Feb 24, 2019 19:22 Asia/Ashgabat

bölüm,828,süre, Saffat,Aýat 114-122

راهی بسوی نور (828)

Saffat süresi, 114 – 115 we 116-njy aýatlar :

وَلَقَدْ مَنَنَّا عَلَى مُوسَى وَهَارُونَ (114) وَنَجَّيْنَاهُمَا وَقَوْمَهُمَا مِنَ الْكَرْبِ الْعَظِيمِ (115) وَنَصَرْنَاهُمْ فَكَانُوا هُمُ الْغَالِبِينَ (116)

<<>>

Geçen gepleşikde guran kerim ,Taňry tagalanyň hezreti Ybraýym(a.s) bagyş eden nygmatlaryny ýatlap geçdi gurhan kerim bu aýatlarda hem Taňry tagalanyň hezretiMusa(a.s) bilen onuň dogany HezretiHaruna bagyş eden nygmatlaryny ýatlap : Alla olara nygmat berip olary gadyrlady diýip aýdýar . gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda Allanyň hezretiMusa bilen Haruna bagyş eden nygmatlaryny açyklap : Alla , Musa bilen Haruny we bäni Ysraýyl kowumyny Fyrawnyň elinden halas edip olary duşmana üstüm etdi diýip aýdýar .

Dogrusy hezreti Musanyň zamanasynda Müsür ýurdyna hökmirowanlyk edýän Fyrawn gaty zalym bolupdyr ol bäni Ysraýyl kowumyna kän sütemleri edipdir olaryň erkek adamlaryny gul edip saklaýan-myş zenanlaryny bolsa gyrnak edip işledýän-myş we erkek çagalaryny hem öldürýän-myş, şeýle bir ýowuz ýagdaýlarda hezretiMusa Allanyň emri bilen bäni Ysraýyl kowumyny Fyrawnyň elinden halas etmekligeborçly edilýär.hezretiMusa bolsa ýüregindäki iman güýji bilen bäni Ysraýyl kowumyny azat etmek üçin meýdana girip köp kynçylyklary çeken soň bu işiň hötdäsinden gelip bäni Ysraýyl kowumyny Fyrawnyň elinden azat etmegi başarýar. Allanyň hezretiMusa we onuň kowumyna gadyr goýmak üçin hem olar allanyň gudraty bilen Nil derýasyny böwsüp ondan geçdiler ýöneFyrawn we onuň leşgeri Nil derýasynda gark bolup ýok oldular. şeýlelik bilen bäni Ysraýyl kowumynyň eli boş bolsada allanyň beren hemaýatlary bilen doly ýaraga beslenen Fyrawnyň leşgerineüstüm çykdy . Fyrawn we onuň ýaranlarynyň ýok olmaklaryndan soň hem bäni Ysraýyl kowumy olaryň mal-mülklerine we baýlyklaryna eýe boldular .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Allanyň ozalky pygamberlere ýetiren hemaýatlaryny ýatlamaklyk möminleriniň ýürekleriniň ynjalyk tapmagyna sebäp bolýandyr.

2- gam- gussalaryň sawlup asudalyga ýetmeklik Allanyň öz bendelerine bagyş eden nygmatlaryndandyr .

3- pygamberler we üwliýalar hemişe ynsanlary sütemiň astyndan halas etmegiň yzynda bolandyrlar , haçanda mazlum ynsanlar zalymlaryň süteminden halas bolanlarynda ylahy ynsanlar ynjalyk tapýandyrlar .

