada sebäpkärdir hemde bir sebäpkäri aradan aýryp bilýändir .Ot , her bir zady ýakmaklyga sebäpkärdir ýönä Alla islemese ot hem ýakýan däldir.

Änkäbut süresi ,25-nji aýat :

وَقَالَ إِنَّمَا اتَّخَذْتُم مِّن دُونِ اللَّهِ أَوْثَاناً مَّوَدَّةَ بَيْنِكُمْ فِي الْحَيَاةِ الدُّنْيَا ثُمَّ يَوْمَ الْقِيَامَةِ يَكْفُرُ بَعْضُكُم بِبَعْضٍ وَيَلْعَنُ بَعْضُكُم بَعْضاً وَمَأْوَاكُمُ النَّارُ وَمَا لَكُم مِّن نَّاصِرِينَ (25)

<>

 

Hezreti Ybraýym(a.s) otdan halas bolan soň hem öz işini dowam etdi we halky butparazlykdan saklap olary Allanyň bendeligine çagyrdy. taryhy jähetden butparaz kowumlar, öz butlaryna buýsanyp olary öz kimlikleriniň nyşanalaryndan bilýän myşlar we bir kowumyň adamlary öz butlaryna çokunmak bilen hem öz aralarynda jebislik we agzy birlik döredýän myşlar şeýlede olar butparazlyk ýoluny dowam edip hamana öz ata-babalarynyň ýol – ýodasyna hormat goýýan myşlar we bu iş bilen hem öz geçenlerini sylaýan myşlar,hezreti Ybraýym (a.s) olaryň bu işleriniň aslynda bir puç işdigini ýatladyp aýdýar : siz butparazlyk bilen öz aramyzda jebislik döredýäris” diýip aýdýarsyňyz emma aslynda bu jebislik ahyretde dargar gider , şol günde her kim öznüň eden etmişleriniň günäsini ýene birsiniň üstüne oklajak bolup özüni aklajak bolar ilat öz başlyklaryna lagnat ýollap özleriniň gümralygynda olary ýazykly bilerler .

Hiç kim il , günüň gümralygynyň jogapkärçiligini boýun almaz hata ata-babalarymyzyň hormaty üçin olaryň butparazlyk ýoluny dowam etdik diýip aýdýan ata-babalaryňyz hem siziň gümralygyňyzyň jogapkärçiligini boýun almazlar.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- bir köpçüligiň kimligi we jebisligi mantyk esasynda dikelen bolmalydyr butparazlar ýaly öz kowumnyň kimligini butlara ýada ata babalaryň ýalňyş däplerine daýanyp ber karar etmeklik dogry däldir .

2- ynsan özüniň duýgysyna dälde eýsem mantyga we akla daýanyp hereket etmelidir.

3- dünýäň dostlugy nädogry usullar esasynda şekil tapandyr ona görä bu hili dostluklar ahyretde ynsanyň derdine dewa boljak däldir eýsem kine döretjekdir.

Änkäbut süresi ,26-njy aýat :

فَآمَنَ لَهُ لُوطٌ وَقَالَ إِنِّي مُهَاجِرٌ إِلَى رَبِّي إِنَّهُ هُوَ الْعَزِيزُ الْحَكِيمُ (26)

<< bes lut oňa iman  getirdi we ( Ybraýym ) : takyk men öz Rebbime tarap hejret ederin we elbetde ol gudratly we hekimdir diýip aýtdy.>>

Hezreti Ybraýym (a.s) , Nemrudyň ýakan äpet odundan sag salamat halas bolany soň hemmelerden ozal oňa iman getiren lut boldy . lutyň özi hem pygamber boldy hezreti Ybraýym (a.s)-yň dininiň şerigatyny wagyz etdi . hezreti Ybraýym (a.s) bu oly mugjyzadan soň lutdan gaýry iman getiren adam bolmansoň özüniň bu ülkeden göçüp gidýändigini we beýleki ülkelerde ýaşaýan halyklary Allanyň bendeligine çagyrjakdygyny yglan etdi .

Hezreti Ybraýymyň Nemrudyň ýurdundan göçüp gitmegi hem ony Nemrudyň zulumyndan halas edýärdi hemem başga ülkelerde  Ybraýymyň şerigatnyň ýaýramagyna şert döreýärdi, yslam pygamberi hem özüniň dogdyk ýeri bolan Mekgeden Medine şahryna hejret edip hem Mekgäň kapyrlaryň döredýän kynçylyklaryndan halas boldy hemem yslam dininiň Medine halkynyň arasynda ýaýramagyna şert döretdi .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1-    pygamberler şalar we soltanlar ýaly biri- biriniň tersine hereket edýän däldirler eýsem hezreti lutyň hezreti Ybraýymy tassyklaşy ýaly olar bir- birini goldaýandyrlar.

2-     Ylahy ynsanlar ýer –ýurtda bendi däldirler eýsem din üçin gerek bolan ýerinde hejret edip öz ýurtlaryndan göçüp gidýändirler.

 

//////////////