bölüm,827,süre, Saffat,Aýat 106-113
bölüm,827,süre, Saffat,Aýat 106-113
راهی بسوی نور (827)
Saffat süresi , 106, 107 we 108-nji aýatlar :
إِنَّ هَذَا لَهُوَ الْبَلَاء الْمُبِينُ (106) وَفَدَيْنَاهُ بِذِبْحٍ عَظِيمٍ (107)وَتَرَكْنَا عَلَيْهِ فِي الْآخِرِينَ (108)
<<
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly hezreti Ybraýym bilen hezret Ysmaýyl Allanyň emrini ýerine ýetirmek üçin taýýarlyk gören mahallary asmandan ses geldi: "eý Ybraýym sen gören duýşyňy bir kemsiz ýerine ýetirdiň we borjyňda dogry tapylmagy başardyň" diýip gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : allatagala hezreti Ybraýmy synamak üçinhezreti Ysmaýly gurbanlyk etmek barada oňa emir etdi, bu isleg bir uly islegdi, aslynda allatagala bu perman bilen bir atanyň öz perzendiniň başyny kesmeginiislemeýärdi eýsem allanyň emrini ýerine ýetirmekde gerek bolsa öz eziz balaňdan hem geçmelidigini hezreti Ybraýyma bildirjek boldy.hezreti Ybraýym bolsa Allanyň bu emrine boýun bolup bu uly synawdan üstünlikli geçdi. şonda Taňry tagala hezreti Ybraýymdan , Ysmaýyly gurbanlyk etmegiň ýerine bir goçy gurbanlyk etmegi isledi. hezreti Ybraýym bolsa Ysmaýylyň ýerine bir goçy gurbanlyk etdi we şondan bäri gurbanlyk däbi hezreti Ybraýymdan ýedigär galyp biziň zamanymyza gelip ýetdi . indi hem her kim Mekgäň zyýaratyna gidende Mina ülkesinde düşläp hezreti Ybraýym bilen Ysmaýyly ýatlap gurbanlyk etmek bilen hajy bolýandyr .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- öz eziz balaňdan el özmeklik kyn işdir şonda-dahezreti Ybraýym allanyň razyçylygy üçin bu işiň hötdäsinden gelendir.
2- allanyň ýolunda gurbanlyk etmeklik hezreti Ybraýym (a.s)dan ýedigär galan däpdir we musulmanlar şol sanda Mekgäň zyýaratyna giden hajylar her ýylyň gurban baýramynda bu işi ýerine ýetirýändirler .
3- özlerinden ýagşy däpleri ýedigär galdyryp indiki nesilleriň arasynda atlary ýagşylykda tutulýan ynsanlar az däldirler .
Saffat süresi, 109, 110 we 111-nji aýatlar :
سَلَامٌ عَلَى إِبْرَاهِيمَ (109) كَذَلِكَ نَجْزِي الْمُحْسِنِينَ (110) إِنَّهُ مِنْ عِبَادِنَا الْمُؤْمِنِينَ (111)
<
Gurhan kerim geçen aýatlarda gurbanlyk meselesinde Taňry tagalanyň hezreti Ybraýyma eden lutfyynaýatyny beýan etmekden soň bu aýatlarda hezreti Ybraýyma salam salawat ibermegi tabşyrýar soň : Allanyň hezretiYbraýyma bolan ynaýaty diňehezreti Ybraýyma çäkli däldir eýsem her kim ýagşy ynsan bolsa we hudaýlykly ynsan bolsa Allanyň lutfyynaýaty onuň başyndan ýagýandyr" diýip aýdýar.
Dogrudanda her kim hezreti Ybraýym ýaly Allanyň emrine boýun bolsa Allanyň ýörite lutfyynaýatyndan paýly boljakdyr we bu mesele taryh boýunda hemişe bolup gelendir .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Taňry tagala gurhanda öz resullaryna we pygamberlerine salam salawat iberendir ýöne yslam pygamberi barada Alladan başga perişdeler hem yslam pygamberine salam salawat iberýändirler şeýlede Taňry tagala möminlerden hem , yslam pygamberine salam salawat ibermeklerini isländir.
2-ýagşy işler dünýäde we ahyretdeserpaýsyz galmazlar .
3- Allanyň ýagşy işlere serpaý berip telek işlere jeza bermegi bir ylahy kada esasyndadyr we bu meselede göwün hatyryň ýeri ýokdur.
Saffat süresi, 112 we 113-nji aýatlar :
وَبَشَّرْنَاهُ بِإِسْحَاقَ نَبِيّاً مِّنَ الصَّالِحِينَ (112) وَبَارَكْنَا عَلَيْهِ وَعَلَى إِسْحَاقَ وَمِن ذُرِّيَّتِهِمَا مُحْسِنٌ وَظَالِمٌ لِّنَفْسِهِ مُبِينٌ (113)
<< we ony Eshak bilen buşladyk ( Eshak ) salyhy pygamberlerden-di .// we oňa we Eshaga bereket bagyş etdik we olaryň ikisiniň yzynda galanlaryň kä birleri ýagşydyrlar we ( kä birleri ) hem äşgär suratda özlerine sütem edýändirler .>>
Gurhan kerim geçen aýatlarda hezreti Ybraýymyň perzendi bolan Ysmaýyldan atçekip ony bir sabyrly oglan tanatmakdan soň bu aýatlarda hezreti Ybraýymyň ikinji perzendi bolan Eshakdan at çekýär we onuň pygamber boljakdygy barada Allanyň hezreti Ybraýymy habarly edendigini aýdýar .
Hezreti Eshak beýleki pygamberler ýaly salyhy ynsanlardan-di şonuň üçin Allatagala onuň üstünden özüniň lutfyynaýatyny inderdi we bäni Ysraýylyň pygamberlerini hezreti Eshagyň neslindegoýdy.elbetde yslam pygamberi hezretimuhammet (s.w) hezreti Ysmaýylyň neslindendi.
Gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda : elbetde hezreti Eshakdan önen ynsanlaryň hemmesi ýagşy ynsanlar bolmadylar olaryň içinde bir- birlerine sütem edýän zalymlar hem boldy diýip aýdýar .
Elbetde hudaýlykly ynsanlardan amala gelýän adamlaryň içinden hem zalym we günäkär adamlaryň döremegi geň zat däldir we her bir ynsan özüniň erk-ygtyýary bilen gönä etjek diýsegönä edip bilýändir we sogap etjek diýse sogap edip bilýändir .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- päk ynsanlaryň hem näpäk we teleke perzentleriniň bolmagy mümkindir . palan üwliýanyň ýada pygamberiň perzendi bolmaklyk öz-özünden ynsan salyhylaryň hatarynda ýerleşdirýän däldir eýsem ynsan özüniň erk-ygtyýary bilen edýän amallary bilen salyhylaryň ýada gümralaryň hatarynda ýerleşýändir.
2-hezreti Ybraýymyň öz perzentleri we handany hakynda eden ýagşy doga – dilegleri , ondan amala gelen Ysmaýyl bilen Eshagyň we olardan amala gelen nesilleriň allanyň lutfyynaýatyna gabat gelmeklerine şert döredendir.