Saffat süresi, 117 – 118 we 119-njy aýatlar :

وَآتَيْنَاهُمَا الْكِتَابَ الْمُسْتَبِينَ (117) وَهَدَيْنَاهُمَا الصِّرَاطَ الْمُسْتَقِيمَ (118) وَتَرَكْنَا عَلَيْهِمَا فِي الْآخِرِينَ (119)

<< biz ol iki adama ýagtylyk berýän kitaby bagyş etdik // we olaryň ikisini dogry ýola hedaýat etdik //we  geljek nesilleriň arasynda olardan ( ýagşy at ) galdyrdyk .>>

Fyrawnyň elinden azat edilmekden soň gurhan kerim bu aýatlarda bir ynsanyň we köpçüligiň bagtyýarlygynda möhüm rola eýe bolan asmanlyk kitabyň inderilmegineyşarat edýär . dogrusy Fyrawnyň elinden halas bolan köpçülik ýaňadan ýene bir betbagtçylyga uçramajak bolsa hökman kanuna we ylahy ýolbaşçylara mätäçdir. şonuň üçin hem Taňry tagala fyrawnyň süteminden halas bolan bäni Ysraýyl kowumyna hezretiMusa (a.s)ypygamber edip ibermek bilen Turat kitabyny hem olara bagyş edendir .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanlaryň sütemkärleriň elinden halas bolmaklary olaryň hedaýat bolup Alla ýakynlaşmaklaryna şert döredýändir .

2- asmanlyk kitap ynsana dogry ýaşamagy öwredýändir .

3- Taňry tagala özüniň iberen pygamberlerinden uly we ýagşy ynsanlar hökmünde at tutandyr . dogrusy ýagşy at ylahy pygamberleriň halyk arasyndaky tükenmez baýlygy bolandyr .

Saffat süresi, 120 , 121 we 122-nji aýatlar :

سَلَامٌ عَلَى مُوسَى وَهَارُونَ (120) إِنَّا كَذَلِكَ نَجْزِي الْمُحْسِنِينَ (121) إِنَّهُمَا مِنْ عِبَادِنَا الْمُؤْمِنِينَ (122)

<< salam bolsun Musa bilen Haruna // biz ýagşy ynsanlara şu hili serpaý berýändiris (olary şu hili sylaýandyrys ) // dogrudanda olaryň ikiside biziň mömin bendelerimizden bolandyrlar .>>

HezretiMusa we Harun hakynda bolan bu aýatlaryň soňunda Taňry tagala , pygamberlere salam salawat ibermegiň ähmiýetini möminlere bildirmek üçin hezretiMusa bilen Haruna salam salawat iberýär. Taňry tagala bu aýatlaryň dowamynda aýdýar: biziň bu iki pygambere we möminlere bolan lutfyynaýatymyz hemişelikdir we oňa tükenmeklik ýokdur we her kim her zamanda ýagşy işleri edip iman ählinden bolan bolsa biziň lutfyynaýatymyz onuň üstünden injekdir .

Gurhan kerim bu aýatlaryň soňkysyndaHarun bilen Musaň Allanyň emrine doly boýundyklaryna yşarat edip : olar biziň yhlasly mömin bendelerimizden bolandyrlar diýip aýdýar. Dogrusy gurhan kerim , bütin pygamberleri allanyň yhlasly mömin bendeleri hökmünde tandandyr . bu ýerde bende ybadatyndan maksat Alla gul bolmakdyr.Edil bir gulyň öz arbabyna gulluk edişi ýaly bir bende hem öz Taňyrsyna gulluk edip onuň emrinden çykmaly däldir . edil pygamberler şeýle bir ynsanlar bolup yhlas bilen Alla bendelik edendirler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1-öwliýalar we ylahy ynsanlara salam-salawat ibermeklik ýagşy işdir we Taňry tagala hem bu meseläniň ähmiýetini nygtandyr.

2- diniň magaryflaryny wagyz edip köpçüligi dogry ýola çagyrmaklyk bir hili ehsan etmeklik hasaplanýandyr we bu mesele bolsa ylahy ynsanlaryň ýöriteliklerindendir.

3- Taňry tagala , sahy we ýagşy ynsanlary hiç mahal özüniň lutfyynaýatyndan mahrum eden däldir, bu mesele bir ylahy kada hökmünde taryh boýunda elmydam bolup durandyr.

 

//////////////////